Dünýäni üýtgeden 7 Algoritma

Tehnologiýanyň giň mümkinçiliklerinde käbir alghoritmler sanly dünýä uly möçberde üýtgetdi. Bu döredilen algoritmalar biziň gündelik ulanýan tehnologiýalarymyza güýç, çaltlyk, aň berdi we modern tehnologiýany döretdiler.

Apr 30, 2025 - 14:47
Apr 30, 2025 - 14:48
 0  71
Dünýäni üýtgeden 7 Algoritma

Alghoritm näme?

Algoritma bu belli bir meseläni çözmek üçin gurnalýan bir ýola berilýän atdyr. Matematikada we Informasiýa tehnalogiýalarynda köplenç ulanylýan bu terim, bize meseleleri formulalaşdyryp kompýuterlere düşündirmämize aýdylýar. Ähli programama dilleriniň düýbi algoritmalar bilen düzilendir. Algoritma meselem bermeli bolsa: Bir ýol pikirleniň we ýoluň soňunda’da barmaly ýeriňizi. Şu ýoly birden köp görnüşde geçip bilersiňiz. Siziň her bir saýlan ýoluňyz bir Algoritma bolup durýar. Şeýlelik bilen her bir meseläni dürli algoritmalar bilen çözüp bolýar. Geliň bolsa dünýäniň durkuny üýtgeden 5 algoritma bilen tanyş bolalyň:


1. PageRank (Google Search Algoritmi)

Täsir: Internetde gözlegleri üýtgetdi.
Ugurlary: Gözleg Motorlary
Beýany: Larry Page we Sergey Brin tarapyndan işlenip düzülen PageRank algoritmi Google gözleg motorunyň esasyny düzýär. Ol web sahypalaryny baglanmaklaryň sanyna we hiline esaslanyp, maglumatlary gözlemekde täze usul döretdi.

2. Backpropagation (Neýron Tor aňy)

Täsir: AI we deep learning'i işledip berdi.
Ugurlary: AI, Maşyn öwrenişi
Beýany: Backpropagation - bu neýron torlaryny täzeden öwretmek üçin ulanylýan usuldyr. Ol toruň arasyndaky baglanyşyklarynyň agramlaryny üýtgedip, netije galplyklaryny azaldýar, şeýlelik bilen ses tanamak, şekil tanamak we tebigy dili işlemek ýaly döwrebap tehnologiýalaryň ösüşine ýol açýar.

3. Quicksort

Täsir: Sortirleme we maglumatlary dolandyrmakda inçelik döretdi.
Ugurlary: Alghoritmler, Maglumatlar Strukturasy
Beýany: Quicksort, Tony Hoare tarapyndan işlenip düzülen, ýeňilleşdiriji bir algoritimdir. Bu, iň täsirli sortirleme algoritimlerinden biri bolup, dürli maglumatlary tiz we netijeli tertiplemegi üpjün edýär.

4. RSA Algoritmi

Täsir: Sanly geçirilýän işlemleri howpsuzlandyrdy.
Ugurlary: Kriptografiýa
Beýany: RSA algoritimini Ron Rivest, Adi Shamir we Leonard Adleman işläp düzüp, ol sanly maglumatlary howpsuz geçirmek üçin giňden ulanylýar. Algoritm, uly priýam sanlaryny faktorlamagyň kynlygyny ulanyp, internetdäki maglumatlary howpsuzlandyrýar.

5. A Gözleg Algoritmi

Täsir: Ýol tapmak we navigasiýa üçin ulanylýar.
Ugurlary: Robototehnika, Emeli Aň
Beýany: Bu algoritm, bir nokatdan başga bir nokada iň gysga ýoly tapmak üçin ulanylýar. Ol robototehnikada, oýunlarda we GPS ulgamlarynda ýokary netijeli navigasiýa üçin giňden ulanylýar.

6. Karar Agajy (CART)

Täsir: Karar bermek we klasterleşdirmek üçin ulanylýar.
Ugurlary: Maglumat Ylymlary, Maşyn Öwrenişi
Beýany: Karar agajy, gaty çylşyrymly kararları has ýönekeý saýlawlara bölýär we maglumatlary aýratynlyklaryna görä klassifikasiýa edýär. Bu tehnologiýa, saglygy goraýyş we işewürlik intellekti ýaly ugurlarda giňden ulanylýar.

7. Monte Carlo

Täsir: Hasaplaýyş.
Ugurlary: Maglumat Ylymlary
Beýany: “Monte Karlo” san taýdan hasaplama algoritmasy bolup, bu algoritma Nikolas Konstantin Metropolis tarapyndan oýlanyp tapyldy. Bu algoritma ylmyň köp ugurlarynda köp sanly tötänleýin nusgalary almak üçin ulanylýar. Bu algoritma programirlemede esasy tötänleýin san (random number) tapmak üçin ulanylýar.

ahmetakyyev yadow, yone umutly