NASA-nyň gözlegi boýunça howany arassalaýan 10 otag güli

Aug 19, 2025 - 16:09
Aug 26, 2025 - 09:38
 0  20
NASA-nyň gözlegi boýunça howany arassalaýan 10 otag güli
NASA-nyň gözlegi boýunça howany arassalaýan 10 otag güli

NASA-nyň gözlegi boýunça howany arassalaýan 10 otag güli

1989-njy ýylda NASA howany formaldegid, ammiak ýaly zyýanly maddalardan arassalaýan otag gülleri barada barlag işini geçirýär. Bu barlag işi kosmiki stansiýalarda howany arassalamagyň usullaryny gözlemek maksady bilen geçirilen hem bolsa, netijeleri adaty öýlerde ulansa hem bolýar. Bu hasabat köne bolmagyna garamazdan, häzirler hem köpler tarapyndan şu güne çenli geçirilen iň göwrümli we dogry iş hökmünde görülýär.

Ynha ol gülleriň sanawy:

Hlorofil:

Formaldegid, ksilol, toluol we ammiagy gowy soraýar we tozany özüne gowy siňdirýär.

Spatifillum:

Howany benzoldan, formaldegidden, trihloretilenden, ksilenden, toluoldan we ammiakdan täsirli arassalaýar.

Drasena: 

Howadan trihloretileni, benzoly we formaldegidi aýyrýar.

Sansewiýeriýa:

Özüniň benzol, formaldegid, ksilol we toluol ýaly zyýanly maddalary sormak ukyby bilen meşhur.

Fikus: 

Howany çyglandyrýar we ony agyr birleşmelerden arassalaýar.

Nefrolepis:

Howany çyglandyrýar we ony formaldegidiň, bogujy gazyň we ksilolyň buga öwrülmesinden arassalaýar.

Hrizantema: 

Formaldegid, ksilol, benzol we ammiak bilen täsirli göreşýär.

Gerbera:

Trihloretileni, formaldegidi we benzoly aýyrýar.

Ssindapsus:

Howany formaldegidden we benzoldan arassalaýar.

Anturium:

Howany çyglandyrýar we ksilen we toluoly işjeň sorup, howany arassalanan suw buglary bilen doldurýar.

Köplenç, ösümlikler toksinleri ýapraklarynyň we kökleriniň üsti bilen sorup, soňra olary işläp, zyýansyz birleşmeleri çykarýarlar. Toprakdaky mikroorganizmler hem howanyň arassalanmagynda rol oýnaýar. Alymlar howanyň arassalanmagynyň täsirli bolmagy üçin 9m² otagda ortaça iki ösümligiň bolmagyny maslahat berýärler. Mundan başga-da, otag gülleri otagyň çyglylygyny artdyrýar we adamyň stressini azaldyp hem-de keýpini çaglandyryp, onuň psihiki saglygyna gowy täsir ýetirýär.