Saýt Hack-leme Usullary we Olara Garşy Goranyş
Saýt hacklemäniň belli bir usuly ýokdyr. Meselam bir saýtyň hack etme usuly bilen başka bir saýty hack edip bilmeýärsiňiz. Başgaça bir problemada hemme saýty hack edip bilmeýärsiňiz. Sebäbi indi özünü oňarýan herbir saýt hackerlere garşy goranmaga, kemçiliklerini düzeltmage başlady. Şuny hem belläp geçeýin haçanda täze bir goranma sistemalary ýüze çyksa derrew olara garşy täze bir hack usuly tapylýar. Ýagny aýtjak bolýan zadym bu bir loop (aýlanyp duran) zat. Umuman edip biljek hack usullaryňyz barada gysgaça maglumat bereýin.
PortBombing
Kompýuterimiz daşardaky dünya bilen “port” diyilyan kanallar bilen connect (aragatnaşykda) bolya. Networky ulanyş şekilimize göra bu portlaryň sany we nomerleri üytgap biler. Mysal üçin Telnet programanyň ulanýan port bilen FTP programmasynyň ulanýan portlary tapawutlydyr. Hacklerde köplenç kompýuterleriň bu portyna attack ederler. Şeylelikde bir kompýuteriň portyny daşardan kontrol edip bilsek, onsoň ol kompýuter eýýäm biziň elimiziň aýasynyň içinde diýsegem boljak. Haýsy saýta giräýen ýagdaýynyzda hem, aslynda siz ol saýtyň serwerine öz portyňyzy ulanmak üçin rugsat berýäňiz diýmekdir. Temany tazeden size täsin bir mysal bilen düşündirsem gowy boljak.
Firewall name? Firewall, gysgaça öz networkyňyz bilen İnternet arasynda örülen diwar diyip düşünüp bileris. İnternet tarapyndan gelip biljek ähli attacklara garşy networkymyzy goraýan firewallyň işi, rugsat berlen networklaryň ýada sistemalaryň networkyňyza gelmegine we başgalarynyň bolsa Firewall arkaly bloklanyp garşy goýulmagydyr. Firewallaryň ählisi bir hardware bolşy ýaly software bolup biler.
Spoofing name? Spoofingde Hacker, bizin sistemamyzyň filterlerini aşyp sisteme rugsatsyz girýär, meselem size bir sms iberip hamala size bu sms başka bir yerden yada birinden gelen yaly edip görkezýär. Bu ýagdaý köp internet ulanýanlaryň başyna gelendir men bir dostyma gelipdi sms seretdi nomer dine (00) 2 noldan ybarat. Yöne bular köplenç zyýan bermeyan hack synpyna girýär. İň köp sizde hackere garşy bir “bäh nädip etdikä?” diýen bilesigelijilik ýaly bir duçgyny oaýndyrýar. Eýsem hackeroň is’eýän zadam şol dälmi näme?!
Sniffing name? Sniffing esasy internetdaki parol we agzalyk atlaryny alyp soňam bu ulanyjylaryň ýerine sistema (saýta) girmäge ýüregiňe düwýärler, bu maksat bilen hackerler internetden yzygiderli paker-sms çöplap bularyň içini barlap görýärler. Edil bizde Türkmenistanda beýle ýagdaý yok welin emma başga döwletlerde internetde kredit kart nomerlerini ogurlamaga we başka birine degişli kredit kart nomerlerini ulanmak hem bu aýdanlaryma giryär we ýöne hökmany suratda kanuna garşydyr we gadagan edilen. Daşary ýurtlarda täze çykan kanunlarda gaty uly möçberde jerimesi bar.
Telefon (Telephone Entry)
Telefon sistemalary kompýuter sistemaleryna girmegiň aňsat ýollaryndan biridir. Internete telefon bilen girmek isleýänler üçin jan edýän we yzyna jan edýän (call back) sistemalar bardyr, onuň saýasynda sistema meňzeş telefon tony iberip modemiň täzeden yzyna jaň etmegini isläp bileris, munyň bilen hacklerler sistema girip bilerler.
Trojaning
Hemmamiziň bilşimiz ýaly troýa atynyň hekaýasyny bilmeýän ýokdyr. Öňki Greklerde, troýalylary yeňmek üçin tagtadan bir at heykeliniň içini esgerlerinden dolduryp aldap troýalylara sowgat edip ugradýarlar. Troýalylar bu aty şähere salanlaryndan soň içindäki esgerler daşary çykyp troýany basyp almak üçin beýleki esgerleriň şähere girjek derwezesini açyp olary salýarlar. Trojaning (troýa aty) sistemada meňzeş logika bilen işleýär. Hacker ilki bilen agzanyň sistemasyna eýe bolmak üçin trojan iberýär. Eger agza ýa-da ulanyjy bu programmany açaýsa “poly çudes bolya” bingooo, hacker ulanjyn kompýuterini näme isleýän bolsa hemme zady eder.
Onda näme bize diňe ätiýaçly bolaýmak galýar.