Bir wagtda diňe bir zadyň ussady bolmagyň ylmy esaslary

Sep 1, 2025 - 08:09
Sep 1, 2025 - 19:15
 0  25
Bir wagtda diňe bir zadyň ussady bolmagyň ylmy esaslary

Meniň özüm hem köp adamlaryň edişi  ýaly, durmuşymda ösdürmek isleýän birnäçe ugurlarym bar. Mysal üçin, ýazgylarymy has köp adama ýetirmek, sport zalynda has agyr agramlary galdyrmak we ünsüňi jemlemek (mindfulness) bilen has yzygiderli meşgullanmak isleýärin. Bularyň ählisi meniň arzuw edýän maksatlarymdan diňe birnäçe sanysy we belki-de siziň hem şeýle uzyn sanawyňyz bardyr.

Mesele şu: Biz maksatlarymyza ýetmek üçin gaty çalşmaga taýýardyrys, ýöne tebigy ýagdaýda bir wagt soň öňki endiklerimize dolanyp gelýäris. Hemişelik durmuş üýtgeşmesini gazanmak örän kyn.

Ýakynda, bu kyn durmuş üýtgeşmelerini (belki-de) birneme ýeňilleşdirip biljek birnäçe ylmy barlag bilen tanyşdym. Emma görşüňiz ýaly, durmuşda köp zadyň ussasy bolmagyň çemeleşmesi birneme logiki däl ýaly görünýär.

Gaty Köp Oňat Niýetler

Bir wagtyň özünde birnäçe endik ediň we olary dowam etdirmek isleseňiz, yzygiderliligi gazanmagyň ýollaryny tapmaly. Onda muny nädip edip bolar?

Psihologiýa boýunça barlaglardan gelen iň ygtybarly netijelerden biri:

Haçan, nirede we nädip hereket etjekdigiňiz barada anyk meýilnama düzen bolsaňyz, endikleriňize ygrarly galmagyňyz 2-3 esse artýar. Mysal üçin, bir barlagda alymlar adamlardan şu sözlemi doldurmagyny sorapdyr:

“Indiki hepde, [GÜN] güni, [SAGAT]-da, [ÝER]-de azyndan 20 minut ýokary depginde maşk ederin.”

Netijede, bu sözlemi dolduranlaryň, geljekdäki hereketleri üçin hiç hili meýilnama düzmän kontrol toparynda bolan adamlardan 2-3 esse artyk maşk edendigini anyklapdyrlar. Psihologlar bu anyk meýilnamalara “ ýerine ýetiriliş niýeti” diýýärler, sebäbi ol belli bir hereketi haçan, nirede we nähili ýerine ýetirjekdigiňizi görkezýär.

Bu netijäniň ygtybarlydygy birnäçe ugurda ýüzlerçe barlagda tassyklandy. Mysal üçin, ýerine ýetiriliş niýetleri adamlaryň maşk etmäge, gaýtadan ulanmak (recycling) işlerini etmäge, sapak okamaga we hatda çilim çekmegi taşlamaga has köp mümkinçilik döredýär.

Emma (muny düşünmek örän möhüm), soňky barlaglar ýerine ýetiriliş niýetleriniň diňe bir zada ünsi jemläniňizde işleýändigini görkezýär. Hatda barlagçylar birnäçe maksada bir wagtda ýetmäge synanyşýan adamlaryň diňe bir maksada ünsi jemleýänlerden has pes netije gazanýandygyny anyklapdyrlar.

Bu möhüm zat – şonuň üçin gaýtalaýaryn: Haçan, nirede we nädip täze endige ygrarly boljagyňyz baradaky anyk meýilnama, ony ýerine ýetirme mümkinçiligiňizi ep-esli artdyrýar; ýöne diňe bir zada ünsi jemläniňizde.

Bir Zada Üns Bermegiň Netijesi Näme?

Ine, bir wagtyň özünde diňe bir zada ünsi jemlemäge ylmy esasly ýene bir sebäp:

Täze endige başlanyňyzda, ony ýatda saklamak üçin gaty köp bilgeşleýin güýç gerek bolýar. Ýöne belli bir wagt geçenden soň, bu hereket ýönekeýleşýär. Ahyrynda täze endigiňiz adaty gündelik tertibe öwrülýär we proses diýen ýaly awtomatiki bolýar.

Barlagçylar bu prosese “awtomatizasiýa” diýip at berýärler. Awtomatizasiýa – her ädimi oýlanmazdan ýerine ýetirme ukybydyr; ýagny hereketiň awtomatiki endige öwrülmegi.

Emma esasy mesele şu: Awtomatizasiýa diňe köp gaýtalamanyň netijesinde döreýär. Näçe köp gaýtalasaňyz, hereket şonça-da awtomatik bolýar.

Mysal üçin, ýokardaky grafika görä adamlar ertirlikden soň 10 minutlyk gezelenji endige öwürmek üçin näçe wagt gerekdigini görkezýär. Ilki bilen awtomatizasiýanyň derejesi gaty pes bolýar. 30 günden soň endik has yzygiderli bolýar. 60 günden soň bolsa mümkin bolan iň awtomatik derejä ýetýär.

Esasy ýatda saklamaly zat: Täze endikler belli bir wagt geçenden soň diýen ýaly awtomatlaşýar. Bu döwriň dowamlylygy endigiň kynlygyna, daşky gurşawa we beýleki faktorlara bagly.

Şeýle-de bolsa, ýokaryda görkezilen barlagyň netijesine görä, ortaça endigiň awtomatiki bolmagy takmynan 66 gün dowam edýär. (Bu san bilen gaty ýapyşmaň. Barlagda aralyk giňdi, çykaryljak ýekeje netijäňiz – täze endigiň hemişelik bolmagy birnäçe aý dowam edýär.)

Ähli Zady Üýtgetmän, Durmuşyňy Üýtget

Geliň, häzir size aýdylanlary jemläliň we käbir amaly netijeler çykaraýalyň:

Haçan, nirede we nädip endigi ýerine ýetirmegiňizi anyk meýilleşdirseňiz, ony dowam etdirmek mümkinçiligiňiz 2-3 esse artýar. Bu ýerine ýetiriliş niýeti diýilýär.

Diňe bir zada ünsi jemlemeli. Barlaglar görkezýär: bir wagtda birnäçe endigi ösdürmäge synanyşanyňyzda ýerine ýetiriliş niýetleri işlemýär.

Barlaglar görkezýär: näçe köp gaýtalasaňyz, endik şonça-da awtomatiki bolýar. Täze endigiň awtomatikleşmegi ortaça azyndan iki aý dowam edýär.

Bu bizi makalanyň iň möhüm netijesine getirýär…

Ähli barlaglardan çykýan mantykdan daşary netijä görä, durmuşyňy üýtgetmegiň iň gowy ýoly – ähli zady üýtgetmezlikdir. Onuň ýerine, belli bir endige ünsi jemläp, ony doly özleşdirip, gündelik durmuşyňyzyň awtomatik bölegine öwürmek iň gowusydyr. Soňra bolsa, indiki endik üçin şol prosesi gaýtalaň.

Uzyn möhletde köp zatda ussat bolmagyň ýoly – häzir diňe bir zada ünsi jemlemekdir.

Atomic_habits Her gün 1% kämilleş (Jamesclear.com)