"Emmy-2025" baýraklarynyň ýeňijileri

Sep 18, 2025 - 18:04
Oct 1, 2025 - 11:05
 0  17
"Emmy-2025" baýraklarynyň ýeňijileri

Los–Anjelesde 77-nji “Primetime Emmy” baýrak gowşurylyş dabarasy boldy. Iň ýokary teleýaýlym baýragyna dalaşgärler 2024-nji ýylyň 1-nji iýunyndan 2025-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli ýaýlyma berlen seriallar we teleýaýlym filmleri boldy.

Agşamyň iň uly ýeňijileri “The Pitt” we “The studio” boldy. "The Pitt" dramasy öz kategoriýasynda iň gowusy diýlip ykrar edildi, "The studio" komediýasy bolsa 13 baýrak aldy we täze komediýa seriallarynyň arasynda iň köp ýeňiş gazanyp, geçen ýyl 10 heýkel gazanan öňki "The bear" -dan öňe geçdi. Mundan başga-da, “The studio-da” baş keşbi janlandyran Seth Rogen bir gijede iň köp "Emmy" gazanmakda şahsy rekordy goýdy.

Dabarada taryhy pursat 15 ýaşly Owen Cooperiň sylaglanmagy boldy. Ýaş aktýor "Adolescence" Netflix seriýalyndaky roly bilen taryhda iň ýaş ýeňiji boldy. Serialyň özi "Iň oňat mini seriýal ýa-da antologiýa" ýaly ugurlar boýunça bäş heýkeli gazandy.

Agşamyň beýleki ýeňijileri hökmünde drama seriýalynda görnükli baş aktýor baýragyny alan Noah Wyle (“The Pitt”), drama seriýalynda görnükli baş aktrisa Britt Lower (“Severance”) we komediýa seriýalynda görnükli baş aktrisa Jean Smart (“Hacks”) bar.

"Emmy-2025" baýraklarynyň ýeňijileriniň sanawy:

Iň oňat drama seriýaly: "The Pitt"

Iň gowy komediýa seriýaly: "The Studio"

Iň oňat mini-seriýal ýa-da antologiýa: "Adolescence"

Drama seriýalyndaky iň gowy aktýor: Noah Wyle ("The Pitt")

Drama seriýalyndaky iň gowy aktrisa: Britt Lower ("Severance")

Drama seriýalyndaky ikinji derejeli görnükli aktýor: Tramell Tillman ("Severance")

Drama seriýalyndaky ikinji derejeli görnükli aktrisa: Katherine LaNasa ("The Pitt")

Komediýa seriýalyndaky iň gowy aktýor: Seth Rogen ("The Studio")

Komediýa seriýalyndaky iň gowy aktrisa: Jean Smart ("Hacks")

Komediýa seriýalyndaky ikinji derejeli görnükli aktýor: Jeff Hiller ("Somebody Somewhere")

Komediýa seriýalyndaky ikinji derejeli görnükli aktrisa: Hannah Einbinder ("Hacks")

Mini-seriýal, antologiýa ýa-da telefilmdäki iň gowy aktýor: Stephen Graham ("Adolescence")

Mini-seriýal, antologiýa ýa-da telefilmdäki iň gowy aktrisa: Cristin Milioti ("The Penguin")

Mini-seriýal, antologiýa ýa-da telefilmdäki ikinji derejeli görnükli aktýor : Owen Cooper ("Adolescence")

Mini-seriýal, antologiýa ýa-da telefilmdäki ikinji derejeli görnükli aktrisa: Erin Doherty ("Adolescence").