Üstünlik gazanandyklary üçin mekdep mugallymlaryna sag bolsun aýdýan meşhurlar
Durmuşymyzdaky käbir adamlar biziň şu günki keşbimizi emele getirýär we olar geljegimizde-de has uly rol oýnaýar. Şeýle gatnaşyklaryň biri hem mugallym bilen okuwçynyň arasyndadyr. Nirede bolsak-da, durmuşymyzda hiç haçan ýatdan çykaryp bilmejek bir mugallymymyz bardyr.
Biz size durmuşyny gowy tarapa üýtgeden mähriban mugallymlaryna sag bolsun aýdýan meşhurlaryň birnäçesi barada makala taýýarladyk.
1. Opra Winfreý
Meşhur we köp tomaşa edilýän söhbet gepleşiginiň alyp baryjysy we haýyr-sahawatçy Opra Winfreý özüniň çagalygy barada aýdyp berende mugallymy hanym Dunkany ýatlaman durup bilmeýär. Winfreý söhbetdeşlikde: "Hanym Dunkanyň kömegi bilen elmydama dünýäni alyp biljekdigimi duýýardym. Ol mugallymlaryň etmeli zatlaryny doly etdi, olar elmydama siziň bilen bile boljak öwrenmeklige höwesi döredýärler. Meniň şu gün söhbet gepleşiklerimiň bardygynyň sebäbi şudur" diýdi.
2. Jon Lejend
Amerikaly aýdymçy we aýdym ýazyjysy Jon Lejend iňlis dili mugallymyna özüni ýazuw endikleriniň bardygyna ynanmaklyga iterendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Lejend şeýle diýýär: "Iňlis dili mugallymym hanym Bodeý meni mekdepden zähmet üstünliklerime tarap alyp barýan bilim ýolumda möhüm rol oýnady. Onuň sapagyna çenli men ýazyjylyk başarnygymyň bardygyna ynanamokdym. Ol meniň ukybymy gördi we maňa döredijilikli, aýdyň we hyjuwly ýazyp biljekdigimi görkezdi".
3. Ser Patrik Stýuart
Iňlis aktýory, prodýuseri we režissýory üçin iňlis dili mugallymy jenap Sesil Dormand bolmadyk bolsa, film karýerasy bolmazdy. Stýuart bir gezek: "Jenap Dormandyň we mekdebimiň aktýorlyk kursum üçin töleg töländigine birnäçe ýyldan soň göz ýetirdim. Şonuň üçin Sesil Dormand bolmadyk bolsa, Patrik Stýuart üçin aktýorçylyk karýerasy ýok. Hemme zat onuň bilen başlandy. Men muny oňa 90 ýaş doglan gününde jaň edenimde ýatladypdym" diýdi. Ol, köplenç , özünde aktýorçylyk ukybyny göreniň we Şekspiri tanadanyň hem-de ilkinji aktýorçylyk sapaklaryna tölemäge kömek edeniň jenap Dormandygyny agzap geçýär.
4. Bill Geýts
Dünýäniň iň baý adamlaryndan biri bolan Microsoft-yň eýesi Bill Geýts, matematika we iňlis dili mugallymlary bolmadyk bolsa üstünlik gazanmagynyň mümkin däldigini aýdýar. Biri san öwreden bolsa, beýlekisi diliň güýjüni öwredipdir. Bill Geýts: "Fred Wraýt atly matematika mugallymym bardy, ol menden öňküden köpräk okamagymy haýyş etdi. Ýokarky synplardaky geometriýa mugallymym kompýuterlere bolan söýgimi döretdi. Iňlis dilini we dramany öwredýän Ann Stefens meni drama gurnagyna ýazylmaga mejbur etdi. Sahnada çykyş etmegim hökmany zat däldi. Onda meniň ussatlygym hem ýokdy. Emma ol meniň bilen ýakyn gatnaşyk gurdy we meni sahnada çykyş etmeklige synanyşyp görer ýaly etdi. Men sahnanyň ýyldyzy bolmalydym. Mugallymlarym şol zatlary etmedik bolsalar, onda Microsoft bolmazdy" diýip ýatlady.
5. Maýa Anjelu
Sözleri dünýäni höweslendirýän we duýgulandyrýan ýazyjy munuň mugallymy hanym Floweriň özünde döreden şygryýete bolan söýgüsiniň netijesidigini aýdýar. Hanym Flower ony kitaphana äkidip, ähli kitaplary okamaga we özi bilen bile goşgyny sesli okamaga höweslendiripdir. Şeýlelikde, Anjelunyň şygryýet bolan söýgüsi çuňlaşypdyr.
6. Karan Johar
Meşhur režissýor we prodýuser Karan Johar üçin kärdeşi Aditýa Çopra iň uly ylham we iň gowy mugallymdyr. Johar zähmet ýoluna onuň gözegçiliginde başlady. Ol ilki režissýoryň kömekçisi bolup, Aditýa Çopradan kinorežissýorlygy öwrenendigini aýdýar. Aslynda Johar ýakynda öz sosial hasabynda oňa "Mugallymlar günüňiz gutly bolsun!" diýip arzuw etdi.