Hakykatlar näme üçin düşünjelerimizi üýtgetmeýär

Ykdysatçy J.K. Galbraith bir gezek şeýle ýazypdyr: “Biriniň pikirini üýtgetmek bilen ony üýtgetmegiň zerur däldigini subut etmegiň arasynda saýlaw goýulsa, hemme adamlar diýen ýaly subutnamany gözlärler.” Lew Tolstoý bolsa has-da batyrgaý çykyş edipdir: “Eger bir adamyň öňünden bir mesele barada hiç hili düşünjesi bolmasa, iň akmak adama hem iň kyn mesele düşündirilip bilner; ýöne iň akylly adam üçin bolsa, öňünden öz pikiriniň dogrudygyna berk ynanýan bolsa, iň ýönekeý zady hem düşündirmek mümkin däl.” Näme bolup geçýär? Näme üçin hakykatlar biziň pikirimizi üýtgetmeýär? Näme üçin adam nädogry ýa-da ýalňyş pikire ynanmagyny dowam etdirýär? Şeýle hereketler bize nädip hyzmat edýär?

Aug 29, 2025 - 17:00
Aug 29, 2025 - 18:39
 1  24
Hakykatlar näme üçin düşünjelerimizi üýtgetmeýär

Ýalňyş Pikirleriň Logikasy

Adamlar ýaşaýşy dowam etdirmek üçin dünýä barada takmynan dogry düşünje edinmeli. Eger seniň hakykata bolan düşünjäň örän nädogry bolsa, gündelik durmuşyňda netijeli hereket etmek kynlaşar.

Ýöne hakykat we takyklyk diňe bir möhüm zat däl. Adam beýnisinde başga bir güýçli isleg hem bar: jemgyýetde kabul edilmek, degişli bolmak islegi.

Men “Atom endikleri” kitabynda şeýle ýazypdym:

“Adamlar toparlaýyn ýaşaýan jandarlardyr. Biz başgalaryň arasynda orun almak, olar bilen aragatnaşyk gurmak, olaryň hormatyny we kabul edişini gazanmak isleýäris. Şeýle islegler biziň diri galmagymyz üçin örän möhüm. Adamzat taryhynyň köp böleginde biziň ata-babalarymyz taýpalarda ýaşapdyrlar. Taýpadan aýrylmak – ýa has beteri, çetleşdirilmek – ölüm bilen deňdi.”

Bir ýagdaýyň hakykatyny bilmek möhüm, ýöne şol wagtda toparyň bölegi bolup galmak hem möhüm. Köplenç bu iki isleg biri-birine laýyk gelýär, ýöne käte biri-birine garşy çykýar.

Köp ýagdaýda jemgyýet bilen aragatnaşyk saklamak, belli bir fakt ýa-da pikir hakykatyny bilmekden has peýdaly bolup biler. Garwardyň psihology Stiwen Pinker muny şeýle düşündirýär:

“Adamlar ynançlaryna görä kabul edilýär ýa-da ýazgarylýar, şonuň üçin beýniniň bir wezipeleriniň biri-de, iň dogry bolmaga däl-de, ynanjyň eýesine iň köp ýaran, goragçy ýa-da tarapdar getirýän ynançlary saklamak bolup biler.”

Biz hemişe bir zady dogry bolany üçin ynanmaýarys. Käte bir zada şonuň üçin ynanýarys, sebäbi bu bizi söýýän adamlaryň gözünde gowy görkezýär.

Kevin Simler muny gaty jaýdar beýan edipdir:

Eger beýni belli bir ynanjy kabul edeni üçin sylag aljagyny öňünden duýsa, ony hemme zat bilen kabul eder we şol sylagyň nirden gelýändigi bilen kän gyzyklanmaz — pragmatiki taýdanmy (has gowy kararlar bilen has gowy netijeler), jemgyýet taýdanmy (ýaranlaryň gowy gatnaşygy) ýa-da bu ikisiniň garyndysymy.”

Ýalňyş ynançlar faktual taýdan peýdasyz bolup biler, ýöne jemgyýet taýdan peýdaly bolup biler. Başgaça aýdanyňda, bu ýagdaýy şeýle atlandyryp bolar: “faktual taýdan ýalňyş, emma jemgyýet taýdan dogry.” Adamlar köplenç şu iki zadyň arasynda saýlaw etmeli bolanda, faktlary däl-de, dostlaryny we maşgala gatnaşyklaryny saýlaýarlar.

Bu düşünje diňe bir näme üçin agşamlyk naharynda dilimizi dişläp oturýandygymyzy ýa-da ene-atamyzyň gödek sözlerine göz ýumýandygymyzy düşündirmän, eýsem başgalaryň pikirini üýtgetmegiň has gowy ýoluny hem görkezýär.

Hakykatlar düşünjelerimizi üýtgetmeýär. Dostluk Üýtgedýär.

Bir adamyň pikirini üýtgetmek – onuň taýpasyny üýtgetmäge ynandyrmak bilen deňdir. Sebäbi bir adam öňki pikirinden ýüz öwürse, jemgyýetdäki gatnaşyklaryny ýitirmek howpy bar. Eger onuň jemgyýetini hem elinden alsaň, onuň pikirini üýtgetmegini garaşyp bolmaz. Oňa täze bir ýer, täze bir topar gerek. Hiç kim dünýä garayşynyň ýykylmagyny islänok, eger netijesi ýalňyzlyk bolsa.

Adamlaryň pikirini üýtgetmegiň ýoly – olar bilen dostlaşmak, olary öz toparyňa goşmak, öz gurşawyňa kabul etmekdir. Şonda olar jemgyýetde daşlanmak(çetleşdirme) gorkusy bolmazdan pikirlerini üýtgedip bilerler.

Beýik Britaniýaly filosof Alain de Botton bu barada şeýle teklip edýär:

“Nätanyş bir topar bilen saçak başynda oturmak, jezasyz ýigrenmegi birneme kynlaşdyrmagyň deňeşdirip bolmajak we geň peýdasy bar. Pikir taýdan duşmançylyk we etniki gapma-garşylyk abstraksiýadan güýç alýar. Emma bir saçagyň daşynda oturmak – gap-gaçlary elden geçirmek, şol bir wagtda salfetaklary açmak ýa-da birinden duz soramak ýaly ýagdaýlar – bize olaryň ‘öýe ugradylmagy’ ýa-da ‘ýenjilmeli’ diýlip pikir ediýän ynanjymyzy adaty adamdygyny duýdurýar. Etniki gapma-garşylyklary ýok etmek üçin uly syýasy çözgütler teklip edilýär, ýöne şüpheli goňşularyň arasynda hoşgörliligi ösdürmegiň iň täsirli ýoly – olaryň bilelikde agşamlyk nahary iýmegini gazanmakdyr.”

Belki-de garşylyk döredýän zat tapawut däl-de, aralykdyr. Aralyk gysgaldygyça düşünje artýar.Abraham Lincolnyň şu sözleri ýada salýar:

“Ol adamy halamadym. Ony has gowy tanamaly.”

Hakykatlar düşünjelerimizi üýtgetmeýär. Dostluk üýtgedýär.

Ynançlaryň Spektri

Birnäçe ýyl mundanöň Ben Kaşnoşa maňa ýatdan çykmajak bir pikiri aýdypdy: biziň pikirimizi üýtgetmäge iň köp mümkinçilik edýän adamlar – pikirlerimiziň 98%-ine razy bolan adamlardyr.

Eger seniň gowy görýän, ynanýan we hormat edýän adamyň radikal bir pikiri bar bolsa, sen şol pikiriň ähmiýetine has kän baha berýärsiň, ony has çynlakaý kabul edýärsiň. Sebäbi siz eýýäm durmuşdaky köp zatda bir pikirdesiňiz. Belki, bu ýerde-de pikirini üýtgetmelisiň. Ýöne seniň bilen düýbünden başga adamyň şol bir radikal pikiri öňe sürmegi – ony ýöne samsyk diýip yzyna gaýtarmagy ýeňilleşdirýär.

Bu tapawudy aňsat göz öňüne getirmek üçin ynançlary bir spektrde ýerleşdirip bolar. Eger şol spektri 10 bölüme bölsek we sen 7-nji pozisiýada bolsaň, onda 1-nji ýerde duran adamy ynandyrmaga synanyşmagyň manysy ýok. Aralyk gaty giň. 7-nji ýerde duran wagtyňda, wagtyňy 6-njy we 8-nji ýerde duran adamlar bilen gatnaşyklary güýçlendirmäge sarp etmek has netijeli. Şeýdip, olary ýuwaş-ýuwaşdan öz ugruňa çekip bilersiň.

Iň gyzgalaňly jedeller köplenç spektriň iki çetinde duran adamlar arasynda ýüze çykýar, ýöne iň köp öwrenilýän zatlar bize golaý adamlardan gelýär. Birine näçe golaý bolsaň, seniň bilen deň däl bir-iki ynanjynyň öz-özünden seniň pikirleriňe siňmegi we akyl ugruňy üýtgetmegi has ähtimal bolýar. Bir pikiriň seniň häzirki garaýyşlaryňdan näçe uzak bolsa, ony ret etmegiň ähtimallygy şonça-da ýokary.

Adamynyň pikirini üýtgetmek meselesinde, bir çetden başga çete böküp geçmek gaty kyn. Spektr boýunça böküp geçip bolmaýar – diňe süýşüp geçmeli bolýar.

Seniň dünýä garşyňdan düýpgöter tapawut edýän pikir seniň üçin howply ýaly duýlar. Şonuň üçin şeýle pikiri oýlanmaga iň gowy ýer – howp döretmeýän gurşaw. Şonuň üçin kitaplar köplenç ynançlary üýtgetmekde gürrüňlerden ýa-da jedellerden has täsirli bolýar.

Söhbetdeşlikde adamlar öz statusyny we keşbini üns bilen goramaga çalyşýarlar. Ýüzüni ýitirmekden ýa-da samsyk görünmekden gorkýarlar. Eger olaryň öňünde oňaýsyz faktlar goýulsa, köplenç olar ýalňyşlygyny açyk boýun almakdan has köp öňki pikirine berk ýapyşýarlar.

Kitaplar bolsa bu dartgynlygy ýok edýär. Kitap bilen gürrüň adamynyň beýnisinde bolýar we beýlekileriň öňünde ýazgarylmak howpy ýok. Gynanmaýan wagtyňda, açyk pikirli bolmak aňsat.

Jedeller – adamyň şahsyýetine gönüden-göni hüjüm ýaly. Kitap okamak bolsa, bir pikiriň tohumyny onuň beýnisine rahatça salmak we onuň öz wagty bilen ösmegine ýol bermek ýaly. Adam öňden bar bolan ynanjyny ýeňjek bolanda, onuň beýnisinde eýýäm ýeterlik göreş bar. Olaryň üstüne seniň bilen hem göreş goşulmagy zerur däl.

Näme Üçin Ýalňyş Pikirler Dowam Edýär

Ýalňyş pikirleriň ýaşamagynyň başga bir sebäbi hem bar: adamlar olar hakynda gürleşmegi dowam etdirýärler.

Islendik pikir üçin dymmak – ölümdir. Hiç haçan aýdylmadyk ýa-da ýazylmadyk pikir ony döreden adam bilen bile ýitýär. Pikirler diňe gaýtalansa ýatda saklanýar. Olar diňe gaýtalansa ynanylýar.

Men eýýäm adamlaryň bir toparyň bölegi bolup görünmek üçin pikirleri gaýtalaýandygyny belläpdim. Ýöne köp adam geçip barýan möhüm bir zady görmeýär:

Adamlar ýalňyş pikirleri olaryň üstünden gülmek ýa-da tankytlamak arkaly hem gaýtalaýarlar. Sebäbi bir pikiri tankytlamazdan öň, şol pikiriň adyny tutmaly bolýarsyň. Şeýlelikde, sen adamlaryň ýatdan çykarmagyny isleýän pikiriňi özüň gaýtalaýarsyň. Elbetde, adamlar ony ýatdan çykaryp bilmeýär, sebäbi sen hemişe onuň hakda gürrüň edýärsiň. Näçe köp gaýtalansa, adamlaryň oňa ynanmagy şonça-da ähtimal bolýar.

Bu hadysany “Cleariň Gaýtalanma Kanuny” diýip atlandyryp bileris:

Bir pikire ynanýan adamlaryň sany – şol pikiriň soňky ýylda näçe gezek gaýtalanandygy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr, hatda pikiriň özi ýalňyş bolsa-da.

Her gezek ýalňyş pikire hüjüm edeniňde, sen ýok etmek isleýän zadyňy güýçlendirýärsiň. Twitteriň bir işgäri şeýle ýazypdyr:

“Her gezek gahar edýärsiň diýip biriniň twitini paýlaşanyňda ýa-da sitata getireninde, bu olara kömek edýär. Olaryň biderek pikirlerini ýaýradýar. Ýigrenýän ideýaň üçin iň uly jeza – dymmakdyr. Oňa sabyr bilen garşy dur.”

Wagtyňy ýalňyş pikirleri ýykmaga däl-de, gowy pikirleri goldamaga sarp etmek has netijeli. Näme üçin ýalňyş pikirleriň ýalňyşdygyny düşündirjek bolup wagtyňy ýitirmeli? Sen diňe nadanlygyň we samsyklygyň oduny has güýçlendirýärsiň.

Ýalňyş pikir üçin iň gowy zat – onuň ýatdan çykarylmagy. Gowy pikir üçin iň gowy zat – onuň paýlaşylmagy. Bu ýerde men Tyler Coweniň sözlerini ýatlaýaryn:

“Başgalaryň näme üçin ýalňyşdygyny düşündirjek bolup, mümkin boldygyndan wagtyňyzy az ýitiriň.”

Gowy pikirleri iýmitlendir, ýalňyş pikirleri açlykdan ölsün.

Akyl Zolagynda Esger

Meniň pikir edişiňi bilýärin: “James, dogrudanam şuny aýdýarmyň? Şu samsyklar beýle zatlary aýdyp ýörmeli bolsa, men näme dymmalymy?”

Aýdyň aýdýaryn: men hiç haçan ýalňyş pikiri görkezmegiň ýa-da tankytlamagyň peýdasy ýok diýemok. Ýöne özüňden soramaly zat bar: “Maksadym näme?”

Näme üçin ilkinji nobatda ýalňyş pikirleri tankytlamak isleýärsiň? Ýönekeýden aýdanymyzda, sen dünýäniň has gowy bolmagyny, adamlaryň şeýle ýalňyş zatlara az ynanmagyny isleýärsiň. Diýmek, sen pikirleriň üýtgemegi bilen dünýäde gowulyk bolar diýip hasaplaýarsyň.

Eger maksadymyz hakykatdanam adamlaryň pikirini üýtgetmek bolsa, onda garşy tarapy tankytlamak iň gowy ýol däl diýip pikir edýärin.

Adamlaryň köpüsi jedeli ýeňmek üçin edýär, öwrenmek üçin däl. Julia Galef muny örän jaýdar düşündirýär: adamlar köplenç “razwedçi” däl-de, “esger” ýaly hereket edýärler. Esgerler aň taýdan hüjüme geçýärler, garşydaşlaryny ýeňmäge synanyşýarlar. Olaryň esasy duýgusy ýeňişdir. Razwedçiler bolsa akyl gözlegçileri ýaly – beýleki adamlar bilen bile meýdany öwrenýärler. Olar üçin esasy güýç gyzyklanmadyr.

Eger biriniň seniň ynançlaryňy kabul etmegini isleýän bolsaň, onda esger ýaly däl-de, razwedçi ýaly hereket et. Bu ýoluň merkezinde Tiago Forte tarapyndan ajaýyp goýlan sorag bar:

Söhbetdeşligi dowam etdirmek üçin ýeňmekden ýüz öwürmäge taýynmy?

Ilki Mähirli Bol, Soň Dogry Bol

Ýapon ýazyjysy Haruki Murakami bir gezek şeýle ýazypdyr:

“Häzirki zatlary ýatda sakla: jedel etmek we ýeňmek, garşy tarapyň reallygyny ýykmakdyr. Adam üçin öz hakykatyny ýitirmek agyr bolýar. Şonuň üçin mähirli bol, hatda dogry bolsaň hem.”

Biz şol pursatda köplenç maksadymyzy ýatdan çykaryp bilýäris: maksadymyz garşy tarapy bilen aragatnaşyk gurmak, hyzmatdaşlyk etmek, dostlaşmak, ony öz toparymyza goşmak. Biz ýeňiş gazanmak bilen şonça meşgullanýarys welin, gatnaşygy gurmagy unudýarys. Energiýamyzy adamlar hakda baha bermäge sarp etmek aňsat, ýöne olar bilen bile işleşmek kyn görünýär.

“Kind” sözi gadymy dilde “kin” (maşgala) sözünden gelip çykypdyr. Birine mähirli bolmak – ony maşgalaň ýaly görmek diýmekdir. Muny men biriniň pikirini üýtgetmegiň iň gowy ýoly hasaplaýaryn. Dostluk döret. Bilelikde nahar iý. Kitap sowgat et.

Ilki mähirli bol, soň dogry bol.

Atomic_habits Her gün 1% kämilleş (Jamesclear.com)