Albert Einstein-iň Beýnisi Nirede?
Albert Einstein-iň beýnisi baradaky waka ylmyň taryhynda iň geň we jedelli wakalaryň biridir. Bu diňe bir biologik mesele däl, eýsem adamzatdaky “akylly alym” düşünjesine bolan gyzyklanma we ony düşündirmek islegi bilen bagly wakadyr.
Einstein 1955-nji ýylyň 18-nji aprelinde Princeton Hospital hassahanasynda aradan çykanda, onuň jesedi onuň öz islegi boýunça ýakylyp, kül edilmelidi. Ol öz jesediniň ylmy ýa-da jemgyýetçilik gyzyklanmasynyň obýektine öwrülmegini islemändi. Emma wakalar başgaça dowam etdi.
Awtopsiýa wagtynda patolog Thomas Stoltz Harvey Einstein-iň beýnisini rugsatsyz alyp goýýar. Einstein’yň beýnisiniň ýoklugynyň üsti açylandan soňra, Harvey Einstein’yň ogly Hans Albert’dan rugsat alyp, beyni diňe ylmy açyşlar babatynda ulanyljakdygyna kepil geçdi.
Einstein-iň beýnisi doly ýagdaýda saklanmady. Ol ownuk böleklere bölünip, dürli alymlara we barlag merkezlerine paýlanyp berildi. Şeýlelik bilen, onuň beýnisi ýyllaryň dowamynda dürli ýurtlara we laboratoriýalara “syýahat etdi”.
Harvey we ýanyndaky adamlaryň Einstein’yň beýnisiniň üstünde eden gözlegleri netijesinde köp makalalar we teoriýalar orta atyldy. Emma bu teoriýalar alymlar tarapyndan red edildi. Ýagny Harvey we kömekçileri Einstein’yň beýnisi başga bir adamyňkydan üýtgeşik däldigini bizlere görkezdiler. Häzirki wagtda Einstein-iň beýnisiniň bölekleri dürli ýerlerde saklanýar. Käbir bölekleri National Museum of Health and Medicine ýaly muzeýlerde görkezilýär, beýleki bölekleri bolsa ylmy edaralarda saklanýar.
Bu waka birnäçe ahlak soraglaryny hem ýüze çykarýar. Rugsatsyz beýnini almak dogrudymy? Akyllylyk diňe beýniniň gurluşy bilen kesgitlenýärmi? Bu soraglaryň jogaby henizem tapylmady.
Einstein-iň beýnisi bölünip, dürli ýerlerde saklanyp bilner. Ony ölçäp bolýar, seljerip bolýar, hatda beýleki beýniler bilen deňeşdirip bolýar. Ýöne bu zatlaryň hiç biri onuň nädip beýik alym bolandygyny doly düşündirip bilmeýär.
Çünki mesele beýniniň ululygynda ýa-da gurluşynda däl.
Hakyky mesele — şol beýniniň nähili ulanylandygyndadyr.
Einstein-i beýik eden zat onuň beýnisi däl, eýsem onuň pikirlenişi, sorag bermek endigi, ýalňyşlykdan gorkmazlygy we öwrenmäge bolan çäksiz islegidir. Şol bir beýni başga bir adamda bolup bilerdi, ýöne şol bir netije bolmazdy.
Şonuň üçin, akyllylyk — berlen zat däl, döredilýän zatdyr.
Her birimiziň beýnimiz bar. Ýöne ony nähili ösdürýändigimiz, nähili öwrenýändigimiz we nähili ulanýandygymyz — biziň kim boljakdygymyzy kesgitleýär.