"2025 Art Basel Paris-den" öň bilmeli zatlaryňyz
2025 Art Basel Paris 4-nji neşiri özüni sungat söwda merkezi bolmak bilen çäklenmän, tutuş şäher bilen hyzmatdaşlykda boljak sungat çäresi hökmünde görkezýär.
Şu ýyl Katara Art Basel ýarmarkalarynyň iň ýaşy bolmak paýyny beren Art Basel Paris 23-26-njy oktýabr aralygynda durky täzelenen Grand Palais-iň ajaýyp üçeginiň astynda öz ornuny alar. Medeniýetiň tanyşdyrylyşynyň, paýlaşmaklygyň we önümçiligiň giňişligine öwrülen bu ýarmarka Pariždäki galereýalar, inisiatiwalar we dürli ugurlardaky sungat toparlary bilen gürrüňdeşlik geçirmek arkaly ýarmarkadan garaşylýandan has gyzykly işleri hödürlemegi maksat edinýär. “Grand Palais-e" doly göçüp gelen ýarmarkada 41 ýurtdan 206 galereýa bar. Bu ýyl “Art Basel Paris-e” 29 galereýa ilkinji gezek gatnaşýar.
“Grand Palais-iň” ajaýyp binagärliginden ugur alyp, ýarmarka üç esasy bölüme bölünýär: Galeries, Emergence we Premise. Birinji gatdaky esasy sergi meýdançasynda ýerleşýän Galereýa bölüminde häzirki zaman we iň täze galereýalar ýerleşer hem-de suratkeşlik, heýkeltaraşlyk, sanly sungat, wideo we fotosurat pudaklarynda ajaýyp eserleri hödürlär.
Esasy sergi meýdançadan, “Art Nouveau” stilindäki demir basgançakdan balkona çyksalar, bu ýerde sungaty söýüjiler “Emergence” bölümini taparlar. Balkondan esasy zalyň üstünden seredilýän bu bölüminde ýarmarka ilkinji gezek gatnaşýan 16 sany ýaş galereýa bolar we ýeke-täk suratkeş bilen ýekebara kabinalarynda işlerini görkezerler.
"Premise” dokuz galereýanyň gatnaşmagy bilen ýarmarkanyň iň täze bölümi bolmagynda galýar. Ol 1900-nji ýyldan öňki döwürlere ünsi jemläp, bu döwürdäki eserleri häzirki zaman görnüşe getirip, sungatdaky hekaýalaryň aýdylyşyna ünsi jemleýär. “Emergence” we “Premise-iň” arasyndaky wagtlaýyn we geçirijilikli gepleşik, ýarmarkanyň maksadynam habar berýär: biri geljegi, beýlekisi geçmişi aňladýar, biri görülmäge garaşýar, beýlekisi hemişelikligi aňladýar. Galereýa bölümi bolsa bu ikisiniň arasyndaky köpri bolup, şol bir wagtyň özünde häzirki döwri häsiýetlendirýär.
Art Basel Paris Grand Palais-iň daşynda-da görülüp bilinjek köpçülikleýin programma hödürleýär. Bu ýyl Miu Miu tarapyndan hemaýatkärlik edilýän we baryp görülmesi tölegsiz bolan maksatnama dokuz meýdançany öz içine alýar. Bularyň arasynda “Petit Palais-däki” Julius fon Bismark, Alex Da Corteniň “Place Vendôm-e” ýerleşdirilen “Kermit the Frog” heýkeli we Ugo Rondinonyň Parvis de I’Institut de France-däki eseri bar.
Ýarmarkanyň "Conversations" ("Söhbetler") bölüminde sungatdaky häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşylýan paneller bolar. Emeli aň, moda we sungat hyzmatdaşlygy, jemgyýetçilik sungaty, 90-njy ýyllaryň täsiri we sungat bilen, şäher bilen jemgyýetiň arasyndaky gatnaşyklar ýaly mowzuklary öz içine alýan bu paneller Petit Palace-de geçiriler we ol ähli tomaşaçylara tölegsiz açyk bolar.