Näme üçin güýzde ýapraklar reňkini üýtgedýär?
Güýzüň iň tapawutly aýratynlyklaryndan biri tebigatdaky reňkleriň üýtgemegidir. Agaç ýapraklary reňkini ýaşyl reňkden açyk sary, mämişi, gyzyl we goňur reňklere üýtgedýär.
Näme üçin güýzde ýapraklar reňkini üýtgedýär?
Agaçlar käbir haýwanlar ýaly, ýazda we tomusda bedeninde energiýa we ýokumly maddalary toplaýarlar we gyş wagtynda dynç alma döwürlerine girýärler. Ýaz we tomus aýlarynda ösümlikler we agaçlar gün şöhlesini fotosintez arkaly energiýa öwürýär. Ähli ösümliklerde reňk berýän dürli pigmentler bar. Ýapraklara ýaşyl reňk berýän hlorofil pigmenti fotosintez hadysasynyň amala aşmagyna mümkinçilik berýän himiki birleşmedir. Şeýle-de bolsa, güýzde we gyşda fotosinteziň ýüze çykmagyna gerekli bolan ýagtylyk we suw ýeterlik bolmandygy üçin ýapraklardaky hlorofil derejesi peselýär we beýleki pigmentler ýüze çykyp başlaýar. Bular sary reňkini berýän ksantofil, mämişi reňk berýän karotin we gyzyl reňk berýän antosiýaninlerdir. Bu pigmentleriň hemmesi ähli ýapraklarda hemişe bar bolsa-da, olara ýaşyl reňk berýän hlorofil agdyklyk edýändigi üçin ýaşyl reňkde bolýarlar, beýleki pigmentleriň bolsa üsti örtülýär. Howanyň sowamagy bilen ýapraklaryň içindäki hlorofil derejesi peselip başlansoň, karotinleriň açyk mämişi we sary reňkleri, soň ýapraklardaky fosfatyň mukdary azaldygyça antosiýaninleriň gyzyl we gyrmyzy reňkleri agdyklyk edýär. Güýz reňkleri, esasan, sary we gyzyl reňkde bolýar. Güýzüň soňky günlerinde käbir sary ýapraklar goňura öwrülýär. Bu reňk üýtgemeginiň yzyndan agaçlardaky ýapraklaryň hemmesi iň ýakyn wagtda dökülýär.