Tanyşlyklar, gatnaşyklar, ömür - kesişip-aýrylýan ýollar
Ömür - bu iki nokadyň arasyndaky synaglardan doly ýolagçylyk. Onda ýol bar, ýolagçy bar, ýoldaş bar. Käbir ýollar bir-birleri bilen kesişýär. Bu ýolda käbir tanyş ýoldaş bolýar, käbir ýoldaş - syrdaş.
Ömür - bu iki nokadyň arasyndaky synaglardan doly ýolagçylyk. Onda ýol bar, ýolagçy bar, ýoldaş bar. Başga üýtgeşik zada kän bir gabat gelibem barylanok. Bu, duşman diýilýänem seredýän nokadyňa görä bolaý-ýar. Käbiriniň ýoly duşmandan doly, käbiriniňki bolsa - dostdan...
---
Ömür diýilýän bu uzyn ýolagçylykda kerwen gurap barýarkaň, adam depesiniň başdan geçirmedik wakalary bolmaýar diýen ýaly. Bir görseň çöldedir, bir görseň şäherde. Bir görseň säher bilen dagdadyr, bir görseň gün batar wagty - günbatarda deňizde. Gidere, edere zat kän. Her baran ýeriň özüňe meňzeş ýolagçydan doly. Her bir ýolagçy - ähtimal tanyşlyk. Her bir tanyşlyk - gabat gelýän ýa-da çapraz geçýän uzyn ýol. Her tanyş bilen ýoluň belli bir pursady ýolagçysyň, käbiri bilen soň täzeden gabatlaşarsyň - olam seň geljekki ýoldaşyňdyr... Ine, şeýdip ömür diýilýän bu "başdan geçirmede" tanyşlaryň kerep ýaly bir-biri bilen çolaşyp gider welin, giden bir tor bolar. Muňa-da "durmuş tory" ýa-da "tanyşlyklar tory" diýilýär.
Käbir tanyşlyklar bolar - durmuşyňy üýtgeder. Käbir adamlarda şeýle bir güýç bar ki, seni senden çykarar. Özüňi täzeden tanamagyňa kömek eder. Bu adamlar şeýle bir üýtgeşik adamlardyr - edil Hydyr deýin dadyňa ýetişer. Kynçylyk çekýän islendik meseläňde çykyş ýoluňdyr -isle ruhy bolsun, isle maddy, parhy ýok- olar saňa elinde bary bilen kömek ederler.
Her kimiň durmuşynda bolýar şular ýaly adamlar... Olaryň gadyryny bilmeli, çünki olar ömür ýoluňdaky iň möhüm ýoldaşyňdyr. Ýol kartaňy çekmegiňe kömek eder, belli bir nokada çenli saňa penakär bolar. Köplenç, bu adamlara halypa hem diýilýär. Köplenç, mugallym ýa-da "pylany" aga. Ol eýýäm öz seredýän nokadyňa bagly. Isle aga diý, isle halypa - parhy ýok. Ol öwüt berer, ýol görkezer, ýoluňa yşyk tutar. Güýç alarsyň bu adamlaryň barlygyndan.
Meniň ýolumda maňa mugallymlar, halypalar, agalar kän duşdy. Men her birine müňden "on müň" razy. Çagalar bagyndan başlap mekdep döwrümde, talyplyk döwrümden başlap iş durmuşymda şolaryň kömegi bilen men uly üstünlikleri gazandym. Her birini diňledim, her biriniň diýýän sözünden çykmazlyga synanyşdym. Netijesinde kän zat gazandym. Meselem, ýadyma düşýär, mekdep döwri müdirimiz we ders mugallymym bilen bile taryhy waka gol çekipdik. Hem ders bäsleşiginden, hem taslama bäsleşiginden, hem ylmy-tehnologiki ýaryşdan döwlet tapgyrynda hormatly baýrakly orunlary alypdyk. 1 ýylda döwlet derejesinde 3 sany ýer - hemmesi hem biziňki. Akla sygjak zat däl! Ýöne bolýan eken, dogry adamlar bilen ýoldaş bolsaň ýetmejek menziliň ýok! Şol ýyl başga halkara bäsleşiklere-de gatnaşypdyk. Olardan hem gowy netijeler alypdyk... Diňe bu däl, geçmişe ser salsaň başga-da üstünlikler kän.
Umuman, diýjegim şu ki, ynsan bilen ynsan arasyndaky tanyşlyklar, gatnaşyklar - uly güýç. Bu güýçden dogry peýdalanmak - üstünlikli durmuşyň esasy açary. Türkmen agada şeýle bir nakyl bar:
- Her gijäni gadyr bil, her göreniňi Hydyr bil; gaty jaýdar aýdylan sözler. Şu nukdaýnazardan, ýoluňuzda gowy adamlaryň duşmagy dilegi bilen size üstünlikler arzuw edýärin!
P.S. Üstünlik - göräli düşünje. Men öz gymmatlyklarym boýunça "üstünlik" hasaplaýan wakamy siziň bilen paýlaşdym. Maksat magtanmak däl, esasy düşünjäni berkitmek üçin durmuşdan mysal bermek. Minnetdar!