Vincent van Gogh
Gollandiýaly suratkeş Vincent van Gogh Günbatar sungat taryhynyň iň täsirli şahsyýetleriniň biridir.
Gollandiýaly suratkeş Vincent van Gogh Günbatar sungat taryhynyň iň täsir galdyran şahsyýetleriniň biridir. Gynansakda onyň ýaşan döwründe eden sungat eselerini gowy görülmän, ony akylsyz saýypdyrlar. Ol erbet psihologiki näsazlyklara sezawar bolyp, 1890-njy ýylda 37 ýaşynda öz janyna kast edipdir. Bu gysga durmuşyna garamazdan iki müň bir ýüz sany eser döredipdir. Vincent van Gogh häzirki zaman sungatynyň öňdebaryjysy hasaplanyp, onuň eserleri häzire çenli köp satylýan sungat eserleriniň iň gymmady bolup durýar.
Vincent van Gogh-yň durmuşy
Vincent Willem van Gogh 1853-nji ýylyň 30-njy martynda Gollandiýanyň Zundert şäherinde dünýä indi. Maşgalanyň iň uly çagasy bolan Van Gogh-yň bäş dogany bardy, bu doganlarynyň arasynda iň ýakyny Teo-dy. Vincent van Gogh 16 ýaşyndan daýysynyň kömegi bilen “Goupil & Cie” atly sungat merkezinde işläp başlady. Dogany Teo-nyň kömegi bilen sungaty 27 ýaşynda tapdy we wagtynyň köp bölegini surat çekmek üçin aýyryp başlady. 1880-nji ýylda Brýuselle göçen Van Gogh ol ýerde başga suratkeşler bilen işleşip başlady. 1885-nji ýylda kakasy aradan çykanyndan soňra Vincent van Gogh maşgalasyndan aýryldy, Nueunen atly studio göçdi we ol ýerde “The Potat Eaters” atly meşhur eseriniň üstünde işläp başlady. Eseriniň üstünde işläp ýörkä, özüniň öwrenmeli zatlarynyň kändigini bilip, Gollandiýany taşlap Antwerp atly sungat mekdebine sungat öwrenmäge gitdi.
Sungat mekdebinde azyrak wagt okanyndan soňra, 1886-njy ýylda Paris-a göçdi we köp sungat işgärleri bilen tanyşdy. Paris-den soňra, Fransiýanyň Arles obasyna göçdi. Bu ýerde ýaşaýan döwründe hat üsti bilen beýleki sungat işgärleri bilen habarlaşýardy, esasan hem Emile Bernard we Paul Gauguin bilen. Habarlaşyklardan soňra, 1888-nji ýylda Paul Gauguin Vincent van Gogh ýanyna göçdi. Van Gogh Gauguin bilen ençeme işler alyp bardy