İşde we durmuşda başarnyksyzlygyň 3 basgançagy (we olary nädip düzetmeli?)

Sep 4, 2025 - 17:28
Sep 4, 2025 - 18:54
 0  34
İşde we durmuşda  başarnyksyzlygyň 3 basgançagy (we olary nädip düzetmeli?)

Durmuşdaky iň kyn zatlaryň biri — haçan dowam etmeli we haçan goýbolsun etmelidigini bilmekdir.

Bir tarapdan, sabyrlylyk we berklige eýe bolmak üstünlik gazanmagyň açarydyr. Özüni hünärinde kämilleşdiren islendik adam şübhelenýän pursatlara duşýar, ýöne içerki güýjüni tapyp ýoluny dowam etdirýär. Üstünlikli biznes gurmak, üstünlikli maşgala döretmek ýa-da täze ukyby öwrenmek isleýän bolsaňyz, dowamlylyk iň zerur häsiýetleriň biridir.

Beýleki tarapdan bolsa, adama “hiç wagt taşlama” diýip maslahat bermek hem ýalňyşdyr. Başarýan adamlar hem käwagt goýbolsun berýärler. Bir zat işlemeýän bolsa, akylly adamlar ony gaýtalap durmaýarlar. Olar täzeden synanyşýarlar, uýgunlaşýarlar, başga ýollary gözleýärler. Aýdylyşy ýaly: “Akylsyzlyk — şol bir zady gaýta-gaýta edip, başgaça netijä garaşmakdyr.”

Durmuşyň iki strategiýa-da mätäçligi bar. Käwagt hiç zatdan gorkman dowam etmeli, käwagt bolsa işlemän zatlary taşlap täze ýola geçmeli. Esasy sorag: Haçan goýbolsun etmeli, haçan bolsa dowam etmeli?

Men muny düşündirmek üçin başarnyksyzlygyň 3 basgançagy diýen çarçuwany ulanýaryn.

Başarnyksyzlygyň 3 basgançagy

Bu çarçuwa kynçylyklary 3 tapgyra bölýär:

1. Taktikada Başarnyksyzlyk ( How /Nähili etmeli?)

– Dogry ulgamlary döretmezlik, netijäni ölçemän işlemek, ownuk zatlara üns bermän işläp taktikada ýalňyşmak.

2. Strategiýada Başarnyksyzlyk (WHAT / Näme etmeli?)

– Dogry meýilnama bolmagyna garamazdan, ýalňyş ýoly saýlamak. Näme edilmelidigini dogry saýlap bilmeseňiz, netijä ýetmek kyn.

3. Wizýada Başarnyksyzlyk (WHY / Näme üçin?)

– Maksadyňyzy ýa-da näme üçin işleýändigiňizi bilmezlik. Dürs ugry goýmazlyk ýa-da öz arzuwyňyza laýyk gelmeýän ýol bilen gitmek.

1-nji basgançak: Taktikada Başarnyksyzlyk

Sam Carpenter 1984-nji ýylda Oregonyň Bend şäherinde kiçi biznes satyn aldy. Onuň maksady ABŞ-nyň iň ýokary hil telefon hyzmatyny döretmekdi. Ýöne ýyllap 100 sagatdan köp işleýän, kesel we gaty ýadaw adam boldy.

Bir gün ol düşündi: mesele vizýada ýa-da strategiýada däl, ulgamyň ýoklugynda. Her kim özüne görä iş edýärdi. Şonuň üçin ol ähli prosesi ýazyp çykdy: telefon jogap beriş düzgüninden başlap, tölegleri işlemäge çenli. Iki ýyldan soň ähli zat düzgünleşdirildi.

Netije?

– Iş wagty 100 sagatdan 10 sagada çenli azaldy.

– Girdeji ýokarlandy.

– Firma ýokary derejeli hyzmat görkezip, güýçlendi.

Taktikany düzetmegiň 3 usuly:

  • Prosesi ýazga geçir.
  • Netijäni ölçä.
  • Yzygiderli gözden geçir we täzele.

2-nji basgançak: Strategiýada Başarnyksyzlyk

1999-njy ýylda Jeff Bezos “Amazon Auctions” hyzmatyny açdy, maksady eBay bilen bäsleşmekdi. Ýöne bu doly başa barmady. Soňra “zShops”-y açdylar, olam işlemedi. Emma soň 2000-nji ýylda “Amazon Marketplace”-i açdylar we bu üstünlikli boldy.

Strategiýany düzetmegiň 3 usuly:

  • Ýörelgäni çalt işe giriz.
  • Arzan synanyş.
  • Çalt üýtget.

Strategiýa üýtgäp biler, bu adaty zat. Ýöne maksadyň üýtgemez.

3-nji basgançak: Wizýada Başarnyksyzlyk

Ralph Waldo Emerson ýaşlykda atasynyň ýoluny dowam edip ruhany boldy. Ýöne soň bu ýol onuň üçin däl diýdi we filosofiýa, edebiýat ugruna geçdi. Bu onuň hakyky arzuwydy.

Wizýany düzetmegiň 3 usuly:

  • Özüňi seljer (näme isleýändigiňe seret).
  • Eýgertmesiz maksadyňy kesgitläň (non-negotiable).
  • Tankyt bilen ýaşamagy öwren.

4-nji basgançak: Mümkinçilikde Başarnyksyzlyk (WHO)

Bu aýratyn ýagdaý — jemgyýetiň adamlara deň mümkinçilik bermeýän ýagdaýy. Mysal üçin, dünýäniň dürli ýerlerinde zehinli, akylly adamlar bar, ýöne olaryň durmuşdaky mümkinçilikleri örän çäklidir.

Jemleýji bellikler

Käwagt taktika ýalňyşlygy strategiýa ýa-da wizýa ýalňyşlygy ýaly bolup biler. Köp ýagdaýda adamlar ýalňyş ýoly saýlanok, diňe ownuk zatlar düzgünleşmändir. Taktika we strategiýa düzedilende, hakyky ýol köplenç özi ýüze çykýar.

Atomic_habits Her gün 1% kämilleş (Jamesclear.com)