Gündogar Pelsepesiniñ Parasatly Danasy: Ussat Konfusiý
Ussat Konfusiý ol gadymy Hytaý filozofy bolupdyr, ol B.E öñ ( 551 - 479 ) ýyllary aralygynda häzirky Hytaý H.R döwletinde ýaşap geçipdir.
Ol garyp maşgalada dogulypdyr, emma ol asylly bir maşgalada doglan, ol ýaş wagty kakasy aradan çykypdyr, ony bolsa ejesi ýokary ahlak bilen terbiyeläpdir.
Ýaşlygygynda bolsa ol mal-gara işleri bilen meşgul bolupdyr, emma onuñ esasy adalgasy bolsa payhaslygy söýmek we bilimi adamlara öwretmek bolupdyr. Ol bolsa yaşlygyndan soñra mugallymçylyk işi bilen meşgul boluldyr we Hytaý taryhynda ilkinji gezek özüne şägirtler ve okuwçylar toplap öz akademiýasyny dôredipdir. Ol öz döwründe bolsa mugallymçylykdan daşgary bolsa döwlet we syýasy işler bilen hem meşgullanypdyr. Ol bolsa mugallymçylyk kärinde 9 sany kitaby ýazypdyr, bul 9 kitapdan 8 sanysy bolsa toplanan we kapiýalaşdyrylan kitap.
Bir kitap bolsa onuñ öz aýdan sôzleri bolan " Lun Yu " ( Söhbetdeşlik ) kitaby bolupdyr. Ussat Konfusiýiñ bolsa 7 sany taglymaty bolupdyr. Olar:
1. Ren (仁 - Adamkärçilik) - bu taglymat bolsa ynsany söymek, hormat goymak, mähir bermek, rehimdarlyk etmek, ynsanperwerlik bilen garamak manysyny beryär.
2. Li (禮 - Däp-Dessur / Dogry Tertip) - bu taglymat bolsa edep-tertip, medeniýet, dogry gatnaşyklar we jemgyýete adamyñ öz ornuna laýyklyda hereket etmegini ündäpdir.
3. Yi (義 - Adalat / Dogruçyllyk) - bu taglymat bolsa ahlak taýdan dogry we adalatly hereket etmegi, peýda ya-da bâhbit üçin dâlde, eysem diñe dogry bolany we ahlakly bolany üçin hereket etmegi ündâpdir.
4. Zhi (智 - Bilim / Akyl) - bu taglymat bolsa bilimli bolmagy, dogry we ýalñyşy tapawutlandyryp bilmegi, okamagy, öwrenmegi ve zehin taýdan ösmegi we sowatly bolmagy ündâpdir.
5. Xin (信 - Ynam / Wepalylyk) - bu taglymat bolsa sözüñde durmagy, wepaly we ygtybarly bolmagy, päk ýürekli bolmagy we jogapkärçilikli bolmagy ündâpdir.
6. Junzi (君子 - Asylly Adam) - bu taglymat bolsa adamyñ ahlakly, bilimli, ahlak we edep taydan kämilleşmegi ündâpdir.
7. Xiao (孝 - Ata-enä Hormat) - bu taglymat bolsa yaşlaryñ uly adamlara, ata-enesine hormat goýmagy we uly adamlaryñ we ata-eneleriñ özinden kiçilere garşy pespâl bolmagy we olar bilen aragatnaşykly bolmagy ündâpdir.
Konfusiyiñ bu pelsepe taglymatlary bolsa Hytaý medeniýetinde we âhliumumy pelsepede uly orna eýe bolupdyr. Konfusiý ol filosofiada " Altyn Kanun " diyip atlandyrylan garşylykly sylag bolan sôzü ilkinji döreden kisidir, ol " Öziñe edilmek islemeyân zady - başgasyna etme " diyen sözü onuñ iñ meşhur sözüdür. Bu sözüñ manysy örân çuññur bolyp, gündelik durmyşymyzdaky gatnaşyklarymyzda uly âhmiyete eyedir.