Oslonyň ajaýyp "Gaplaň" heýkeli
Oslodaky bürünçden ýasalan gaplaňyň heýkeli iň köp surata düşülýän ýerleriň birine öwrüldi we Oslo Merkezi demirýol menziline baranyňyzda ilkinji görýän zatlaryňyzdan biridir.
Bürünç gaplaň 2000-nji ýylda 1000 ýyllygyny bellän Oslo şäherine Eiendomsspardan sowgat boldy. Onuň uzynlygy 4,5 metr bolup, Elena Engelsen tarapyndan ýasalandyr. Oslo şäheriniň özi gaplaň isledi. Bu siziň pikiriňizçe geňmi? Elbetde, munuň bir sebäbi bar! Oslonyň lakamy: Tigerstaden (Gaplaň şäheri). Bu at ilkinji gezek norwegiýaly şahyr Børnstjerne Børnsonyň "Sidste Sang" (1870), ýagny, "Soňky aýdym" atly goşgysynda ulanylypdyr. Goşgynyň at bilen gaplaňyň arasyndaky söweşi beýan edýändigi aýdylýar. At howpsuz obany, gaplaň bolsa howply şäheri aňladýar. Häzirki wagtda lakam şol manyda bolman, tolgundyryjy we ýakymly wakalardan doly şäheri suratlandyrýar.
Heýkeli görmek isleseňiz Jernbanetorgetde merkezi wokzalyň öňündäki meýdança size garaşýar!