Žan-Klod Dekonyň höweslendiriji hekaýasy
Žan-Klod Deko ýaş wagtynda Parižiň binalarynyň diwarlaryna bildirişler ýelimläp gazanç edipdir. Ýerli häkimiýet bu işi bikanun diýip yglan edeninde onuň azajyk girdejisi hem birden gutarypdyr. Şonda Deko has gowy pikir gelipdir. Bu pikir bildirişleri asmagy dowam etdirmäge mümkinçilik berýän, şol bir wagtyň özünde-de, ýaşaýşyň hiline we şäheriň abadanlaşdyrylmagyna goşant goşýan pikir bolupdyr.
Dekonyň ylhamy bir ýagyşly gün awtobusa garaşýan öl-myžžyk bolan adamlary görende gelipdir. Deko awtobus duralgalaryny mugt gurup, deregine bolsa mahabatlandyrmak hukugyny almagyň pikirini edipdir. Ol bu teklip bilen Lionyň häkiminiň ýanyna barypdyr we rugsat alypdyr. Şol ýagyşly güni dünýädäki iň uly köçe enjamlary gurnaýan kompaniýanyň döredilen güni hasaplamak bolar - 1999-njy ýylda onuň esasan mahabatdan alýan girdejisi 1,4 milliard boldy.
Häzirki wagtda JCDecaux S.A.-nyň köçe enjamlary dünýäniň 1200-den gowrak şäherinde oturdyldy. 1999-njy ýylyň başynda Ýewropanyň iň uly bildiriş öndürýän we gurnaýan kompaniýasy bolan “Havas Media Communication - Outdoor Advertising-i" edindi we 31 ýurda we 11 000-den gowrak şähere ýaýrady.
Kompaniýa köp ýyllaryň dowamynda köçe enjamlary pudagyndaky tekliplerini awtobus duralgalaryndan we kiosklardan gazet stendlerine, ýol belgilerine, ýol çyralaryna, zibil atylýan bedrelere, dyzeperlere, interaktiw maglumat panellerine we awtomatiki jemgyýetçilik hajathanalaryna çenli giňeltdi.
"Ýerli häkimiýetler üçin ilkinji mahabatly awtobus duralgalaryny mugt döredenimde köne enjamlar meselesini çözmek isledim, aşa köp we görnüksiz bolan mahabatlara garşy göreşmek we ýokary hilli mahabatyň netijeliligini görkezip, oňa täze gymmatlyk bermek isledim" - diýip, iki ogly Žan-Fransua we Žan-Çarlz bilen bilelikde hususy kompaniýasyny dolandyrýan Deko aýdýar. "Biziň esasy maksadymyz şäheri arassa saklamak we şäherlilere zerur hyzmatlary bermekdir".