İş we şahsy durmuşy deňagramlaşdyrmagyň kyn taraplary

Iş–durmuş deňagramlylygyny düşünmegiň bir ýoly “Dört ojak teoriýasy” bilen düşündirilýär. Maňa ilkinji gezek şeýle aýdypdylar: Özüňi bir gaz peji ýaly göz öňüne getir. Ol ýerde 4 ojak bar. Her ojak durmuşyň belli bir bölegini aňladýar: 1. Ojak — Maşgala 2. Ojak — Dostlar 3. Ojak — Saglyk 4. Ojak — Iş Bu teoriýa görä: “Üstünlik gazanmak üçin bu ojagyň birini öçürmeli. Has uly üstünlik gazanmak üçin bolsa ikisini öçürmeli.”

Sep 5, 2025 - 15:17
Sep 8, 2025 - 03:05
 0  28
İş we şahsy durmuşy deňagramlaşdyrmagyň kyn taraplary

Dört ojak teoriýasyna üç seretme

Meniň ilkinji reaksiýam: “Ähli dört ojagy hem işledip, üstünlik gazanyp bolmazmy?” diýen sorag boldy.

Belki, iki ojagy birleşdirsem? Mysal üçin, “maşgala bilen dostlary bir kategoriýa salyp bolmazmy?”

Ýa-da saglyk bilen işi birleşdirsem? “Oturan ýerimde işlemek saglyga zyýan diýip eşitdim. Belki, duran ýerimde stol ulansam sagdyn galaryn?”

Ýöne soň düşünip başladym: men diňe bahana gözleýärdim. Çünki durmuş çalyşmalardan doly.

Eger işiňde we maşgalaňda üstünlige ýetmek isleýän bolsaň, dostlaryň ýa-da saglygyň ejir çekip biler.

Eger sagdyn ýaşamak we gowy ene-ata bolmak isleseň, käte karýera arzuwlaryňy ýeňletmeli bolýar.

Netijede, diňe wagt paýlap, ähli ojagy deň derejede işledip bolýar. Ýöne şonda-da hiç haýsynda iň ýokary derejä çykyp bolmaýar.

Sorag şu:

Sen näme isleýäň?

– Belli bir ugurda ýokary derejeli, emma deňagramsyz durmuşmy?

Ýa-da ähli ugurdan ortaça, emma deňagramly durmuşmy?

Bu mesele bilen nädip başa çykmaly?

1. Ojaklary daşardan üpjün etmek (Outsource)

Biz köp zatlary başga birine ýükleýäris:

– Nahary taýýarlaýan ýerden satyn almak

– Egin-eşigi arassalaýan ýere eltmek

– Maşyn ustasyna maşyn berip düzletmek

Bu bize wagt tygşytlaýar. Şeýlelik bilen, öz wagtyňy başga ugra berip bilýärsiň.

Mysal üçin iş ojagyny käbir adamlar işgär alyp, başgalara ýükleýärler.

Ene-atalar hem çagalaryny çagalar bagyna ýa-da (nýanka) berip, wagt tygşytlaýarlar.

Ýöne mesele şunda: sen özüň gatnaşmaýan wagtyň, bu ojak seniň üçin hakyky manyda ýanýarmy?

Işgärleriň işini edýän kärhana eýesi köplenç zerarlyk duýýar. Ene-atalar bolsa çagalary bilen wagt geçirmek isleýärler.

2. Çäklendirmeleri kabul etmek

Her kimiň arzuwy: “Käbir zatlara köpräk wagt tapsam, has gowy iş ederdim.”

Ýöne wagtyň ýok. Şonda sorag başgaça goýulýar:

“Bu çäkli wagt bilen nädip iň netijeli bolup bilerin?”

Mysallar:

– Diňe 9:00–17:00 aralygynda işläp bilýän bolsak, iň köp puly nädip gazanyp bileris?

– Diňe günde 15 minut ýazyp bilýän bolsak, kitap nädip gutarar?

– Diňe hepdede 3 sagat türgenleşip bilýän bolsak, nädip sagdyn galyp bileris?

Bu pikir saňa bar bolan wagtyňy iň peýdaly ulanmagy öwredýär. Ýöne şeýle-de bolsa, bu çäklendirme seniň iň ýokary mümkinçilikleriňe ýetmäge päsgel bolýar.

3. Durmuş möwsümleri (Seasons of Life)

Bäşinji ýol — durmuşyňy dürli döwürlere bölmek.

Mysal üçin, ýaş wagtyňda iş bilen sporta has köp üns berip bilersiň.

Çaga bolandan soň bolsa, maşgalaň esasy ojak bolýar.

Ýaş wagtyň dostlaryň bilen aragatnaşygy güýçlendirmek ýa-da öňki arzuwlaryňy durmuşa geçirmek mümkin bolýar.

Sen ähli ojagy ömür boýy ýakyp bilersiň, ýöne bir wagtyň özünde hemmesini doly ýakyp bilmersiň.

Has gowusy — käwagt deňagramlylygy bozup, belli bir döwür diňe bir ugry güýçlendirmek.

Men soňky bäş ýylyň dowamynda iş ojagymy güýçli ýandyrdym. Işimde üstünlik gazandym, ýöne dost ojagym örän pesledi, maşgala ojagy hem ýarym ýandy.

Sen häzirki wagtda haýsy möwsümdesiň?

Netije: Haýsy ojagy öçürdiň?

Dört ojak teoriýasy bize hakykaty görkezýär: Hemmesini bir wagtda alyp bolmaýar.

Her saýlawyň tölegi bar.

Atomic_habits Her gün 1% kämilleş (Jamesclear.com)