PayPal Mafia: Tehnologiýa taryhyny üýtgeden adamlar.
“PayPal Mafia” -nyň mirasy innowasiýa we tehnologiýa pudagynda dostlygyň we hyzmatdaşlygyň güýjüniň subutnamasydyr.
PayPal bu 2002-nji ýylda döredilen bir onlaýn töleg platformasydyr. Bu platformanyň döremesinde uly rollar oýnan adamlara PayPal mafiýasy diýp at berilýär, sebäbi bu adamlar 21-nji asyryň iň uly kompaniýalary: “Tesla”, “YouTube”, “Palantir” we şular ýaly ençeme kompaniýalaryň döremegine esas boldular.
Bularyň taryhy 1998-nji ýylda Max Levchin, Peter Thiel, we Luke Nosek-yň döreden “Fieldlink” kompaniýalary bilen başlaýar. Bu kompaniýa ilki başlarda howpsuzlyk programma üpjünçiligi döretmek maksady bilen gurulýar. Emma wagtyň geçmegi bilen kompaniýa adyny “Confinity” öwürýär we maksatlaryny howpsuzlyk üpjünçiliginden onlaýn töleg sistemalaryny gurnamaga gönükdirýärler. Şol bir wagtyň dowamynda hem Elon Muskyň kompaniýasy X.com hem onlaýn töleg sistemasy özgertmekde uly işler geçirýärdi. Şeýlelik bilen bu iki aýratyn kompaniýa 2000-nji ýylynda birleşýärler we “PayPal” ady bilen çykyş edip başlaýarlar. Kompaniýalary birleşenden soňra 2002-nji ýylda “PayPal” halka açylýar we ençeme adam tarapyndan ulanyp başlaýar. Bu uly başlangyç bolsa “Ebay” kompaniýasynyň gözüne düşýär we “PayPal”-yň 1.5 milýard amerikan dollaryn möçberinde aksiýalaryny satyn alýar.
PayPal Mafiýasynda Kimler bardy?
- Peter Thiel: Co-founder we venture capital titan, Thiel “Palantir”-y gurdy we “Facebook” kompaniýasyň irki inwestorlarynyň biridir.
- Elon Musk: “SpaceX”, “Tesla”, “Boring Company” we “Neuralink” ýaly kompaniýalaryň gurujusy.
- Max Levchin: “PayPal”-yň baş programisty, we “Affirm” kompaniýasynyň gurujusy.
- Reid Hoffman: “LinkedIn” kompaniýasynyň gurujylaryndan biri we uly tehnologiýa kompaniýaryň inwestory.
- Chad Hurley, Steve Chen, Jawed Karim: “PayPal”-yň esasy inženerlaey we “Youtube”-yň gurujylarydyr.
- David Sacks: “Yammer” kompaniýasynyň gurujusy, soňra bu kompaniýany “Microsoft”-a 1.2 milýar amerikan dollary möçberinde satdy we şu wagt “Craft Ventures” kompaniýasynyň uly inwestory.
- Roelof Botha: “PayPal”-yň CFO-sy, “Sequoia Capital”-yň uly maýa goýujylaryň biri we “Instagram”, “Square” ýaly kompaniýalara seretýär.
“PayPal Mafia” adynyň döremegine sebäp bolan ýagdaý hem 2007-nji ýylda “Fortune” zurnalynyň düşüren meşhur suratydyr.
“PayPal Mafia” -nyň mirasy innowasiýa we tehnologiýa pudagynda dostlygyň we hyzmatdaşlygyň güýjüniň subutnamasydyr.