Özbaşdak okaýanlar üçin maslahatlar
Özbaşdak okaýanlar üçin maslahatlar
Öz şahsy pikirleriňize görä bir ýol çyzyp, şoňa görä özbaşdak öwrenip bilersiňiz. Ýagny, ýörite usullar bolmazdan, islendik bir mowzukda kitap alyp, ony okap, düşnüksiz zatlary internetden gözläp. Emma edil fiziki zähmetdäki ýaly, ýörite gurallar okuwyň netijeliligini we tizligini ýokarlandyrýar. Çukury pil bilen gazmak onsuz gazandan has aňsat. Programmist Pol Graham öz makalasynda has gowy öwrenmek üçin näme etmelidigiňizi düşündirýär.
1. Birnäçe ugurlara üns beriň
"Dürli ugurlary öwrenmekmi ýa-da haýsy hem bolsa bir ugra ünsi jemlemek has gowumy?" soragy köpden bäri dowam edip gelinýän jedeldir. Ilkinji pikiri goramak üçin diňe bir zat aýdyp bolar: Ilon Maska serediň. Üstünlik gazanan adamlaryň köpüsi bilimli we köp ugurlar bilen gyzyklanýanlygy sebäpli uly netijelere ýetýärler.
Mysal üçin, öz biznesiňizi döretmek isleseňiz, ykdysadyýetiň esaslaryny öwrenmek ýeterlik däldir. Psihologiýa düşünmeli, taryhy okamaly, adamlar bilen aragatnaşyk saklamagy öwrenmeli we ylym we tehnologiýanyň gazananlary bilen gyzyklanmaly. Hatda bu hem ýeterlik bolman biler, şonuň üçin dürli ugurlara üns beriň, kitap okaň, dürli kurslara gatnaşyň we öwrediji wideolary görüň.
2. Hemme zada öwrenmäge mümkinçilik hökmünde serediň
Diňe kitap okanyňyzda ýa-da matematiki meseleleri çözeniňizde öwrenýärsiňiz öýtmäň. Daş-töweregiňizde bolup geçýän zatlaryň ählisi täze bir zady öwrenmäge sebäpdir.
Adaty bilim okuwy mekdebe we uniwersitete gitmek we öý işini ýerine ýetirmek diýip hasaplaýarka, özbaşdak öwrenmeklik has köp zady talap edýär.
Öwrenmegi intellektual oýun ýa-da güýmenje hökmünde görüň. Häzirki wagtda filmlerde, beýni oýunlarynda, podkastlarda we başga-da köp zatlarda elýeter bolan baý mümkinçilikleri göz öňünde tutuň. Okuw kitabyny okamazlyk bu özbaşdak öwrenip bilmejekdigiňizi aňlatmaýar. Adaty çeper film özüňizi adam psihologiýasy, sýužetiň garaşylmadyk öwrümleri, aktýorlaryň oýny we ş.m. barada barlap görmek üçin köp mümkinçilik berýär.
3. Iň oňat onlaýn çeşmeleri ulanyň
Mümkinçiligiň bolmazlygy üçin bahana ýok: häzirki wagtda size hemme zady diýen ýaly öwretmäge niýetlenen müňlerçe mugt kurslar elýeterdir. Elbetde, olar sizi hünärmen etmezler, ýöne saýlan mowzugyňyz boýunça esasy düşünjeleri bererler. Garwardda okamak üçin bolsa öýüňizi terk etmeli bolmaz.
4. "Evernote-y" ulanyň
Ol bellikleri saklamak üçin web hyzmaty we programma üpjünçiligi toplumydyr. Bellik tutuş web sahypasy, formatlanan tekst bölegi, ses faýly, surat ýa-da golýazma belligi bolup biler.
Programma köptaraplydyr: ony ähli enjamlaryňyzyň arasynda sinhronlap bilersiňiz. Bu özbaşdak öwrenmek üçin örän gowudyr. Oňa ähli pikirleriňizi, gerekli maglumatyňyz bolan sahypalaryňyzy, grafikleriňizi we kitaplaryňyzy ýazdyryň. Şonda bularyň hemmesini sanlyja sekuntda tapyp bilersiňiz.
5. "Pocket-i" ulanyň
Pocket Evernote-yň üstüni ýetirýär we onlaýn öwrenmek üçin ajaýyp programmadyr. Ol soňra gözden geçirmek isleýän zatlaryňyzyň hemmesini - makalalary, wideolary, kurslary ýatda saklamaga mümkinçilik berýär we hemmesini bir ýerde saklaýar.
Şeýle hem, programma birnäçe enjamda sinhronlanýar. Pocket-de halan sahypaňyzy, makalaňyzy ýa-da kursuňyzy kompýuteriňizden ýatda saklap, derrew smartfonyňyzda açyp bilersiňiz.
6. Dogry kitap gözlemekde ünsli boluň
Özbaşdak öwrenmekligiň ajaýyp tarapy öwrenjek zadyňy özüň kesgitlemäge mümkinçilik berýänligindedir. Bu bolsa aslynda näme okamalydygyny saýlamagy talap edýär. Ilkibaşda köp ýalňyşlyk goýberip, gereksiz kitaplary satyn alarsyňyz. Emma tejribäňiziň artmagy bilen içgin we paýhasly düşünüp başlarsyňyz.
Awtoryň abraýy, mowzugyň mazmuny, şu günki işjeňligi, şol bir materialy öwrenmek üçin has ýönekeý we has çalt usullaryň ýoklugy ýaly daşarky derňewden başlaň.
7. Paýlaşyň we öwreniň
Täze bilimleri özleşdirmegiň iň gowy usuly ony başga birine öwretmek diýip eşiden bolsaňyz gerek. Şonuň üçin bu maslahaty alyň we bu ugur bilen gyzyklanýan adamlary gözläň.
Şeýle hem, başgalar bilen tejribe we pikir alyşmak üçin birleşiň: hem täze pikir alarsyňyz we hem-de has tertipli bolarsyňyz. Ikinjisi aýratyn möhümdir, sebäbi özbaşdak öwrenmegiň bir çynlakaý kem tarapy bar: eger höwesi peselse adam ýaltalaşýar we işleri gaýra goýup başlaýar.
8. Sosial torlary nädip dogry ulanmalydygyny öwreniň
Olary oýlanyşyksyz ulansaňyz, diňe bir wagt ýitirmän, akyl we psihiki energiýanyň mukdaryny azaldyp, ünsüňizi öldürip başlarsyňyz.
Ýöne aňly ýagdaýda bolsaňyz we zombi modemine girmeseňiz, sosial ulgamlar uly kömekçi bolýar. Peýdaly makalalaryň ýollanmasyna ýazylyp, pikirdeş adamlaryňyzy tapyp we pikirlenmek üçin has köp maglumat alyp bilersiňiz.
9. Öwrenmekligi durmuş şekliňize öwrüň
Bu barada eýýäm bölekleýin durup geçdik: islendik ýagdaýda öwrenmäge sebäp tapyp bilersiňiz. Gapma-garşylykly ýagdaýa düşdüňizmi? Ajaýyp. Öwrenilen başarnyklary iş ýüzünde ulanmaga mümkinçilik bar. Kyn we hatda ýakymsyz adam bilen aragatnaşyk saklaýarsyňyzmy? Näme üçin gynanýarsyňyz, okan makalalaryňyzy ýada salyň we ozal alan bilimleriňizi ulanmaga synanyşyň. Islendik durmuş ýagdaýy siziň başarnygyňyzy ösdürip biler. Diňe ýakymsyz ýagdaýa häsiýetiňizi emele getirýän kynçylyk hökmünde seretmeli.
Size üstünlik arzuw edýärin!