"Altyn top 2025-iň" eýeleri belli boldy

Sep 24, 2025 - 14:41
 0  25
"Altyn top 2025-iň" eýeleri belli boldy

France Football-yň guramaçylary 2025-nji ýylyň iň gowy futbolçysy üçin "Altyn top" ("Ballon d'Or") baýragynyň ýeňijilerini yglan etdiler.

Futboluň ýyldyzlary 22-nji sentýabr agşamy Parižiň Şatle teatryndaky gyzyl halyda duşuşdylar.

"Altyn topy" Usman Dembele aldy (Fransiýa, PSŽ).

2025-nji ýylda Usman Dembele PSŽ bilen ähli esasy kuboklara eýe boldy. 2024/25 Liga 1 çempiony boldy, Fransiýa kubogyny we Fransiýanyň Super kubogyny aldy. Iň uly ýeňşi 2024/25 Çempionlar ligasynyň gazanylmagy bolup, ol klubyň taryhynda ilkinji kubok boldy. Ondan soň Dembele we PSŽ 2025 futbol boýunça dünýä çempionatynda finalist boldy we 2025 UEFA Super kubogynyň ýeňijileri boldular.

Umumy reýtingiň ilkinji onlugy:

1. Usman Dembele (Fransiýa, PSŽ),

2. Lamin Ýamal (Ispaniýa, Barselona)

3. Witinýa (Portugaliýa, PSŽ)

4. Mohamed Salah (Müsür, Liwerpul)

5. Rafinýa (Braziliýa, Barselona)

6. Aşraf Hakimi (Marokko, PSŽ)

7. Kilian Mbappe (Fransiýa, Real Madrid)

8. Koul Palmer (Angliýa, Çelsi)

9. Janluiji Donnarumma (Italiýa, PSŽ / Man Siti)

10. Nunu Mendeş (Portugaliýa, PSŽ)

Altyn top 2025. Nominasiýa boýunça ähli ýeňijiler (erkekler)

Altyn top (iň gowy futbolçy): Usman Dembele (Fransiýa, PSŽ)

Kopa Kubogy (iň gowy ýaş futbolçy): Lamin Ýamal (Ispaniýa, Barselona)

Ýaşin Kubogy (iň gowy derwezeban): Janluiji Donnarumma (Italiýa, PSŽ)

Cruyff Kubogy (iň gowy tälimçi): Luis Enrike (Ispaniýa, PSŽ)

Muller Kubogy (iň gowy gol salyjy): Wiktor Dýekereş (Şwesiýa, Sporting)

Iň gowy erkek topary: PSŽ (Fransiýa)

Altyn top 2025. Nominasiýa boýunça ähli ýeňijiler (aýallar)

Altyn top (iň gowy futbolçy): Aýtana Bonmati (Ispaniýa, Barselona)

Kopa Kubogy (iň gowy ýaş futbolçy): Wiki Lopes (Ispaniýa, Barselona)

Ýaşin Kubogy (iň gowy derwezeban): Hanna Hempton (Angliýa, Çelsi)

Cruyff Kubogy (iň gowy tälimçi): Sarina Wigman (Niderlandiýa, Angliýanyň ýygyndysy)

Muller Kubogy (iň gowy gol salyjy): Ýewa Paýor (Polşa, Barselona)

Iň gowy aýallar topary: Arsenal (Angliýa)