Atomik endikler: Uly netijäniň kiçi ädimleri
Biz köplenç täze ýyl öňýanynda ýa-da bir möhüm maksat goýanymyzda, uly zatlary meýilleşdirýäris: “Men sport bilen başlaryn!”, “Men günümde 50 sahypa kitap okaryn!”, “Men hiç haçan gijä galmaryn!” Emma birnäçe hepde geçmänkä, öňki endiklerimize dolanýarys. Näme üçin beýle bolýar? Sebäbi uly üýtgeşiklikler bir günde döremeýär. Şol ýerde atomik endikler diýip atlandyrylýan güýçli usul sahna çykýar.
Atomik Endik Näme?
Atomik endik – bu uly maksatlaryň ýerine kiçijik, aňsat ýerine ýetirip bolýan endikleri girizmekdir. Olar atom ýaly ownuk, emma güýçli täsir edýär.
Mysal üçin:
Uly maksat: Her gün 50 sahypa kitap okamak.
Atomik endik: Her gün diňe 2 sahypa okamak.
Bu näme üçin täsirli? Sebäbi uly maksatlaryň basyşy ýok bolýar. Kiçi endikleri başlamak aňsat, dowam etdirmek bolsa has ýeňil bolýar.
Näme üçin Atomik Endikler Işleýär?
1. Psihologik garşylygy azaltýar. Beýnimiz uly üýtgeşiklikden gorkýar, emma ownuk ädimlere garşy çykmaýar.
2. Ulgam döretýär, maksat däl. Maksat – netijedir. Endik – yzygiderli hereketdir. Maksatlaryň ýerine ýetirilişi diňe bir gezek bolýar, endikler bolsa hemişelik täsir edýär.
3. Güýçli birleşme döredýär. Kiçijik endikler wagtyň dowamynda ulalyp, täze şahsyýetiňizi döredýär.
Näme Edip Başlasa Bolýar?
1. Bir ädim saýla: Mysal üçin, sport bilen başlamak isleýän bolsaň, ilkinji gün diňe 1 minut maşk et.
2. Mevcut endige ýapyş: Diş arassalanyňdan soň 1 minut maşk et. Bu usula “habit stacking” diýilýär.
3. Netijä däl, yzygiderlilige üns ber: “Her gün 1 minut maşk ederin” diý, “3 aýda 10 kg ýitirerin” däl.
Kiçijik Ädimleriň Uly Netijesi
Bir ýylyň dowamynda her gün diňe 1% gowulaşsaň, ýylyň ahyrynda özüňi 37 esse gowulaşdyrarsyň. Bu matematiki hakykat: 1.01^365 ≈ 37.
Günlük kiçijik endikler – geljegiň güýçli gurallary. Uly maksatlaryň basyşyndan gorkma. Kiçi ädimler bilen başla, sebäbi üýtgeşiklikleriň güýji – dowamlylykda.
Atomik endikler – uly üstünlikleriň kiçijik gurluş daşlary. Sen bir günde täze şahsyýet bolup bilmersiň, emma her gün 1% gowulaşyp bilersiň. Ýatdan çykarman: “Biz öz maksatlarymyzyň derejesine däl, endiklerimiziň derejesine çenli ýetýäris.”