Sportdaky deňlik ugrunda ilkinji ädim: Ketrin Switseriň marafony
1967-nji ýylda Ketrin Switser Boston marafonyna gatnaşyp, zenanlaryň sportdaky hukuklary ugrunda taryhy ädim ätdi. Onuň göreşi sportda deňligiň ýoluny açdy.
Sport diňe güýç ýa-da ýeňiş bilen ölçenmeýär. Käwagt sport jemgyýetiň öňündäki päsgelçilikleri aýyrýar, täze ýol açýar. 1967-nji ýylda bolan bir waka munuň iň ýatdan çykmajak mysallarynyň biridir.
Şol ýylda 20 ýaşly amerikan gyzy Ketrin Switser Boston marafonyna ýazylýar. Emma şol döwürde zenanlaryň bu ýaryşa gatnaşmagyna rugsat ýokdy. Sebäbi köp adam zenanlaryň fiziki taýdan beýle uzak aralyga taýýar däldigini aýdýardylar. Ýöne Ketrin bu çäklendirmä boýun egmedi. Ol diňe baş harplaryny (K.V. Switzer) ulanyp ýazylýar we guramaçylar onuň zenanlygyny görmän goýberýärler.
Ýaryş gününiň dowamynda garaşylmadyk waka bolýar. Bir jogapkär şahsyýet Ketriniň marafona gatnaşýandygyny görýär we ony ýaryşdan çykarmaga synanyşýar. Hatda zor bilen ýolundan çekmekçi bolýar. Bu pursat surata düşürilýär we dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Emma Ketrin peselik etmeýär, ýoldaşlarynyň goldawy bilen dowam edip, marafony üstünlikli tamamlap bilýär.
Bu waka diňe bir şahsy ýeňiş däldi. Ol sport taryhynda täze gapyny açdy. 1972-nji ýylda zenanlara hem Boston marafonyna resmi taýdan gatnaşmaga rugsat berildi. Häzirki wagtda bolsa zenanlaryň marafon ýaryşlary dünýäniň iň uly sport çäreleriniň biri hökmünde kabul edilýär.
Ketrin Switseriň başdan geçirenleri sportuň diňe bäsleşik däldigini görkezýär. Sport jemgyýetiň çäklerini giňeldip, nesillere ruh berip biler. Onuň marafonda eden ädimi diňe bir sport ýeňşi däl, eýsem zenanlaryň hukuklary ugrunda gazanylan taryhy üstünlikdi.