Programmirlermäniň Beýnimize Täsiri
Alymlaryň gözleglerine görä, programirlemek diňe bir beýni merkezlerini işjeňleşdirmek bilen çäklenmän, pikirlenişiňize hem täsiri uludygyny aýan etdi. Programistlaryň işleri diňe bir näçe setirlik kodlary ýazmak bilen däl-de, eýsem logiki pikirlenmegi, meseläni çalt we iň amatly ýoldan çözmegi hem gerekdirýän çylşyrymly işlerden durýar. Netijede, programmirlemek bilen meşgullanmagyň - akyl taýdan işjeňligiň diňe beýnine täsir etmän, eýsem adamyň pikirlenişine, durmuşyna hem täsir edýändigine göz ýetirdiler.
Beýniniň Öwrenme Merkezlerini Işjeňleşdirýär
Dr. Janet Seigmund tarapyndan geçirilen gözlegleriň netijesinde programmirleme beýniniň esasy ýerleri bolan: dil öwrenme, ýadkeşlik we mesele çözmek ukuplylygy ýaly böleklerini güçlendirýändigi çaklandy. Programmirleme beýniniň dürli sebitlerindäki myşsalaryň ýadyny güýçlendirýär we bu güýçlenen myşsalaryň kömegi bilen hem informasiýalary çalt ýagdaýda öwrenip bolýar.
Ýatkeşligi Güýçlendirýär we Bilim taýdan ukuplaryňyzy kämilleşdirýär
Gyzykly tarapy, programmirlemek diňe logika däl, eýsem döredijilik bilen hem baglanyşyklydyr. Beýniniň çep tarapy analitik pikirlenmäni dolandyrsa, sag tarapy döredijilige jogapkärdir. Programmirlemek bu iki tarapy bilelikde işledýär. Bir programma döretmek diňe kod ýazmak däl, eýsem ulanyjy tejribesini, dizaýny we duýgyny döretmekdir. Bu bolsa beýniniň iki tarapyny hem ösdürýär.
Mundan başga-da, programmirlemek sabyrlylygy we düzgünliligi ösdürýär. Köplenç programmistler uzak wagtlap mesele çözmeli bolýar, kody täzeden ýazmaly bolýar ýa-da birnäçe synanyşyk etmeli bolýar. Bu ýagdaýlar beýnini çydamly bolmaga we kynçylyklara garşy durnukly bolmaga öwredýär.
Netijede, programmirlemek beýnini hemişe ösüşde saklaýar. Täze tehnologiýalar, täze diller we täze gurallar öwrenilýär. Bu bolsa beýniniň çeýeligini saklaýar we täze maglumatlary çalt kabul etmäge mümkinçilik berýär.
Jemläp aýdanymyzda, programmirlemek beýni üçin sport zaly ýalydyr. Näçe köp meşgullansaňyz, şonça-da pikirlenişiňiz güýçlenýär. Ol diňe bir tehnologiýa gurmak üçin däl, eýsem şahsy ösüş üçin hem iň täsirli ukyplaryň biridir.