"Tost" taslamasy - Täzeçil pikirleriň döreýşi

2010-njy ýylda Tomas Thwaites tost enjamyny ýasamak üçin zerur bolan ähli zatlary başdan-aşak döretmegi ýüregine düwdi. Ol dükana baryp, iň arzan tost ebjamyny satyn aldy we öýüne gelip, ony bölek-bölek söküp başlady. Thwaites, tost apparatynyň gaty ýönekeý enjam boljakdygyna ynanýardy. Ýöne ony doly söküp gutaranda, onuň polynda 400-den gowrak bölek ýerleşipdi. Tost apparaty 100-den gowrak dürli materialdan ybarat eken, esasy üçüsi plastik, nikel we polat bolupdyr. Ol ilki polat böleklerini döretmegi meýilleşdirdi. Polat taýýarlamak üçin demir rudasy gerekdigini bilenden soň, Thwaites öz sebitindäki demir känine jaň edip, bu maksat üçin biraz ruda ulanmaga rugsat bermegini haýyş etdi. Geň galdyryjy bolsa-da, olar razy boldular.

Sep 7, 2025 - 00:00
Sep 8, 2025 - 11:17
 0  20
"Tost" taslamasy - Täzeçil pikirleriň döreýşi

Tost Taslamasy

Emma bu ýeňiş gysga wagt dowam etdi.

Plastik gabygyny döretmegiň wagty gelende, Thwaites plastigiň nebitden alynýandygyny bilip galdy. Ol BP kompaniýasyna jaň edip, özüni nebit känine uçurmagyny we azajyk nebit bermegini sorady. Kompaniýa dessine garşy çykdy. Görnüşinden, nebit kompaniýalary demir känleri ýaly sahy däl eken.

Netijede, ol plastigiň galyndylaryny ýygnap, tost gabygynyň görnüşinde eredip taýýarlamaly boldy. Bu eşidilişi ýaly aňsat däldi. El ýasa tost apparatyň görnüşi, aşhana enjamlaryndan has köp, eredilen torta meňzeýärdi.

Bu ýagdaý “Tost Taslamasy” döwrüniň ahyryna çenli dowam etdi. Öňünden bar bolan proseslerden peýdalanmazdan, öňe gitmek diýen ýaly mümkin däldi. Mysal üçin, nikel bölekleri döretmek üçin ol köne teňňeleri eredip ulanmaly boldy. Soňra ol şeýle diýdi:

Eger siz doly noldan başlasaňyz, diňe bir tost enjamyny ýasamak üçin tutuş ömrüňizi sarp edersiňiz.”

Täzeçillik Pikirleriň Döreýşi – “Tost Taslamasy”

Tomas Thwaites tost apparatyny noldan başlap ýasamak isleýärdi. “Tost Taslamasy” diýlip atlandyrylan bu işiň netijesi bolsa eredilen torta meňzeýärdi.

Noldan Başlamaň

Noldan başlamak adatça gowy pikir däl.

Biz köplenç täze pikirleriň we möhüm üýtgeşmeleriň arassalanan sahypa zerurdygyna ynanýarys. Bir biznes taslamasy şowsuz bolsa: “Hemme zady täzeden başlalyň” diýýäris. Öz endiklerimizi üýtgetmek islämizok, “Maňa diňe täze başlangyç gerek” diýip pikir edýäris. Ýöne döredijilik ösüşi, öňki pikirleri we täzelikleri ýok edip, bütin dünýäni täzeden göz öňünde tutmagyň netijesi bolýan ýagdaý gaty seýrek bolýar.

Tebigatdan mysal alalyň:

Käbir alymlar guşlaryň ýüňleriniň gadymy süýrenijileriň taraglaryndan emele gelendigine ynanýarlar. Ewolýusiýa güýçleriniň netijesinde taraklar ilki ýylylygy saklamak üçin ulanylan ownuk ýüňlere öwrüldi. Soňra bolsa olar uly ýüňlere öwrülip, uçmaga mümkinçilik berdi.

“Geliň, noldan başlap uçup bilýän haýwan döredeliň” diýen bir ajaýyp pursat bolanok. Uçýan guşlaryň emele gelişi öňden bar bolan pikirleriň kämilleşdirilmegi arkaly ädimme-ädim bolupdy.

Adam uçuşynyň ösüşi hem şu ýoly yzarlady. Biz adaty ýagdaýda häzirki zaman uçuşynyň döredijileri hökmünde Orwill we Wilbur Wright doganlary ýatlaýarys. Emma olaryň öňünden ýoluňy açan Otto Lilienthal, Samuel Langley we Octave Chanute ýaly awiasiýa pionerlerini seýrek ýatlaýarys. Wright doganlar ilkinji uçýan apparaty döretmek ýolunda şolardan öwrenip, olaryň işiniň üstünde gurupdylar.

Iň döredijilikli täzelikler köplenç köne pikirleriň täze kombinasiýasyndan emele gelýär. Täze pikirçiler döretmeýärler, olar baglanyşdyrýarlar. Mundan başga-da, ösüşe ýetmegiň iň netijeli usuly, öňden işläp duran zadyň üstünde 1% gowulaşdyrma etmekdir, ähli zady dargadyp, täzeden başlamaga garanyňda.

Täzeden döretme, kämilleşdir

“Tost Taslamasy” häzirki zaman dünýäsiniň näderejede çylşyrymlydygyny köp halatda düşünmeýändigimiziň mysalydyr. Tost apparaty satyn alanyňyzda, onuň dükanda peýda bolmagy üçin nämeler edilendigini oýlamýarsyňyz. Demiriň dagdan gazylýandygyny ýa-da nebit ýerden çykarylýandygyny bilmersiňiz.

Biz zatlaryň ajaýyp özara baglanyşygyndan köplenç bihabar. Bu düşünmek üçin möhümdir, sebäbi çylşyrymly dünýäde siziň bähbidiňize işleýän güýçleri hem-de garşy işleýän güýçleri görüp bilmek kyn. Tost apparaty satyn almak ýaly, biz köplenç ahyrky netijä üns berýäris we oňa eltýän köp sanly prosesi görmezlikden gelýäris.

Çylşyrymly mesele bilen meşgullananyňyzda, adatça, eýýäm işläp duran zatlaryň üstünde gurmak has gowudyr. Häzirki wagtda işläp duran islendik pikir birnäçe synagdan geçipdir. Köne pikirler gizlin ýaragdyr, sebäbi olar eýýäm çylşyrymly dünýäde ýaşap galmagy başarypdyr.

Täze zat döretme, kämilleşdir.

Atomic_habits Her gün 1% kämilleş (Jamesclear.com)