Melissa Urbanyň "Serhetler kitaby" (The Book of Boundaries)
"Serhetler Kitaby" (The
Book of Boundaries) Bilen Durmuşy Dolandyrmak: Möhüm “Ýok” Diýip bilmek Sungaty
Aşa baglanyşyklylyk we yzygiderli ylgaw medeniýetiniň höküm sürýän
döwründe, şahsy mümkinçiliklerimiz biziň iň gymmatly we iň köp ulanylýan serişdämize
öwrüldi. Biz köplenç özümizi aşa ýadan, gaharjaň we ruhy taýdan tükenen
ýagdaýda tapýarys. Bu biziň işimizi başarmaýandygymyz ýa-da dostlarymyzy
söýmeýändigimiz üçin däl-de, eýsem öz asuda durmuşymyzy gorajak gurluşyň
(arhitekturanyň) ýoklugy sebäplidir. Melissa Urbanyň "Serhetler
kitaby" (The Book of Boundaries) şol gurluşy gurmak üçin gollanma
bolup hyzmat edýär.
Urban serhetleri adamlary daşarda saklamak üçin gurlan diwarlar däl-de,
eýsem "seni we özümi bir wagtda söýüp biljek uzaklygym" diýip
kesgitleýär. Bu garaýyş serhetleri şahsy bähbitli prinsipler däl-de, sagdyn we
durnukly gatnaşyklar üçin esasy şert hökmünde görkezýär. Onuň işiniň esasy
ýörelgelerine esaslanyp, wagtyňyzy, energiýaňyzy we ruhy saglygyňyzy nädip
yzyna almalydygy barada giňişleýin maglumat:
1. Esasy Şert: Özüňi Tanamak we
Zerurlyklar
Başga birine öz çägiňizi aýtmazdan ozal, ony ilki bilen özüňiz bilmeli we
duýmaly. Serhet goýmak içki söhbetdeşlikden başlaýar. Zerurlyklaryňyzy
düşüniň — bu Urbanyň pelsepesiniň birinji sütünidir.
Biziň köpümiz kalendarymyza ýa-da energiýa derejämize seretmezden, islendik
haýyşa "howwa" diýip, "awtomatiki boýun egme" ýagdaýynda
ýaşaýarys. Özüňi tanamak, islendik ýagdaýda sagdyn we rahat bolmak üçin näme
gerekdigini anyklamagy öz içine alýar. Bu siziň fiziki we emosional
duýgularyňyza üns bermegiňizi talap edýär:
- "Uf" pursady: Habarnama gelende emele
gelýän gorky ýa-da ýürekgysma duýgusy.
- Fiziki dartgynlylyk: Bir adam "haýyş"
bilen ýüzlenende göwräňiziň gysylmagy ýa-da äňiňiziň dartylmagy.
- Gahar-gazap: Serhediň eýýäm
geçilendiginiň iň aýdyň alamaty.
2. Aýdyňlygyň Gurallary – Düşnükli
dilde öz serhediňizi beýan etmek
Serhet goýmakda iň köp goýberilýän ýalňyşlyk — garşy tarapyň göwnüne
degmezlik üçin düşnüksiz dilde geplemekdir. Emma ýazyjy Aýdyň Aragatnaşygyň
– düşnükli we sada dilde aýtmagyň iň oňat ýoldugyny nygtaýar.
Biz göni we düşnüksiz bolmadyk dili ulananymyzda, düşünişmezliklere we
geljekki gapma-garşylyklara sebäp boljak "garaňky nokatlary" aradan
aýyrýarys. Öz çäkleriňizi aşa düşündiriş bermezden ýa-da ötünç soramazdan açyk
paýlaşmak, garşyňyzdaky adamyň çyzygyň nireden çekilendigini anyk bilmegini
üpjün edýär. Meselem: "Bilemok, barmaga çalşaryn, işim kän"
diýmegiň deregine, "Bu gezek gatnaşyp bilmerin, ýöne çäräňiziň şowly
geçmegini arzuw edýärin" diýip görüň.
3. Nokadyň Güýji
Awtoryň kitabyndaky iň uly sapaklaryň biri: "Ýok – bu doly
sözlemdir." Biz köplenç "düşündiriş bergi" duýgusyny başdan
geçirýäris, ýagny "ýok" diýenimizde hemmelere jikme-jik delil
görkezmeli diýip düşünýäris. Biz öý işlerimizi, ýadawlygymyzy ýa-da maşgala agzamyzyň
öňündäki jogapkärçiliklerimizi edil kazyýetde subutnama hökmünde görkezýäris.
Ýöne öz çäkleriňizi goranyňyz üçin hiç kime düşündiriş bermäge borçly dälsiňiz.
Siz sebäp görkezeniňizde, garşy tarapa çözülmeli "mesele"
berýärsiňiz. Eger "Ulagym ýoklugy sebäpli baryp biljek däl" diýseňiz,
olar size ulag hödürlär. Emma "Ýok, sag boluň" diýseňiz, gürrüň şol
ýerde tamamlanar. Öz mümkinçilikleriňiziň ýeke-täk eýesi ýene-de diňe Siziň
özüňizdirsiňiz.
4. "Anyk boluň emma anyklygyňyzy
mähirli dilde aýdyň" Pelsepesi
Serhet goýmak gödekdik ýa-da "erbetlik" diýen ýalňyş düşünje bar.
Tersine, awtor Anyk boluň emma anyklygyňyzy mähirli dilde aýdyň pelsepesiniň
iň dogry aragatnaşyk ýoludygyny aýdýar.
Serhet goýmak şahsy bähbit däl-de, özüňe ideg etmekdir. Ýumşak emma
kesgitli bolmak bilen, siz özüňize bolan hormaty saklaýarsyňyz we şol bir
wagtyň özünde garşy tarapa hem hormat goýýarsyňyz. Serhetlerdäki mähirlilik
şeýle görünýär:
- "Men" sözlemlerini ulanmak ("Häzir maňa biraz
dymyşlyk gerek").
- Garşy tarapyň niýetini ykrar etmek ("Çakylygyňyz üçin
minnetdar, ýöne...").
- Yzygiderli bolmak (adamlar sizden nämä garaşmalydygyny biler ýaly).
5. Durmuşy Gatnaşyklary
Dolandyrmak
Jemgyýetçilik borçlary biziň energiýamyzy iň köp sarp edýän zatlaryň biri
bolup biler. Awtor sosial ulgamlardaky basyş bolsun ýa-da dostlaryňyz
tarapyndan bildirilýän talaplar bolsun, Sosial Serhetleriň Kadalydygyny
ýatladýar.
Wagtyňyzy we energiýaňyzy sosial borçlardan ýa-da Size bildirilýän
talaplardan goramak, uzak möhletleýin ruhy saglygyňyz üçin zerurdyr. Mysal üçin:
- Biynjalyk edýän toparlaýyn çatlaryň (gruppalaryň) sesini öçürmek.
- Siziň gymmatlyklaryňyza laýyk gelmeýän çakylyklary ret etmek.
- Oturyşmalarda boljak wagtyňyza öňünden çäk goýmak. “Men gelerin
nesip bolsa, ýöne 1 sagatdan gaýtjak”
6. Iş Durmuşyndaky Serhetler
Iş ýeri, megerem, serhetleriň iň köp synalýan ýeridir. Öýden işlemek
şertlerinde öý we iş arasyndaky çyzyk ýitip barýarka, Işdäki Serhetler
ruhy taýdan tükenmezlik üçin möhümdir.
Anyk kesgitlenen çäkler — meselem, sagat 18:00-dan soň e-poçtalara jogap
bermezlik ýa-da gün tertibi belli bolmadyk ýygnaklara gatnaşmazlyk — siziň
hünär mertebäňizi gorar. Eger siz yzygiderli düzgünleri goýsaňyz (mysal üçin: "Eger
maňa dynç güni hat ýazsaňyz, men size duşenbe güni irden jogap bererin"),
siz başgalara öz wagtyňyza nähili hormat goýmalydygyny öwredersiňiz.
Netije: Erkinlige ýetmek üçin Çäk
Goýmak
Melissa Urbanyň "Serhetler kitabynyň" iň uly hakykaty şudyr: Çäkler
erkinlige alyp barýar. Haçan-da biz islemeýän zatlarymyz üçin energiýa sarp
etmegimizi bes etsek, söýýän zatlarymyz üçin has köp güýjümiziň bardygyny
göreris. Serhet goýmak "kyn adam" bolmak däl-de, özüňe we özgelere
garşy dogruçyl bolmakdyr.
Kitabyň maslahat berşi ýaly: Sizi erkin etjek çäkleri goýuň.
Serhet Goýmak Üçin Gysgaça Gollanma:
- Anyklaň: Nirede gahar ýa-da özümi
oňaýsyz duýýaryn?
- Beýan ediň: Çägiňizi anyk we ötünç
soramazdan aýdyň.
- Ýönekeýleşdiriň: Ýatda saklaň,
"Ýok" sözi düşündiriş talap etmeýär.
- Gaýtalaň: Yzygiderlilik serhedi
hakyky edýän zatdyr.