Git näme? Github näme gerek?

Github bu developer-laryň kodlaryny saklamaga we dolandyrmaga kömek edýän bulut(cloud) esasly bir hyzmatdyr.

Nov 25, 2024 - 06:26
 1  108
Git näme? Github näme gerek?

Github bu developer-laryň kodlaryny saklamaga we dolandyrmaga kömek edýän bulut(cloud) esasly bir hyzmatdyr. Github-a doly düşünmek üçin ilki bilen Wersiýa dolandyryşy we Git hakda öwrenmeli bolarys.

          Wersiýa Dolandyryşy näme?

        Wersiýa dolandyryşy bir ýazylan programanyň kodyndaky üýtgeşmeleri dolandyrmaga we yzarlamaga kömek edýär. Bu aýratynlyklar taslama ulaldygyça has hem gerek bolup başlaýar. Sebäbi bir programanyň üstünde birden köp adam bolup işleseň, biri-biriňize zeper ýetirmän programany dowam etdirmek üçin wersiýa dolandyryşy ulanylýar. Bu wersiýa dolandyryşy şahalandyrma arkaly howpsuz işlemäge mümkinçilik berýär. Şahalandyrmak bilen, her bir developer özüniň aýratyn böleginde, düýp koda zeper ýetirmän işläp bilýär. Bu üýtgeşmeleriň hemmesi yzarlanýar we zerurlyk ýüze çyksa yzyna gaýtarylyp bilner.

          Git näme?

        Git open source wesiýa dolandyryş ulgamydyr, bu bolsa ähli kod bazasynyň we taryhynyň her bir dörediji üçin elýeterlidigini, aňsat şahalanmagyna mümkinçilik berýändigini aňladýar.

          Github näme?

        Github ýokardaky agzap geçen tehnologiýalarymyzy bir ýerde jemläp, ulanyjylara gowşurýan bir platformadyr. Github-yň esasy aýratynlyklarynyň biri hem “forking”-dir, ýagny ulanyjylar başgalaryň ýazan kodlaryny öz hasaplaryna almaga we üýtgetmäge mümkinçilik berýär. Github-y bilmek zerurdyr, sebäbi haýsy-da bir proýektiň üstünde birden köp bolup işlejek bolsaňyz Github siziň işiňizi aňsatlaşdyrar.

ahmetakyyev yadow, yone umutly