Dymyşlygyň ýaňy: Ýekelikde üstünlige ýetmegiň manysy barmy?

Mar 6, 2025 - 13:20
Mar 6, 2025 - 15:17
 3  165
Dymyşlygyň ýaňy: Ýekelikde üstünlige ýetmegiň manysy barmy?
    Göz oňüne getirip görüň, beýik agaçly gür tokaýlyk asyrlar boýy gülläp ösüp dur. Agaçlaryň biri wagtyň geçmegi netijesinde, uly goh bilen ýere gaçýar. Şahalar döwülýär, sütünler bolsa ýapraklaryň tozgasyny döretýär, ses tolkunlary bolsa daş töwerege ýaňlanýar. Ýöne eger daş töwerekde, şol sesi hiç kim eşitmedik bolsa, onda ses asla boldumyka? Fizika bize “Elbetde boldy, sebäbi sesiň yrgyldysy boldy” diýer, ýöne filosofiýa bize “Eger sesi hiç bir gulak eşitmedik bolsa, onda ol sese asla ses diýip bolarmy?” diýip sorag berer.
    Bu paradoks – ýöne bir pikirler oýny däl, bu paradoks bize adamyň durmuşynda beýleki adamyň barlygynyň ornuny görkezýar: islendik bir hadysa diňe başga biriniň kabul etmesi bilen öz doly manysyny eýeläp biler. Agaç ýere gaçýar, emma ses bolsa hadysa bilen şol hadysa düşünýäniň aralaryndaky dialogda döreýär. Biziň ýetýän üstünliklerimiz hem şeýle, nähili beýik üstünliklere ýetsek hem, olar öz ýakynlarymyzyň ýüreklerinde ornuny tapmasa, üstünliklerimiz doly däl ýaly görünýär.
    Ussat arhitektor bar diýip göz öňüne getiriň, ol ýeke özi bolup jansyz çöllükde piramida gurýar. Daşlar ideal piramida formasyna laýyklanyp goýulan we onuň durky matematik garmoniýany emele getirýär. Ýöne eger bu sungaty hiç kim hiç haçan görmese, ony görüp lezzet alyp bilmese, piramida barada rowaýatlar döretmese – onda bu piramida dünýä täsinligi bolarmy? Obýektiw tarapdan – hawa, sebäbi owadanlyk baha berilmezlik bilen hem bar bolup biliner, ýöne Subýektiw tarapdan – bu taryhy bolmadyk ýöne bir jansyz daşlaryň toplumy.

    Edil şeýle ýagdaýda hem öz açyşyny öýündäki laboratoriýasynda ýeke özi işläp, ýöne ony hiç kime beýan etmän ýogalyp, açyşyny ýany bilen alyp giden, şeýlelik bilen taryha girip bilmedik alym bolup biler.
    Adam – sosial jandardyr. Biziň begenjimiz, buýsanjymyz, hat-da gynanjymyz hem öz çuňlugyny, birine “Seret – bu meniň bölegim” diýenimizde emele gelýär. Gadymy grekler rowaýatlaryny Hudaýlar üçin däl-de, ony oduň başyndaky üýşmeleňler üçin toslapdyrlar, Renesans döwrüniň suratkeşleri bolsa eserlerini jemagatyň öňünde görkezip, olaryň lezzet alşyny görmek üçin ýazypdyrlar.
    Many – bu monolog däl, bu tükeniksiz gepleşikdir. Hat-da derwüş hem ýekelikde külbesini gurup otyrka, öz serinde Hudaý bilen, ýa ata-babalary ýa-da hyýaly “biri” bilen gepleşip otyr. Şolar ýaly salgylanmasyz islendik hereketi, jansyz tokaýda agajyň gaçyşy ýaly mehaniki herekete öwrülýär.
    Belki käbirler diýip bilerler: “Ýöne eger-de men öz-özüme ýetik bolsam? Öz üstünliklerimi özüm bilenim ýetik, öz içki buýsanjym meniň üçin eýýäm baýrak”. Elbetde. Ýöne hat-da şol buýsanç hem, kelledäki sesleriň dialogydyr, siz şol ýaňyň hem döredijisi hem-de diňleýjisi bolýansyňyz. Meseläniň jümmüşi bolsa “ýekelik perspektiwany ýoýýar”, daşky “aýnasyz” biz özümizi doly görmeklilik mümkinçiligimizi ýitirýäris.
    Göz öňüne getiriň Ewerest beýikligine çykan alpenisti, hawa onuň içki buýsanjy hakyky, emma oduň başyndaky gürrüňlersiz, dagyň eteginde begenç ýaşlary bilen garaşyp duran ýakyn adamlarsyz, bu edermenlik erteki bolmaklyk ähtmallygyna öwrülmegi mümkin, hat-da özi üçin hem. Wagtyň geçmegi bilen ýatlamanyň bölekleri ýoýulyp başlar, netijede waka düýşe öwrülip gider, “Men şol ýerde boldummykam?” diyen sorag dörär.

    Ýene-de bir ýagdaýa üns bereliň, gep bärde “illere göz edip görkezmeklik” däldir. Ýakynlarymyz – bize “sypaýyçylygyny görkezmek üçin” üstünliklerimizi alkyşlaýan märeke däl-de, eýsem olar biziň başymyza düşýän hadysalara duýgudaşlygyny bildirýän adamlardyr.
    Üstünligiň manysy - beýiklikligiň özünde däl-de, beýikligiň kölegesinde öz gymmat görýän adamlaryňy örtmekdedir, onuň miweleri bolsa birek-birigemiziň ýatlamamyz üçin iýmitdir. Hat-da ötüp gitmegiňizden soňrada üstünlikleriňiz çagalaryňyzyň dillende, maşgalaňyzyň we dostlaryňyzyň üýşmeginde ýaňlanyp durmalydyr.
    Ses - diňe şol sesi düşünip biljek kişi bar bolsa bardyr. Durmuşyň manysy hem, diňe şol manyny bölüşip biljek kişileriň bar bolsa bardyr. Ýeke şu ýagdaýda gaçýan agaç ýöne bir ses çykaranokda, eýsem taryh aýdyp başlaýar.