Li-Fi tehnologiýasy

Internet – häzirki zaman durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Biziň ulanýan telefonlarymyz, kompýuterlerimiz we telewizorlarymyz Wi-Fi arkaly internete birikýär. Emma soňky ýyllarda Wi-Fi tizliginiň we howpsuzlygynyň çäkli bolmagy sebäpli alymlar täze çözgütleri gözläp başladylar. Şol çözgütleriň iň täsirlileriniň biri bolsa – Li-Fi tehnologiýasydyr.

Aug 26, 2025 - 17:05
Aug 29, 2025 - 11:39
 0  28
Li-Fi tehnologiýasy

Li-Fi näme?

Li-Fi sözi Light Fidelity diymekligi aňladýar. Bu tehnologiýa maglumatlary geçirmegiň täze usulydyr. Ol radiotolkunlarynyň ýerine ýagtylyk tolkunlaryny ulanýar. Ýagny, LED çyralaryň ýagtylygy arkaly internet signallary geçirilýär. Meselem, öýüňizde ulanýan lampalaryňyz diňe öýüňizi ýagtylandyrman, eýsem telefon ýa-da kompýuteriňize internet hem berýär diýip göz öňüne getirip bilersiňiz.

Işleýiş tapgyrlary:

1.Maglumat kodlama: Li-Fi ulanylanda, maglumatlar ilki bilen sanly signallara öwrülýär. Bu sanly signallar, LED çyralarynyň ýanyp sönmesine gözegçilik edýän kontroller tarapyndan işlenilýär.

2.Ýagtylyk üsti bilen ugratma: Kontroller, maglumatlary alamatlandyrmak üçin LED çyralaryň ýanyp sönme görnüşini sazlaýar. LED-leriň ýanyp sönmesi açyk we ýapyk ýagdaýlarynda dürli bitleriň (0-lar we 1-ler) geçirilýändigini aňladýar. Bu ýagtylyk signallary, ýokary tizlikde maglumat geçirilişine mümkinçilik berýär.

3.Maglumat alyş: Alyjy enjam, LED çyradan gelýän ýagtylyk signallaryny fotodetektor arkaly duýýar. Fotodetektor ýagtylygy elektrik signallaryna öwürýär. Bu elektrik signallary bolsa soňra maglumata öwrülýär.

4.Maglumat çözgütleme: Alnan elektrik signallary, soňky ulanyjynyň düşünip biljek görnüşinde sanly maglumatlara öwrülýär we şeýlelik bilen aragatnaşyk doly tamamlanýar.

Goşa funksiýaly LED çyralar

Ulanylýan LED çyralar hem adaty yşyklandyryş wezipesini ýerine ýetirýär, hem-de maglumat geçirilişinde işjeň rol oýnaýar. Bu goşa funksiýa arkaly bar bolan yşyklandyryş ulgamyny maglumat geçiriji ulgama öwürmek mümkinçiligi döräp, çykdajylar azalýar. Netijede, energiýa tygşytlanýar we ykdysady netijelilik ýokarlanýar.

Li-Fi we Wi-Fi arasyndaky tapawutlar

Li-Fi we Wi-Fi ikisi hem simsiz aragatnaşygy üpjün etse-de, olaryň arasynda möhüm tapawutlar bar:

1.Geçiriş ýoly

Wi-Fi: Wi-Fi simsiz aragatnaşyk üçin radioýygylyklaryny ulanýar. Bu ýygylyklar öýlerde, iş ýerlerinde we köpçülige açyk ýerlerde giňden ulanylýar. Radiotolkunlary diwarlardan we beýleki päsgelçiliklerden geçip bilýär, şonuň üçin Wi-Fi signallary giň meýdana ýaýraýar.

Li-Fi: Li-Fi bolsa aragatnaşyk üçin görünýän ýagtylyk spektrini ulanýar, ýagny LED yşyklaryny maglumat ibermek üçin modulirleýär. Ýagtylyk tolkunlary, radiotolkunlaryndan tapawutlylykda, fiziki päsgelçilikleriň üsti bilen aňsatlyk bilen saklanýar. Bu ýagdaý onuň diňe çäkli we gözegçilikli meýdanda işlemegine sebäp bolýar, emma daşarky täsirlerden has az zyýan çekýär.

2.Tizlik

Wi-Fi: Wi-Fi-yň tizligi adatça ýüzlerçe megabit/sekunt bilen çäklenýär. Onuň tizligi tordaky enjamlaryň sanyna, päsgelçiliklere, ýygylyk zolagyna we daşky gurşaw ýaly birnäçe ýagdaýlara baglylykda üýtgäp bilýär.

Li-Fi: Li-Fi nazary taýdan gigabit/sekunt derejesindäki tizliklere ýetip bilýär. Bu aýratynlyk uly göwrümli maglumat alyş-çalyşlary we köp maglumatly programmalar üçin uly amatlyk berýär. Şeýle ýokary tizlik maglumat merkezlerinde, iri ofislerde we ylmy-barlag ýerlerinde örän peýdalydyr.

3.Howpsuzlyk

Wi-Fi: Wi-Fi signallary diwarlardan we päsgelçiliklerden geçip bilýänligi sebäpli rugsatsyz adamlar tarapyndan has aňsat gözegçilik edilip ýa-da ele geçirilip bilner. Şonuň üçin Wi-Fi ulgamlarynda şifrleme we howpsuzlyk protokollary örän möhümdir.

Li-Fi: Li-Fi signallary diňe ýagtylyk düşýän ýerde bolup bilýär. Ýagtylyk diwarlardan geçip bilmeýänligi sebäpli diňe belli bir araçäkde ulanyp bolýar. Bu ýagdaý ony aýratyn-da ýokary howpsuzlyk talap edilýän ýerler üçin amatly edýär, sebäbi signallara daşyndan aňsatlyk bilen ýetip bolmaýar.

Li-Fi aýratyn-da ýapyk we köpçülik ýerlerinde, şeýle hem ýokary howpsuzlykly gurşawlarda Wi-Fi-den has amatly alternatiwa bolup biler. Ol maglumat geçirilişinde has çalt, has howpsuz we has netijeli ýol hödürläp, simsiz aragatnaşygyň geljegine ýol açýar.