Silwester Stallonyň üstünlik hekaýasy

Aug 16, 2025 - 18:16
Aug 19, 2025 - 16:17
 0  18
Silwester Stallonyň üstünlik hekaýasy

Silwester Stallonyň üstünlik hekaýasy

Dogluş döwründe onuň ýüzüniň nerw uçlary zaýalanýar. Şeýdip hem, onuň ýaňagy, dodaklary we dili ysmaz bolýar.

11 ýaşyndaka ene-atasynyň aýrylyşmagyny başdan geçirýär.

13 ýaşyna çenli mekdebini 10-dan köpräk gezek üýtgedýär. Erbet gylyk-häsiýetleri sebäpli okuwdan çykarylýar. Mekdepde düşnüksiz gürleýänligi üçin yzygiderli masgara edilýär we gysga boýy üçin hemişe ýenjilýär.

24 ýaşyna çenli haýwanat bagynda kapasa arassalaýjy, gapyçy we gijeki restoranda howpsuzlyk goragçysy bolup işleýär. Aktýor bolmagy arzuw edýär, ýöne daş keşbi we diliniň peltekligi sebäpli oňa rol berilmeýär.

300-den gowrak studionyň her haýsysyna iň az dört gezek baryp görýär. Emma netije bolmaýar, sebäbi hiç kimiň ony baş keşbi janlandyrmaga alasy gelenok.

24 ýaşynda çykgynsyz maliýe ýagdaýy sebäpli pornografiki kinoda oýnaýar.

30 ýaşynda aýalyndan birugsat onuň şaý-seplerini satýar. Şeýdip onuň aýaly bir ýaşar çagasy bilen ony terk edip gidýär.

Soňra itini naharlamaga hiç zady bolmansoň, ony 50 dollara satýar.

Şol ýyl barda oturyp, özüni ruhlandyran boks başa-baş söweşine tomaşa edýär. Iki günüň içinde kino edebi esas ýazýar we ony özüniň baş keşbi ýerine ýetirmegi şerti bilen 25 000 dollara satýar.

Birnäçe gün geçenden soň öz itini yzyna almakçy bolýar. Oňa ony satan ýerinde garaşýar. Üç günden soň öz itini gezdirip ýören eýesini görýär we itiniň özi bilen bile kino düşmegi şerti bilen ony 15 000 dollara yzyna satyn alýar. 

Film haýran galdyryjy üstünlige eýe bolýar we 10 ugurdan "Oskar" baýragyna nominirlenýär hem-de aktýora bir million dollardan hem köp girdeji getirýär.

Bu adama Silwester Stallon diýilýär. Oňa uly meşhurlyk getiren filmiň ady bolsa "Rokki".

Näçe ýaşasaňyz hem, eger isleseňiz, iň beýik daga hem ylgap çykyp bilersiňiz.