Topraklamak täri

Sep 28, 2025 - 15:48
 0  18
Topraklamak täri

Bu gün eýýäm size tanyş bolan ýa-da her birimizde bolup biläýjek bir wakanyň üstünde durjak.

"Göz öňüne getir, düýn baş direktoryň ýygnagynda örän gorkdum" — diýip, ikinji çaşka kofesini sargyt eden Meret gürrüňe başlady. "Bir hepde taýýarlyk gördüm, sanlary ýat tutdum, slaýdlar ajaýypdy... Çykyşdan bäş minut öň bolsa bam! Ýüregim gürsüldeýärdi, ellerim buz ýalydy we kellämde ýekeje pikir bardy: "Men häzir özümden gidýärin".

Täze tapgyr 

Onuň bir ýylyň içinde iki çykyşy bimany aladalary sebäpli şuňa meňzeş şowsuz boldy. Pikirleri bulaşdy, sesi titredi, hatda ajaýyp slaýdlaram ony halas edip bilmedi. Ol: "Beýnim logikany öçürip, "doňma" tertibine geçen ýalydy" — diýip igenýärdi. 

X gününden bir hepde öň Meret şu ýere we şu wagta ünsi jemleýän "topraklamak" hakda bir makalany gördi. Çykgynsyz ýagdaýlarda synap görmek isledi.

  • Görýän 5 zadym: ýagty noutbuk ekrany, stoluň üstündäki gök ruçka, kärdeşimiň çat açan käsesi, penjirä düşýän agajyň kölegesi, oturgyçdaky gyzyl şarf.
  • Duýýan 4 zadym: howa sowadyjynyň salkyn howasy, goşar sagadymyň bilegimdäki basyşy, ýandepderçämiň büdür-südürligi, narpyzly sakgyjyň tagamy.
  • Eşidýän 3 sesim: proýektoryň güwwüldüsi, koridorda kimdir biriniň gülküsi, ruçkamyň hytyrdysy.
  • Alýan 2 ysym: kofe we el losýony.
  • Duýýan 1 emosiýam: gorkýaryn, ýöne indi azrak gorkýaryn.

"Ilki bilen samsyklyk ýalydy" — diýip, Meret güldi — Ýöne bir minutdan soň ýürek urgymyň haýallandygyny we pikirimiň durlanandygyny bildim. Aýnanyň öňünde çykyşymy ýerine ýetirip taýýarlananym ýadyma düşdi we "Hemme zady bilýänä" diýip pikir etdim.

Netije: Tanyşdyryş gowy geçdi. Maýa goýujylar sorag berdiler we Meret ynamly jogap berdi, sebäbi ol bu pursatdan lezzet alýardy. Duşuşykdan soň direktor baş atdy: "Geçen gezekden has gowy".

"Indi bu dessury her dartgynly wakadan öň gaýtalaýaryn" — diýdi. "Hatda aladalanýan bolsam metroda-da gaýtalaýaryn . Aljyraňňylygyň öňüni almak üçin "durmak" düwmesine basan ýaly".

P.S. Meret henizem şowlulyk getirýän gyzyl şarfyny dakynýar: "Munuň manysyzdygyny aýdyp bilersiňiz, ýöne ol hemme zat ýykylsa-da, ownuk zatlardan goldaw tapyp biljekdigimizi bize ýatladýar".