PERSONA

Siz haysy maskaňyz bilen köpçülige çykýaňyz?!

Nov 28, 2025 - 20:59
Dec 2, 2025 - 15:50
 1  22
PERSONA

“Persona” sözi latynça "maska" diýmegi aňladýar. Psihologiýada bolsa bu, adamyň jemgyýetde görkezýän daşky keşbi, rolly görnüşi bolup durýar.

Başgaça aýtsak:

Öz-özümize galanymyzdaky hakyky ýüzümizden tapawutlylykda, adamlaryň öňünde görkezýän ýüzümiz.

Adam öz içindäki duýgularyny, gowşak taraplaryny gizläp, jemgyýete laýyk bolmak üçin belli bir keşp düzýär. Şol keşp — persona.

 Nämä üçin adam persona döredýär?

a) Jemgyýetde kabul edilmek üçin

Adamlar seni gowy görsün diýip, käte özüňi üýtgedýärsiň.

Mysal:

– Içiňde utanjaň — daşarda batyr görünýäň.

– Içiňde ýumşak — daşardan agras görünýäň.

b) Özüňi goramak üçin

Hakykatdan gowşak ýerleriňi görkezmejek bolup “gorag maskasy” döredýärsiň.

c) Rol talap edeni üçin

Her ýagdaýda başga persona peýda bolýar:

– işde başga,

– öýde başga,

– dostlaryň arasynda başga.

Bu adaty zat, psihiki bozuklyk däl. Ýöne ýalan we özüňden gaçmak derejesine geçse — problemaly.

Personanyň görnüşleri

1) Güýçli we sowuk persona

Duýgusyny görkezmeýän, araçäkli.

Sebäp: ýaralanmakdan gorkmak.

2) Ýakymly we mähirli persona

Hemmäniň göwnüne yarajak bolýan, hemme zada "bolýa, hawwa" diýýän.

Sebäp: kabul edilmezlik gorkusy.

3) Göwnünden turujy persona

Hemişe güýçli, hemişe üstünlikli ýaly görkezýär.

Sebäp: öz-özünden şüphelenme.

4) Göwnüçe ýaşaýan persona

Energiýaly, gülýän, her güni baýramçylyk ýaly.

Sebäp: içki boşlugy gizlemek.

Persona bilen hakykatyň arasyndaky çatryk

Problema şu ýerde ýüze çykýar:

Daşardaky keşp — köp energiýa talap edýär.

Adam öz hakykatyny gizledigiçe — içki dartgynlyk artýar.

Uzak wagt dowam edende — ýadama, ýalňyş gatnaşyklar, boşluk duýgusy döreýär.

Sebäbi adam özüniň hakyky jaýynda däl, rolunda ýaşamaga başlaýar.

Personanyň peýdasy

Jemgyýetde sazlaşyk döredýär.

Işde we resmi ýagdaýlarda zerur.

Kä ýagdaýda seni goraýar.

Ýöne mesele — sen ony dolandyryp bilmeseň, ol seni dolandyrar.

Atomic_habits Her gün 1% kämilleş (Jamesclear.com)