Aaron Swartz “Internediň ogly”

Dünýädäki iň gymmatly zat bolan informasiýanyň hemmeler tarapyndan elýeterli bolmasy ugrunda uly işler alyp baran 21-nji asyryň iň uly kompýuter alymy we aktiwist bolan Aaron Swartz’yň gynandyryjy durmuşy.

Aug 12, 2025 - 16:54
 0  31
Aaron Swartz “Internediň ogly”

Dünýädäki iň gymmatly zat bolan informasiýanyň hemmeler tarapyndan elýeterli bolmasy ugrunda uly işler alyp baran 21-nji asyryň iň uly kompýuter alymy we aktiwist bolan Aaron Swartz’yň gynandyryjy durmuşy.

         Aaron Swartz 1986-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Amerikanyň Çikago ştatynda doguldy. Kiçi ýaşdan başlap kakasynyň kompýuteri bilen köp wagt geçiren Aaron, 3 ýaşynda öz tagallalary bilen okamagy we ýazmagy öwrendi. 12-i ýaşynda biziň şu wagtky “Wikipedia” diýp bilýän online ansiklopedianyň atasy bolan “TheInfo” atly web sahypany ýeke öz kodlapdy. Bu website’y ýasandan soňra Cambridge üniwersitedi tarapyndan “ArsDigita” baýragy berildi. 13 ýaşynda “RSS” atly internetdäki informasiýalary bir ýere jemläp ähli ulanyjylara paýlaýan bir taslamanyň üstünde işläp başlady. Aaron internediň üsti bilen özi ýaly informasiýa paýlaýan taslamanyň üstünde işleýän bir kompaniýa bilen tanyşyp, işleşip başlady. Bir ýyldan soňra kompaniýanyň iň bir wajyp işgärleriniň birine öwrüldi. Aaron okuwy gutaryp, adamlary has gowy tanamak maksady bilen Stanford Uniwersitetiniň sosiologiýa bölüminde okuwa başlady emma 1 ýyldan soňra okuwy taşlama kararyny aldy.

         Soňra 2005-nji ýylda Steve Huffman we Alexis Ohanian bilen işleşip şu wagtky dünýäniň iň uly sosial mediýalaryň biri bolan “Reddit” gurdular. “Reddit” gysga wagtda uly üstünlikler gazandy we “Conde Nast” kompaniýasy tarapyndan satyn alyndy. Şeýlelik bilen Aaron Swartz 20 ýaşynda millioner boldy.

         Ýaş başynda uly işler başaran Aaron Swartz’yň informasiýanyň her kim tarapyndan aňsatlyk bilen elýeterli bolmasy üçin Amerikanyň hökümetiniň maglumat bazasyny hackledi we ähli informasiýalary halka açyk etdi. Bu eden işi kanun tarapyndan günäli hasap edilmedi, emma FBI Aaron’y yzarlap başlady. Soňra Aaron MIT’nyň iň uly ylmy gözlegleri saklaýan maglumat bazasyny hackledi, soňra alan bütün informasiýalaryny internet älemine mugt görnüşinde paýlady. Bu eden işleri sebäpli 13 aýry jenaýatdan günäker bellendi, 35 ýyl azatlykdan mahrum edilme we 1 milýon Amerikan dollary möçberinde jeza berildi. Emma bu agyr hadysalaryň yzly-yzyna gelmesi sebäpli Aaron başyndan geçýän aladalary göterip bilmän 2013-nji ýylyň oktýabr aýynyň 11-ne, 26 ýaşynda wagty janyna kast etdi.

         Gynansakda, gowy adamlar öleninden soňra sylanýar. Aaron Swartz’yň eden işleri internet älemine uly goşant goşdy.  Şu günki “Wikipedia”, “Reddit” ýaly güýçli ulgamlaryny bizlere ýetirdi. Öleninden soňra bir topar baýrak berildi we Aaron Swartz’a “Internediň öz ogly” atly lakamy berildi. Bu gün internet Aaron Swartz’yň kömegi bilen has gözel bir ýer.

ahmetakyyev yadow, yone umutly