1. Ähli zat nädip başlandy?
2021-nji ýylyň tomsunda oglum boldy. Analizlaryň netijelerine görä, çagamyň çerepnoýy bar eken. Bäbeklik wagtyndan leçeniýasyny alyp başlapdyk we azrak wagtdan soň hemme zat bir-hili gowulanan ýaly boldy. Wagt geçdi, çagam ulalyp başlady we eýýäm şol wagtlar özüni üýtgeşik alyp barýardy. Biz ol wagtlar bu zatlara kän üns hem bermän, “hemme çagalaram özüni şeýle alyp barýar” diýip pikir edýärdik. Sebäbi bizde ol döwürler autizm barada hiç hili düşünje hem ýokdy.
Köp kişi çagasynda autizmiň döremegini sanjymdan (прививка) görýärler, ýöne meniň pikirimçe bu beýle däl. Meniň oglum, edil beýleki çagalar ýaly ähli sanjymlary wagtynda aldy. Bäbejik wagty ýüzüne seretseň gülýärdi, adyny tutsaň seredýärdi, “gu gu”, “bap bap”, “eje-däde”, “mama-baba” sözleri aýtýardy. Çagajygym wagtynda ýöräp hem başlady. Iň bärkisi 1,5 ýaş wagtynda “Eje buu beý” ýaly kiçiräjik sözlemleri hem diýip baş
lapdy. Ýöne şonda-da beýleki çagalara garanyňda birneme üýtgeşikligi duýulýardy, telewizora ýa-da ýagtylygy uly bolan zatlara seredeniňde adyny tutsaň üns hem berenokdy.
2. Ilkinji alamatlar nädip ýüze çykyp başlady?
Bir gün oglumyň gyzgyny galdy, uzak wagtlap gyzgyny hiç düşmedi. Şol wakadan birnäçe wagt geçdi, oglumyzyň bize bolan garaýşy sowap başlady, adyny tutsak hem kän üns berenokdy. Daşaryk çykamyzda elimi goýberip gaçyp gidýärdi, maşyna tarap ylgaýardy, “meni maşyn kakar” diýlen düşünje ýokdy. Soňa baka öz-özünden bökmäne başlady, basgançaklardan gorkýardy, agşamlaryna ýatyrmak bolsa görgüdi. Eje-kakanam tanaman başlady, başga bir adam elini uzatsa-da, elinden tutup gidiberýärdi.
Bu ýagdaý mende örän biynjalyk döretdi, kelläme her hili pikirler gelip başlady, gijelerine gözüme uky girmeýärdi, bolýan wakalar aklyma sygman öz etimi özüm iýýärdim. Bu zatlara azda-kände düşünmek üçin internedi gözläp başladyk we oglumyzy ähli barlaglardan geçireli diýip karara geldik. Biz oglumyzy lukmanlara, psihologlara, neýro-psihologlara, logoped-defektologlara barlatdyk, analizlerini tabşyrdyk. Barlaglaryň netijesinde neýropsiholog bize “Çagaňyzda - autizm” diýdi.
Şol wagt durmuşym bir bada durdy, dünýäm ýykyldy, ýaşaýşym indi hiç haçan öňki ýaly bolmajagyna düşündim. Şeýle bir agyr hala düşdik welin, hiç zada keýpimiz ýokdy, öý dymyşlykdy. “Oglumy okuwa gatnadaryn, kurslara ýazdyraryn, ony dilçi ederin” diýen arzuwlarym arzuw bolmagyna galdy. “Näme üçin meniň oglum şeýle?!” diýen pikirler mende durmuşa bolan öýkäni döretdi.
3. Bu zatlary nädip kabul etdiňiz?
Elbetde, bize bu zatlary kabul etmek aňsat düşmedi. Oglumyň ýagdaýynyň gün-günden beterleşip barýany bildirýärdi. Ýoldaşym maňa “Elimizi goýbermäli, alyp çykarys” diýipdi, ony diňlemezdim, her gezek bu barada gürrüň açylanda sögüşip, gijelerine aglap ýatardym. Ýöne men bir zada düşünýärdim, “Bu zatlar öz-özi geçmez, oglum öz-özi gowulanmaz” we “Men nämeler edip ýörün, näme üçin men öz çagamy şeýle halynda taşlamaly?!” diýip, gaýgy hasrata batýardym.
Bir gün öňümden bir wideo çykdy, Çikagoda ýaşaýan bir maşgalada çaga elsiz dogulypdyr we oňa garamazdan çaganyň ene-atasy balasyny ösdüripdir, okadypdyr, öýli-işikli edipdir, soňra bolsa çaga maşgala gurup, onuň 3 sany 12 süňňi abat bolan çagalary dünýä inipdir. Men bu wakany görüp, çagama şükür etmeýändigime, dünýäde näçe sany çaganyň dyrnajygyna-da zar bolup, gynanyp ýören bendeleriň bardygyna düşündim. Meniň çagam bolsa şükür, eli-aýagy ýerinde, ýöreýär, ylgaýar, bökýär ... Gijelerine aglap, dileg edip, “Hemme zat gowulanar, men esasy zat ugrunda ylgamaly!” diýip ýatardym.
4. Ýoly ýörän geçer ...
Ýaňy bir 3 ýaşap barýan oglumyzyň, bu halyny düzetmek üçin, biz ýoldaşym bilen ynam edip ýola başladyk. Ilki bilen çagamyzyň çerepnoý dawlenýasy üçin leçeniýasyna başlaly diýlen karara geldik. Kellesiniň EKG we МRТ barlaglarynyň netijesinde epilepsiýa tutgaýy ýok diýdiler, emma kelle beýnä gaty az mukdarda kislorod barýan eken. Soňra kellesine leçenýa aldyk, ganynyň düzümi boýunça neýrowospolenýanyň barlygyny bildik. Lukmanyň ýazyp beren witamin kompleks siropyny berip başladyk we içi düzgüne girip başlady.
Eşdenokmyka diýip gulagyny Beratest barlagdan geçirdik, ýüregini barlatdyk, gurçuga tabşyrdyk, hemme zady gowy çykdy. Soň neýropsihologa, logopeda, defektolaga gatnap başladyk. Wagt geçdi barakamera, massaža, toga, ondan daşary krupny hem-de melkiý matorikasy üçin gatnadyk. Häzirki wagtda biz oglumyzy uly meýdan etmegi üçin LFK (лечебная физическая культура) gatnatýarys. Şu zatlardan soň 2 aýdan oglumyň kellesini ýenede barlaglardan geçirdik. Bu gezek hemme görkezijiler gowy çykdy, kelle beýnä kislorod kadaly derejede barýandygyny görkezdi.
Oglum 4 ýaşady. Adyny tutsaň gelýär, ýüzüňe-gözüňe seredip başlady, ýollarda ylgamasyny goýdy, indi ol elimden tutman özi ýöreýär, hajathana gitjegini duýdurýar. Iýjegini-içjegini bilmeýän çaga, indi ajyksa iýesi gelýän zady özi görkezmese-de, meniň elimi tutup görkezip başlady. Balagyny özi geýmezdi, geýdirmeseň gezip ýörerdi, indi özi geýip başlady. Hawa, käbir sözleri diýip bilenok, meselem, “suw” diýip bilenok, “buu” diýýär, kä wagtlar bir zat gerek bolanda özi “bei! bei!” diýip, gygyrýan wagtlaram bolýar. Dogry, men doly gepleýär diýip biljek däl! Ýöne asta-ýuwaşdan düşünje döräp başlady, aýdýan zatlarymyzyň hemmesi bolmasa-da, belli bir bölegine düşünip başlady. Her ne bolsa-da şükür...
5. Lukmançylyk sagaldyşyndan daşary başga nämeler edýäňiz?
Şu wagtlar özbaşdyklygy we öýe degişli işleri etdirmegi öwretýärin. Başda kyn bolýar, çaga gygyrýar, aglaýar, diýeniňi edenok, ýöne 1-2 aý ýaltanman, günde elinden tutup öwretseňiz, ahyr edip başlar. Meselem, men ogluma çemçe-wilkany tutmagy, gapylary süpürmegi, özüne pampersini geýdirmegi, elinden tutup özüne musury zyňmagy öwretdim.
Köpe çykaryň! Köpi öwrediň! Diňlemeýänligi we gürlemän ymmyllap ýöreni sebäpli, daşaryk çykarmaga utanýan bolmagyňyz mümkin. Sebäbi, beýleki adamlar “nähili çaga bu?” diýip seredip durýalar, barmaklary bilen görkezýärler ýa-da “geplänokmy çagaň?” diýip soraýarlar. Käbirleri bolsa “näme özi iýip bilenokmy” ýa-da “entägem pampersdamy?” diýerdiler. Ýöne “Biri bir zat diýer” diýip gorkmak, utanmak, çekinmek ýalňyş ýörelgedir, sebäbi siz çaganyňyzy köpçülige çykarmasaňyz onuň ösüşine has uly zyýan ýetirersiňiz.
Adam islendik ýaşda bolsa-da, hemişe ýyly mähre mätäçdir. Saglyk ýagdaýyna garamazdan, her bir çaga aýratyn bir şahsyýetdir. Şol şahsyýeti terbiýelemekde ene-atanyň öňünde uly borçlaryň durýandygyny unutmaly däldiris. Çagaňyza ynanyň, ony ynjytmaň, göwnüne degmäň! Siz onuň hal-ýagdaýyny gowlandyrmagyň ugruna çykmasaňyz, ol şol durkuna galar. Şonuň üçin, şu günden başlaň! Şu günden öwreniň! Şu günden ylgaň! Wagt ýitirmäň! Çünki:
“Derdi beren, dermanynam berer!”