WOOP tehnikasy: arzuw depderini ýatdan çykaryň we maksatlaryňyza tarap gidiň

Aug 28, 2025 - 08:34
Aug 29, 2025 - 11:22
 0  22
WOOP tehnikasy: arzuw depderini ýatdan çykaryň we maksatlaryňyza tarap gidiň

WOOP tehnikasy: arzuw depderini ýatdan çykaryň we maksatlaryňyza tarap gidiň

Her bir adamyň öz dilegi, öz islegi, öz maksady bar. Şonuň üçin bu usulyň hemmeler üçin peýdaly boljakdygyny çaklamak bolar. 

WOOP-yň tapgyrlary

WOOP usuly bir maksada ýetmegiň belli bir algoritmden ugur alýandygyny öňe sürýär. Tehnikanyň adyny düzýän harplar okyjyny bu algoritmiň basgançaklaryna alyp barýar. Ine, olaryň manysy:

W – wish (arzuw)

Birinji ädim — isleýän zadyňa düşünmekdir. Döwrümiziň meşhur ýazyjysy Çak Palanik: "Näme isleýändigiňizi bilmeseňiz islemeýän zatlaryňyzyň üýşmeginde ölersiňiz" — diýýär. Şeýle gynançly soňy islemeýän bolsaňyz durmuşyňyzyň haýsy ugrunyň aşa oňaýsyzdygyny, üýtgeşme talap edýändigini pikir ediň.

Mysal üçin, öz jaýyňyzyň gerekdigine düşünýärsiňiz. Indi ene-ataňyz bilen ýaşamak islemeýärsiňiz, öz maşgalaňyzy döretmek hakda pikir edýärsiňiz. Arzuw tapgyrynda üýtgetmek isleýän zadyňyza düşünersiňiz. 

O – outcome (netije)

Durmuşyňyzyň haýsy böleginiň kynlaşýandygyna we üýtgeşmeleri talap edýändigine düşünen bolsaňyz, üýtgedilen netijäni nähili görýändigiňizi göz öňüne getirmegiň wagty geldi. Ahyrynda nämä eýe bolmak isleýärsiňiz? Aýdyň, ölçenip bolýan, ýetip bolýan, hakykata laýyk we wagt bilen baglanyşykly maksatlary kesgitlemegi talap edýän bu ädimde SMART maksat kesgitlemek usulyny ulanmagy maslahat berýäris. Ölçegler näçe köp bolsa, şonça gowy.

Mysal üçin, öz jaýyňyzy islemek maksat däl, arzuw, ýöne şäher merkezindäki söwda merkeziň garşysyndaky ýaşaýyş jaýynyň ikinji gatyndaky 3 otagly jaýy 600 000 manada almak islemek maksada meňzeýär.

O – obstacle (päsgelçilik)

Bir çelek baly zaýalamaýan bir çemçe garaýag şu ädimdir. Oňyn pikirlenmä gapma-garşylygyna garamazdan, bu tapgyr maksada ýetmegiň ýolunda durýan päsgelçiliklere obýektiw baha bermäge mümkinçilik berýär. Bu maksadyňyzyň durmuşa geçirilip bilinjekdigine ýa-da bilinmejekdigine düşünmek üçin zerurdyr.

Jaý satyn almak ýolunda köp böwetler bolup biler we olar maliýe serişdeleriniň ýetmezçiliginden başlap, iş howpsuzlygy baradaky näbellilige çenli. Töwekgelçilikleri ölçäň, maksadyňa ýetmegiň ähtimallygyna baha beriň, iň bolmanda käbirini ätiýaçlandyryň. Meseleleriň we päsgelçilikleriň täsirini zyýansyzlandyrmaga synanyşyň. Mysal üçin, pul ýetmezçiligi bolan ýagdaýynda ene-atalardan kömek sorap, häzirki iş ýitirilen halatynda başga iş mümkinçiliklerini gözläp bolar.

P – plan (meýilnama)

Islegiňizi kesgitläp, maksat goýup we töwekgelçilikleri ölçän bolsaňyz, indi meýilleşdirmegiň wagty geldi. Arzuwyňyzy nädip durmuşa geçirjekdigiňizi anyk meýilleşdiriň we ýazyň. Bu islenýän mukdary nädip gazanyp boljakdygy barada jikme-jik kitapça bolmaly däldir. Has möhümi, bu tapgyrda päsgelçilik tapgyryndaky meseleleri çözýän çäreler toplumyna girýän mazmun bolmalydyr.

Jaý mysalyndan peýdalansak, WOOP usuly şeýle bolar:

W — hususy ýaşaýyş jaýy.

O — Aşgabat şäherindäki “Arkaç” söwda we dynç alyş merkeziniň garşysyndaky ýaşaýyş jaýynyň üç otagly öýi, bahasy — 300 000 manat, ikinji gat, çep tarapdaky öý. Möhleti — 2 ýyl.

O — 200 000 manat ýetenok, ipoteka göterimi ýokary, işdeş ýoldaşlaryň bilen düşünişmezlik, öýüň satylmagy.

R — iki aýyň içinde Aşgabada göçmek, täze maşgala guranlar üçin niýetlenen karzyň görnüşinden karz pul almak, şoňa görä-de, maşgala gurmak, kärdeşiň bilen seresaply hereket etmek, şol bir wagtyň özünde alternatiw boş iş orunlary gözlemek, jaýyň eýesi bilen ony saklamak barada ylalaşmak

Elbetde, geljekki öýüňizi kagyz ýüzüne çyzyp, boýap, mümkin boldugyça içki bezeginiň detallaryny goşup, diwara asyp, ol ýerde nädip ýaşaýandygyňyzy göz öňüne getirip bilersiňiz. Emma hereket meýilnamasyny ýazyp, ony durmuşa geçirip başlamagyň has real strategiýadygyny boýun almaly.

Iň soňunda bolsa WOOP tehnikasynyň subut edilen artykmaçlyklaryny belläsim gelýär.

WOOP näme üçin ulanylmaga mynasyp?

Ilki bilen, basgançakdan basgançaga geçip, kelläňizde sebäp-netije gatnaşyklaryny emele getirip, assosiatiw pikirlenmäni güýçlendirýärsiňiz. Beýni ýolda nämä garaşyp boljakdygyna düşünip, üstesine-de, muňa nähili çemeleşmelidigini bilse gorkularyň köpüsi ýok bolýar.

Ikinjiden, gorkularyň sany azalsa hereket etmek üçin güýç we höwes artýar. Ygtybarlylyk we ynam artýar, diňe hyýallara ýa-da netijesi bilen owadan surata däl-de, meýilnamaňyzyň subutnamalaryna daýanmak bilen has aňly hereket edýärsiňiz.

Üçünjiden, has uly ynamlylyk, aýdyň delillere esaslanýan öz güýjüňe bolan ynam has gowy netijä getirýär. Şeýlelik bilen, WOOP usuly özünde aňyň, duýgularyň we özüňi alyp barşyň täsirini birleşdirýär.

Dördünjiden, tehnika düýbünden mugt, ýönekeýligi sebäpli ulanmak aňsat, durmuşyň dürli ugurlary üçin amatly we şahsyýetiň sosial aýratynlyklaryna hiç hili çäklendirmesi ýok.

Arzuwlaryňyza akylly we aňly höwes bilen ýapyşyň. Maksatlaryňyza ýetmegiňizi arzuw edýärin!