Üstünlikli Liderleriň özünde edinmeli 7 endigi

Mar 10, 2026 - 01:01
 0  0
Üstünlikli Liderleriň özünde edinmeli 7 endigi

1. Öz-özüňi Tanymak (Self-Awareness) Öz güýçli we gowşak taraplaryňyzy, şeýle hem sizi gaharlandyrýan ýa-da biynjalyk edýän sebäpleri (trigger) biliň. Sebäbi özüňizdäki "kör nokatlar" (görmän galýan kemçilikleriňiz) size bolan ynamy ýitirip biler.

  • Mysal: Menejer özüniň tankyt edilen wagty gaharjaň bolýandygyny bilýär. Ol gaharlanmagyň deregine: "Men bu taslama köp zähmet siňdirenim üçin goraýjy bolup bilerin, ýöne siziň dogruçyl garaýyşlaryňyzy eşitmek isleýärin" diýýär.

2. Aragatnaşyk (Communication) Diýjek bolýan zadyňyzy anyk aýdyň, işjeň diňlemegi başaryň we hiç wagt çaklamalara esaslanmaň. Anyklyk toparyň bir maksada gönükmegini üpjün edýär.

  • Mysal: "Bu işi gowulaşdyryň" diýmegiň deregine, lider: "Ulanyjylaryň sanyny artdyrmak üçin sahypanyň ýükleniş tizligini 20% çaltlandyrmalydyrys" diýip anyk wezipe goýýar.

3. Karar Berijilik (Decision-Making) Faktlary ölçerip-döküň, duýgyňyza ynanyň we gutarnykly karara geliň. Kararsyzlyk we ikirjiňlenmek hemmaniň işini haýallatýar.

  • Mysal: Bazar üýtgän wagty, ýolbaşçy ähli maglumatlara 100% eýe bolmasa-da, kompaniýanyň wagtyny ýitirmezlik üçin täze strategiki ugra geçmek barada çalt karar berýär.

4. Çydamlylyk (Resilience) Şowsuzlyklardan soň özüňizi dürsemegi başaryň, bulam-bujarlyk pursadynda rahatlygyňyzy saklaň we öňe gitmegi dowam ediň.

  • Mysal: Taslama şowsuz bolandan soň, lider toparyny ýygnap: "Bu garaşyşymyz ýaly bolmady, ýöne biz mundan sapak aldyk. Indi has tejribeli dowam ederis" diýip hemmeleri ruhlandyrýar.

5. Ygtyýarlandyrmak (Empowerment) Toparyňyzyň her bir agzasyna soňyna çenli ynanyň, wezipeleri maksatnamalaýyn tabşyryň we olara öz işlerine eýeçilik etmäge mümkinçilik beriň.

  • Mysal: Hemme zady özi dolandyrmaga çalşaman, lider işgärine diňe garaşylýan netijäni aýdýar we işiň ýerine ýetiriliş usulyny işgäriň özüne goýýar.

6. Uýgunlaşyjylyk (Adaptability) Üýtgeşme hemişelikdir. Çeýe boluň, strategiýalaryňyza täzeden serediň we toparyňyza ýagdaýa görä nähili uýgunlaşmalydygyny görkeziň.

  • Mysal: Täze tehnologiýalar ýüze çykanda, lider köne usullarda aýak dözmän, iş prosesini täze şertlere görä üýtgedýär.

7. Dogruçyllyk we Bitewülik (Integrity) Hiç kim seretmeýän wagty hem dogry işi ediň. Sebäbi ynam diňe yzygiderli dogry hereketler arkaly gurulýar. Emma bir çat açansoň aňsat-aňsat täzeden öňki durkyna getirip bolmaýar.

  • Mysal: Bir ýalňyşlyk goýberilende, lider günäni başgalaryň üstüne atmany, jogapkärçiligi öz üstüne alýar we muny açyk aýdýar.