CRISPR-Cas9: DNK-ny täzeden ýazmak

CRISPR-Cas9-yň kömegi bilen rak(kanser), gepatit-B, Alzheimer, AIDS, autism ýaly agyr keselli hassalary bejerip boljagy ynanylýar.

Jan 18, 2025 - 20:51
Jan 20, 2025 - 19:23
 0  82
CRISPR-Cas9: DNK-ny täzeden ýazmak

2020-nji ýylda Nobel baýragynyň eýesi Fransuz mikrobiolog Emmanuelle Charpentier we Amerikaly biohimik Jennifer A. Doudna tarapyndan kämilleşdirilen CRISPR-Cas9 tehnologiýasy adamlaryň DNK(DNA)’syny kesip täzeden birleşdirmesine kömek etýän bir tehnologiki bir açyşdyr.

Ilki bilen DNK näme şoňa seredeliň. DNK(DNS) bu, ähli janly-jandarlarda genetiki informasiýalary saklaýan bir molekulanyň himiki adydyr. DNK(DNA) molekulasy goşa helix diýp atlandyrylýan şekili emele getimek üçin bir-birine aýlanýan iki setirden durýar. Bilim dünýäsini haýrana goýan bu ylmy açyş gysgaça aýdanymyzda gen redaktirleme guralydyr. CRISPR sözüniň açylyşy “Clustered Regularly Interspaced Palindromic Repeats”-dyr. (Türkmençe nähili terjime etjegimi bilmedim, ýönePalindromyň yzygiderli gaýtalanýan toplumlary” ýaly bir terjimesi bolýar). CRISPR-Cas9 ulgamy, beýleki genleri redaktirleme usullaryndan has çalt, arzan, has takyk we has täsirli bolany üçin ylmy jemgyýetde uly tolgunma döretdi.

Molekulýar biologiýa we genetiki  injinerçilik ugrunda işleýän köp sanly gözlegçiler tarapyndan "adamlary geň galdyrjak usul" hökmünde kesgitlenen CRISPR, köp sanly janly-jandarda, şol sanda adam öýjüklerinde synag edildi we örän oňaýly netijelere eýe boldy. Bu açyşyň kömegi bilen rak(kanser), gepatit-B, Alzheimer, AIDS, autism ýaly agyr keselli hassalary bejerip boljagy ynanylýar.

ahmetakyyev yadow, yone umutly