Çemodanlaryň mysalynda motiwasiýa

Sep 30, 2025 - 20:03
 0  19
Çemodanlaryň mysalynda motiwasiýa

Geň galdyryjy, ýöne bu fakt: adamlar kompýuteri döredip, Aýa uçanyndan soň, adaty çemodana tigirçek goýmak pikiri döräpdir. 

Bu waka çemodany öndürijileriň örän uzak wagtlap göze görnüp duran söwda mümkinçiligini görmändigini, olaryň müşderileriniň bolsa örän işjeň zerurlygy, ýagny, ýüki götermän, ony diňe süýremekligini kanagatlandyryp bilmändigini aýtjak bolýar.

Çemodana tigirçekleri dakmak pikiri köpmillionly senagatyň döredilmegine getiripdir. Islendik howa menziline barsaňyz, muňa özüňiz hem göz ýetirersiňiz. 

Tigirçekli çemodan — bu diňe bir täze önüm däl. Bu özüne degişli bolan ähli adamy millioner eden täze önümçilik kategoriýasydyr.

Eger çemodan bilen şeýle ýagdaý bolan bolsa, onda islendik başga haryt ýa-da hyzmat bilen hem şeýle öňe gidişlikler bolup biler. Siziň harydyňyz bilen hem, siziň hyzmatyňyz bilen hem.