Iň täze “Honor 500” we “Honor 500 Pro” gelýär: aýratynlyklary barada ilkinji maglumatlar
Honor uly batareýaly berk Honor GT 2-ni taýýarlaýar. Şu ýylyň ahyryna çenli Honor diňe bir Magic8 seriýasynyň düýbünden täze flagmanlaryny däl, eýsem Honor 500 seriýaly orta býudjetli smartfonlaryň täze neslini hem hödürlär. Olar hakda ilkinji maglumatlar meşhur insaýder Digital Chat Station tarapyndan aýan edildi.
Maglumat beriji Honor 500 seriýasynda 200 megapiksellik kameraly we diagonallaýyn 6.55 dýuýmlyk ekranly smartfonyň boljakdygyny habar berdi.
Honor "Snapdragon 8 Gen 5" ýa-da "Snapdragon 8 Elite 2" ýaly “Qualcomm” platformaly, uly batareýaly (kuwwatlylygy 8800 mA/sag bolar diýen myş-myş bar), diagonallaýyn 6,83 dýuýmlyk ekranly “Honor GT 2-ni” hem taýýarlaýar. Honor GT 2-de 24 GB RAM we 1 TB fleş ýady bar diýilýär.