"Theseusyň gämisi" paradoksy
Theseusyň gämisi – filosofiyada bir zadyň ähli bölekleri wagtyň geçmegi bilen çalşylyp durulmagy, onuň öňküsi ýaly şol bir zat bolup galýarmy ýa başga bir zada öwrülýärmi diýen soragy orta atýan paradoks we pikir synagydyr. Plutarkhosyň gürrüň beren gadymy grek rowaýatyna görä, Theseus Kritden ýeňiş bilen dolanyp gelenden soň onuň gämisi Afinada ýadygärlik hökmünde uzak wagtlap saklanypdyr. Wagt geçdigiçe gämidäki tagtalar çüýräp, täze tagtalar bilen çalşylypdyr. Ahyrynda gämide ilkinji tagtalaryň hiç biri galmandyr. Şonda sorag ýüze çykýar: bu gämi henizem Theseusyň gämisimi ýa-da başga bir gämi bolupdyrmy? Şu mesele gadymy filosoflaryň arasynda jedel döretdi.
Pompeýiden tapylan freskada Theseus bilen Ariadnanyň Kritden gaçyp çykmagy görkezilýär. Plutarkyň aýdmagyna görä, Afinliler gämä onlarça ýyllap seredipdirler, köne tagtalary çalşyp täze tagtalar goýupdyrlar. Şonuň üçin hem bu gämi ösüş we üýtgeşiklik baradaky düşünje meseleleriniň mysalyna öwrülipdir: bir tarap gäminiň öňküsi ýaly galandygyny, beýleki tarap bolsa onuň öňki däldigini aýdypdyr.
Asyrlar soň filosof Thomas Hobbes pikir synagyny giňeldýär.Ol aýdýar:
eger gämiden çykarylan çüýrän tagtalary kimdir biri ýygnap, soň olardan täze gämi gurup goýsa näme bolar? Şonda haýsy gämi "hakyky" Theseusyň gämisi hasaplanmaly? Afinlileriň täzeleýän gämisimi ýa-da şol çüýrük tagtalaryň gaýtadan birleşdirilip edilen gämisimi?
Hobbes iki dürli netijäni görkezýär:
1. Forma boýunça identiklik – öňki gäminiň maksady we görnüşi dowam edýän, materialy doly çalşylan bolsa-da şol bir gämi hasaplanýar.
2. Material boýunça identiklik – öňki gämidäki material saklanyp galan bolsa şol bir gämi. Ýöne ähli material çalşylsa, onda başga gämi bolýar.
Dürli garaýyşlar
Herakleitos – ähli zat hemişe üýtgeýär, şonuň üçin gämi ertesi günem, öňküsinden başga gämi bolýar.
Aristotel – bir zadyň dört sebäbi bar: şekil, material, maksat we dörediji güýç. Aristotele görä şekil we maksat üýtgemedik bolsa gämi öňki ýaly Theseusyň gämisi hasaplanýar.
Soňra başga bir sorag ýüze çykýar: eger ähli köne tagtalar ýygnalyp, ikinji gämi gurulsa, şolam Theseusyň gämisimi?
Bu paradoks häzirki hukuk meseleleri bilenem baglanyşyklydyr. Mysal üçin, eger bu gämi däl-de awtoulag bolan bolsady, ähli şaýlary çalşylanda şol awtoulag öňküsi ýaly galýarmy? Şassi belgisi üýtgese, täze ulag diýlip hasaplanmalymy? Sigorta polisiýasy dowam edermi?
Paradoks şahsyýet baradaky soraglara hem degişli:
Adamyň ähli organlary täzelenip çalşylyp goýlup bilse, ol adam öňki ýaly şol bir adammy?
Ýa-da ömrümiz dowam edýän döwründe bedenimizdäki ähli atomlar täzelense, şol ömri dowam edýän şol bir adam diýlip bilermi?