Alymlar ummanyň çuňlugynyň gözegçiligi üçin arzan Cyborg-meduza döretdiler
Biogibridler barylmaly kyn ýerlerde daşky gurşaw hakda maglumat berýärler.
Boulderdäki Kolorado uniwersitetiniň alymlary ummanyň içindäki ýagdaýa gözegçilik etmek üçin kiborg meduzany — biogibrid jandarlary döretdiler. Howanyň üýtgemegi ýylama we ummanlaryň kömürturşy gazyny siňdirmegi sebäpli aşgarlanmagyna getirýär. Bu bolsa suw ekosistemalaryna howp salýar we ummanyň çuňlugyndaky maglumatlary toplamagymyzy talap edýär. Adaty enjamlaryň bolsa, köplenç, örän gymmat ýa-da ulanmaga oňaýsyzdygy sebäpli ep-esli çuňluga çümmäge ukyply aý meduzalaryny ulanmaklyk bu meseläniň tygşytly çözgüdi boldy.
Meduza daşky gurşawyň temperatura, pH we beýleki parametrleri barada maglumat ýygnaýan kiçi elektron datçikler bilen enjamlaşdyrylandyr. CU Boulder toparynyň işi meduza hereketiniň biomehanikasyny öwrenip, onuň maglumat ýygnamak platformalary hökmünde ulanylyşyny gowulandyrmakdyr. Soňky ylmy işde meduza tarapyndan biodegrirlenip bilýän krahmal bölejikleri arkaly döredilýän suw akymlarynyň seljerilişi beýan edilýär. Bu usul biogibrid jandarlaryň hereketini we ölçeg takyklygyny nädip ýokarlandyrmalydygyna düşünmäge kömek edýär.
Biogibrid tehnologiýalary ylymda ilkinji gezek ulanylanok: 1990-njy ýyllardan bäri gözlegçiler kiborg-mör-möjekleri bilen tejribe geçirýärler, mysal üçin gözleg we halas ediş işlerinde uzakdan gözegçilik etmek üçin tarakanlary kiçi elektrodlar bilen enjamlaşdyrdylar. 2015-nji ýyla çenli şeýle usullar tarakanlaryň hereketine, takmynan, 60% takyklyk bilen gözegçilik edip bilýärdi. Bu tejribe kiborg-meduzany kämilleşdirmek üçin esas bolup hyzmat etdi: elektronika ekologiki taýdan arassalygy we ýokary netijeliligini saklap, janly organizmiň mümkinçiliklerini doldurýar.
Kiborg-meduzanyň işlenip düzülmegi ummanlaryň ýagdaýyna arzan bahaly, çeýe we bioylalaşykly gözegçilik etmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şol bir wagtyň özünde, ony ulanyşa bermegiň bahasy gözleg ýerlerini kärendesine almakdan ep-esli pesdir. Dowam edýän gözlegler bu çemeleşmäniň netijeliligini tassyklaýar: kiborg meduza adaty tehnologiýa elýeterliliginiň çäkli ýa-da mümkin bolmadyk sebitlerinde hem maglumatlary ýygnamaga ukyplydyr, bu bolsa çaltlaşýan howa üýtgeme şertlerinde has möhümdir.