Aladanyň ewolýusiýasy: näme üçin aladalanýarys we näme etmeli?

Sep 8, 2025 - 14:16
 0  26
Aladanyň ewolýusiýasy: näme üçin aladalanýarys we näme etmeli?

Geliň, bir pursat özüňizi bir zraf (žiraffe) diýip göz öňüne getiriň.

Siz Afrikanyň sähraly çöllüginde ýaşaýarsyňyz. Boýuňyz takmynan 2,1 metr (7 fut) uzyn. Käwagtlar daşardan gelip, safari edýän adamlar sizi surata alýarlar.Emma sizi adamlardan tapawutlandyrýan zat diňe boýnuňyz ýa-da olaryň kameralary däl. Esasy tapawut şundadyr: siz edýän islendik kararyňyz dessine durmuşyňyza täsir edýär.

Aç bolsaňyz, agaja baryp ýaprak iýýärsiňiz.

Ýagyş ýa-da ýel ugrasa, çökderä sygynýarsyňyz.

Ýolbarsyň size tarap gelýänini görseňiz, gaçýarsyňyz.

Günleriňiziň köp bölegi şu ýaly pursatlara bagly. Ýaşaýşyňyz häzirki wagt bilen gönüden-göni baglanyşykly. Ylymlarda muňa “derrew netijeli gurşaw” (Immediate-Return Environment) diýýärler.

Yza Sürlän Netijeli Gurşaw

Indi bolsa, göz öňüne getiriň – siz safari edýän bir adam.

Adamlar köplenç “yza süýşürilen netijeli gurşawda” ýaşaýarlar.

Bu näme diýmek? Ýagny, edýän işiňiziň netijesi dessine däl-de, geljekde peýda berýär:

Häzir işleýärsiňiz, aýlygyňyzy birnäçe hepdeden soň alýarsyňyz.

Pul tygşyrsaňyz, diňe pensiýa çykan wagtyňyzda peýdasyny görýärsiňiz.

Ýa-da okuw okaýarsyňyz, emma onuň girdejisi ýyllar soň eliňize gelýär.

Bu ýagdaý diňe peýda däl, problemalara-da degişli:

Bir zraf diňe ýolbarsa üns berýär.

Siz bolsa: “Bu safari gowy boldy, belki-de işimi üýtgedip, her gün şu ýerde işlesem nähili bolar?” diýip pikir edýärsiňiz.

Ine, şonuň üçin adamlar köplenç dowamly alada we stres başdan geçirýärler. Sebäbi beýnimiz bu täze “yza süýşürilen netijeli” dünýä üçin döredilmändi.

Adam beýniniň ewolýusiýasy

Häzirki döwürde beýnimiziň şekli müňlerçe ýyl mundan ozal döräpdir. Ýaňy-ýakynda, diňe soňky 500 ýylda jemgyýetimiz düýpgöter üýtgedi.

Maşyn, uçar, internet, hatda “Beyoncé” ýaly zatlar diňe soňky ýüz ýylda ýüze çykdy.

Beýnimiz bolsa müňlerçe ýyl bäri diňe derrew netijä gönükdirilen ýagdaýda ösdürildi.

Şonuň üçin häzirki wagtda ýüze çykýan dowamly alada – adamyň täze durmuşyna görä beýniniň laýyklaşyp bilmeýändiginiň netijesi.

Aladanyň ilkinji peýdasy

Öňler alada we stres peýdaly bolardy:

Ýolbars peýda bolýar → alada edýärsiň → gaçýarsyň → alada geçýär.

Ýagyş ýakynlaşýar → goranjak ýer gözleýärsiň → tapýarsyň → rahatlaýarsyň.

Suwsuz galýarsyň → alada edýärsiň → suw içýärsiň → rahatlaýarsyň.

Emma häzirki wagtda aladalar başga:

  • “Gelejekde nädip pul taparyn?”
  • “Işimde maňa derejesini bererlermi?”
  • “Maşgalamdaky meseleleri çözerinmi?”

Bu soraglaryň jogaby bolsa dessine belli bolmaýar. Şonuň üçin hem stres dowamly bolýar.

Näme etmeli?

1. Ölçemäge başlaň.

Näme bilemok diýip alada edýän bolsaňyz, ony ölçemäge çalyşyň:

  • Pensiýa üçin näçe puluňyz boljakdygyny bileňok, ýöne aýda näçe tygşyanyňyzy ölçäp bilersiňiz.
  • Geljekde iş tapjagyňyzy bileňok, ýöne näçe gezek iş ýüzünde hereket edýändigiňizi sanap bilersiňiz.

Ölçemek – bilinmezligi azaldýar we beýniňizi rahatladýar.

2. Aladany günlik endige geçir.

Uzyn möhletli mesele hakda alada etmegiň ýerine, günlik endik dörediň:

  • “Uzak ýaşarmykam?” diýip alada etmegiň ýerine – her gün ýöriş et.
  • “Çagam okuwda üstünlik gazanarmyka?” diýip alada etmegiň ýerine – onuň gündelik öwreniş wagtyna üns ber.
  • “Toý üçin aryklaýarmykam?” diýip alada etmegiň ýerine – şu gün sagdyn nahar bişir.

Günlik endikler hem dessine kanagatlandyrýar (derrew netije), hem-de geljekde peýda berýär (yza süýşürilen netije).

Beýnimiz öň “derrew netijeli” dünýä üçin döredildi, ýöne biz indi “yza süýşürilen netijeli” dünýäde ýaşaýarys.

Ölçemek bilinmezligi azaltýar.

Günlik endikler bolsa uzak möhletli aladalary çözüp biler.

Şeýdip, häzirki döwrüň dowamly stressini ýeňilleşdirip bolýar.

Atomic_habits Her gün 1% kämilleş (Jamesclear.com)