Oýun Teoriýasy we Tussagyň dilemmasy

Tussagyň dilemmasy – oýun nazaryýetindäki iň meşhur mysallaryň biridir. Ol adamlaryň köplenç diňe öz bähbitlerini gözläp hereket edýändigini we köplenç hyzmatdaşlygyň has gowy netije berýändigini görkezýär. Bu makalada oýun nazaryýetiniň taryhy, Tussagyň dilemmasynyň döreýşi we onuň syýasatda, iş dünýäsinde we gündelik durmuşda näme üçin möhümdigi düşündirilýär.

Sep 13, 2025 - 13:17
 1  28
Oýun Teoriýasy we Tussagyň dilemmasy

Oýun nazaryýeti – netijeleri diňe bir adamyň karary bilen çäklenmän, beýlekileriň hem kararyna bagly bolan ýagdaýlary öwrenýän ylmy ugurdyr. Bu pikir başlangyçda gaty çylşyrymly ýaly görünse-de, oýun nazaryýeti ykdysadyýeti, syýasaty, jemgyýet ylmyny we gündelik durmuşymyzy düşündirmekde uly täsir edýär. Ol bize näme üçin adamlar käwagt hyzmatdaşlyk edýär, käwagt bäsleşýär we strategiki pikirlenmäniň netijeleri nädip kesgitleýändigini görkezýär.

Häzirki zaman oýun nazaryýetiniň başlangyçlary John von Neumann bilen baglanyşyklydyr. Ol 1920–1930-njy ýyllarda bäsdeşlik strategiýalaryny matematiki taýdan öwrenip başlady. Ol Minimax Teoremasyny işläp taýýarlady, bu, “zero-sum” oýunlarynda iň gowy strategiýalary çaklamaga mümkinçilik berdi. Bu ýerde biriniň gazanan zady, beýlekiniň ýitiren zady bilen deňdir. Soňra von Neumann Oskar Morgenstern bilen bilelikde Theory of Games and Economic Behavior (1944) kitabyny ýazyp, oýun nazaryýetini ylmy taýdan esaslandyrdy.

Ýene bir möhüm şahsyýet – John Nash, 1950-nji ýyllarda “Nash deňagramlygyny” tanatdy. Nash-iň işleri oýun nazaryýetini diňe matematiki teoriýa bolmakdan çykaryp, ykdysadyýeti, syýasaty we jemgyýetçilik hereketlerini düşündirmek üçin gurala öwürdi.

Oýun teoriýasynyň iň meşhur goşundylaryndan biri, şahsy gyzyklanma we köpçülikleýin peýdanyň arasyndaky dartgynlygy görkezýän pikir synagy bolan “Tussagyň dilemmasy”-dyr. Meselem: Aýry-aýry kameralarda tussag edilen iki jenaýatçyny göz öňüne getiriň. Polisiýa her birine şol bir şertnama teklip edýär: eger biri dönüklik etse we beýleki hem hiç zat aýtmasa, dönüklik eden göýberilýär, hiç zat aýtmadyk hem 10 ýyl tutsag edilýär. Ikisi hem biri-birinden şikaýet edip, biri-birine dönüklik etse, hersi bäş ýyl alar. Ikisi hem dymsa, ownuk jenaýat üçin diňe bir ýyl tutsag edilýär.

Ýokardan seredeniňde iň gowy çözgüt aç-açan görünýär: ikisi hem dymmaly. Şeýle ýagdaýda hersi diňe bir ýyl türmä girer. Ýöne mesele şundadyr: olaryň hiç biri beýlekä ynanyp bilenok we: “eger dostum dymsa, men boýun alsam, boşadylaryn; eger dostum boýun alsa, men hem boýun almalydyryn bolmasa on ýyl türmä girmeli bolaryn”. Şeýle pikirlenme netijesinde ikisi hem boýun alýar we hersi bäş ýyl türmä girýär. Şeýlelikde, öz bähbitleri üçin hereket edip, olaryň hersi has erbet netijä ýol açýar. Bu garyşyk paradox adamyň ýeka alýan kararynyň köpçülige edip biljek täsirlerini görkezýär.

Tussagyň dilemmasy diňe teoriýa däl, eýsem durmuşda köplenç gaýtalanýan ýagdaýdyr. Döwletler ýarag ýaryşynda biri-biri bilen bäsleşip, milliardlap pul harçlaýarlar, ýöne parahatçylyk olaryň ikisine hem has peýdaly bolardy. Kompaniýalar arasynda hem şeýle ýagdaý bolýar: bäsdeşlik bilen bahany peseldýärler we soňunda ikisi hem zyýan çekýär. Hatda gündelik dostluk gatnaşyklarynda-da, iki adam köplenç diňe öz bähbidi üçin hereket edip, gatnaşyklaryna zeper ýetirýär.

Bu mysal bize şuny öwredýär: diňe öz bähbidini oýlap hereket etmek hemişe iň gowy ýol däl. Dogruçylyk, ynam, aragatnaşyk we hyzmatdaşlyk jemgyýetiň hem-de adam gatnaşyklarynyň öňe gitmegi üçin iň möhüm zatlardyr. Oýun nazaryýeti we Tussagyň dilemmasy bize şuny görkezýär: käte özüň üçin “akylly” görünýän ýol seni has erbet netijä ýetirýär, ýöne hyzmatdaşlyk etmek – hatda howply ýaly duýulsa-da – ähli taraplar üçin has ýagşy geljege ýol açyp biler.

ahmetakyyev yadow, yone umutly