Okan her kitabyňyzdan köpräk zady ýatda saklamagyň 7 ýoly

Aug 29, 2025 - 07:09
Aug 29, 2025 - 07:36
 1  31
Okan her kitabyňyzdan köpräk zady ýatda saklamagyň 7 ýoly

Köp kitap okamagyň köp peýdasy bar. Meniň iň halaýan pikirim bolsa şu: Gowy bir kitap size öňki başdan geçiren zatlaryňy başgaça düşünmäge kömek edýär.

Her gezek täze pikir ýa-da model öwreneniňizde, beýniňiz täzeleşen ýaly bolýar. Şol wagt öňki bilýän zatlaryňyza täzeçe seredip bilýärsiňiz. Köne zatlardan täze sapak alýarsyňyz. Patrick O'Shaughnessy şeýle diýýär:

"Okamak geçmişi üýtgedýär."

Emma bu diňe okaýan zatlaryňyzy hakykatdan-da özleşdirip we ýatda saklanyňyzda mümkin. Ýöne bilim diňe saklanylanda köpelýär. Diýmek, mesele diňe köp kitap okamakda däl, her kitabyňyzdan mümkin boldugyça köp peýda almakda.

Elbetde, kitap okamagyň maksady diňe bilim almak däl. Lezzet üçin ýa-da güýmenje üçin okamak hem gowy. Ýöne bu makalada biz öwrenmek üçin okaýarys. Şonuň üçin men size kitaplary has peýdaly we düşünip okamagyň käbir usullaryny görkezmek isleýärin.

1. Köp kitapdan başlaň we gerek bolanda goýuň

Bir zadyň okamaga mynasypdygyny bilmek köp wagt almaýar. Ýokary hilli ýazuw we ýokary derejeli pikirler bada-bat görnüp durýar.

Şonuň üçin, köp adam belki hemme kitaby başyndan ahyryna çenli okamaga çalyşmagyň ýerine, kitaplary has köp başlamalydyr. Bu her bir kitaby sahypa-sahypa okamak diýmek däl. Siz mazmun sahypasyny, bölümleriň atlaryny we kiçi bölekleriň atlaryny çalt gözden geçirip bilersiňiz. Gyzykly bir bölüm saýlaň we birnäçe sahypa okaň. Belki, kitabyň içinden geçip, ýazylyp goýlan möhüm bellikleri ýa-da tablisa görnüşindäki maglumatlary gözden geçiriň. On minutda bu kitabyň nähili derejededigini bilip bilersiňiz.

Soňra iň möhüm ädim: Kitaplary çalt goýuň(taşlaň) we bu barada hiç hili utanç ýa-da günä duýmaň.

Ömrüňiz ortaça(pes) kitaplary okamak üçin gaty gysga. Mümkinçilik çykdajysy örän ýokary. Okamaga mynasyp şeýle köp ajaýyp kitap bar. Stripe-yň esaslandyryjysy Patrik Kollison şeýle diýýär:

“Ömrüňiz şu wagt bilýän iň gowy kitaby okamaga ýetmez ýaly gysga.”

Meniň maslahatym şeýle:

Köpräk kitaba başlaň. Köpüsini goýuň. Ajaýyplaryny iki gezek okaň.

2. Derrew Ulanyp Biljek Kitaplary Saýlaň

Okan zatlaryňyzy has gowy ýatda saklamagyň bir ýoly – derrew durmuşa geçirip boljak kitaplary saýlamak. Okaýan ideýalaryňyzy amaly durmuşa geçirmek olary beýniňizde saklamagyň iň gowy usulydyr. Amaly tejribe örän täsirli öwrenişdir.

Ulanyp boljak kitap saýlamak üns bermäge we maglumatlary ýatda saklamaga güýçli sebäp döredýär. Mysal üçin, siz bir iş açjak bolsaňyz, satuw baradaky kitapdan mümkin boldugyça köp zat öwrenmek üçin uly höwes tapýarsyňyz. Şeýle hem biologiýa ugrundan işleýän adam “Nesilleriň Döreýşi” diýen kitaby bir adaty okaýjydan has ünsli okaýar, sebäbi ol onuň gündelik işi bilen gönüden-göni baglanyşykly.

Elbetde, her kitap derrew durmuşa geçirip boljak praktiki gollanma däldir. Köp kitaplardan paýhas tapyp bolýar. Ýöne meniň pikirimçe, gündelik durmuşa degişli kitaplary has gowy ýatda saklap bolýar

3. Gözlenip Bilinýän Bellikler Dörediň

Okan zatlaryňyz boýunça bellikler etmegi endik ediniň. Bu uly taýýarlyk ýa-da çylşyrymly ulgam bolmaly däl. Diňe möhüm bölekleri belläň we aýratyn görkezmäge üns beriň.

Men muny okaýan görnüşime görä dürli usullar bilen edýärin:

  1. Kindle-da okanymda möhüm bölekleri belläp goýýaryn.
  2. Audiokitap diňlänimde gyzykly sözlemleri ýazyp goýýaryn.
  3. Print kitaplarda sahypalary bukup bellikler geçirýärin.
  4. Esasy zat: bellikleriňizi gözlenip bilinýän görnüşde saklamak.

Men Evernote ulanýaryn, sebäbi:

  1. Gözleg edip bolýar.
  2. Köp enjamda ulanmak aňsat.
  3. Internet ýok wagty hem bellik döredip bolýar.

Siz hem bellikleriňizi sanly ýa-da kagyz görnüşde saklap bilersiňiz. Ryan Holiday her bir belligi indeks kartoçkasyna ýazmagy we ony tema boýunça ýygnamagy maslahat berýär.

Esasy pikir: Bir ideýa diňe siz ony gerek wagty tapyp bilseňiz peýdaly.

4. Bilim Agajyny Birleşdiriň

Bir kitabymy bilim agajyna meňzedip bilersiňiz: esasy düşünjeler onuň törüni(esasyny), jikme-jiklikler bolsa şahalaryny döredýär. Täze maglumatlary öňki düşünjeler bilen baglanyşdyrmak okalan zatlary ýatda saklamagy ýeňilleşdirýär.

Mysallar:

  • The Tell-Tale Brain kitabyny okaýarkam, Ramachandranyň pikiri Brené Brown-yň pikirleri bilen baglanyşykly boldy.
  • The Subtle Art of Not Giving a F*ck kitabyndaky pikiri Paul Graham-yň  bilen gabat geldi.
  • Mastery kitabyny okaýarkam, genetika we öndürijilik bilen baglanyşykly pikirleri tapdym.

Charlie Munger şeýle diýýär:

"Eger siz okaýan zadyňyzy onuň düýp gurluşy bilen baglanyşdyrmagy endik etseňiz, kem-kemden biraz paýhas toplarsyňyz."

5. Gysgaça Mazmun Ýazyň

Kitap gutarandan soň, ony diňe üç sözlemde jemlemäge synanyşyň. Bu oýun ýaly bolup görünýär, ýöne ol sizi kitabyň iň möhüm bölekleri barada pikirlenmäge mejbur edýär.

Soraglar:

  1. Esasy ideýalar näme?
  2. Häzirki wagtda haýsy ideýany durmuşa geçirerdim?
  3. Dostuma bu kitaby nädip düşündirerdim?

Eger kynçylyk çekseňiz, Feynman usulyny ulanyň: kitabyň adyny ýazyp, ony hiç haçan eşitmedik adama düşündirýän ýaly düşündiriň. Bu usul düşünjäňizdäki boşluklary görkezýär.

6. Temany Çar Tarapdan Öwreniň

Thomas Aquinasyň şu sözlerini ýada salyň:

"Diňe bir kitap bilen çäklenen adamdan gorkuň."

Bir tema boýunça diňe bir kitap okasaňyz we ony tutuş ynançlaryňyzyň esasyna öwürseňiz, bu näderejede dogry bolup biler? Şeýle hem diňe öz şahsy tejribäňizden ugur almak hem uly çäklenme döredýär. Morgan Housel şeýle diýýär:

"Şahsy tejribäňiz dünýäde bolup geçen zatlaryň diňe 0,00000001%-ni düzýär, ýöne dünýäniň nähili işleýändigini pikir edişiňiziň 80%-ni düzýär."

Bu meseläniň çözgüdi – şol bir tema boýunça birnäçe awtoryň kitaplaryny okamak. Meselelere dürli nukdaýnazarlardan serediň we şahsy tejribäňizden çykmaga synanyşyň.

7. Iki Sapar Okamagy Unutmaň

Beýik kitaplary iki gezek okaň. Karl Popper şeýle diýýär:

"Okalmaga mynasyp zat diňe iki gezek däl, gaýta-gaýta okalmaga mynasypdyr."

Sebäbi siz ilkinji gezekden sypan zatlary ikinji gezek tapyp bilersiňiz. Şeýle hem durmuşdaky ýagdaýlaryňyz üýtgeýär, şonuň üçin täze sözlemler ünsüňizi özüne çekýär.

Nassim Taleb şeýle maslahat berýär:

"Gowy kitap ikinji gezek okalanda has gowy bolýar. Beýik kitap bolsa üçünji gezekde."

Netije:

Bilim Köpeler, Eger Siz Ony Saklasaňyz

Bir kitap siziň durmuşyňyzy üýtgedip bilmez, ýöne her gün biraz paýhas toplamak ömrüňizi üýtgedip biler. Şonuň üçin diňe köp kitap okamagy däl, eýsem her kitabyňyzdan köp peýda almagy maksat ediniň.

Atomic_habits Her gün 1% kämilleş (Jamesclear.com)