7 sany ajaýyp filosofiki kitap

Oct 24, 2025 - 11:15
 0  34
7 sany ajaýyp filosofiki kitap

Filosofiýa islendik adam üçin gyzykly bolan ýa-da ony gyzyklandyryp biljek soraglara jogap gözleýär. Dürli pikirler, köplenç, biri-birine gapma-garşy gelse-de, bu diňe bir mowzuga dürli nukdaýnazardan garamaga mümkinçilik berýänligi sebäpli, olaryň gymmatyny artdyrýar. Bu ajaýyp disiplina bilen tanyşlyga başlamagyňyza kömek etmek üçin filosofiki kitaplaryň sanawyny taýýarladyk. Olaryň ýokary hilli we peýdaly edebiýaty söýýänleriň hemmesine ýarajakdygy şübhesiz.

1. Mark Awreliý "Oýlanmalar" (Marcus Aurelius — Meditations)

Bu adamzat taryhynda şuňa meňzeş ýeke-täk eserdir. Bu öz döwrüniň iň täsirli adamlaryndan biriniň şahsy pikirleri. Ol jogapkärçilikleri we borçlary nädip dogry ýerine ýetirmelidigi barada özüne maslahat berýär. Stoik Mark Awreliý her gün agşam özüni kiçigöwünli, sabyrly, duýgudaş we güýçli etmek üçin döredilen birnäçe ruhy maşklary we ýatlatmalary ýerine ýetirýärdi.

Bu amaly pelsepe, şonuň üçin kitapdan alnan bilimleri şu gün ulanyp bilersiňiz. Bu eseri göçürilen we ýat tutan bir topar aýtgy bolmasa okamak mümkin däl.

2. Seneka "Lusiliusa ahlak hatlary" (Seneca — Moral letters to Lucilius)

Seneka hem Mark Awreliý ýaly Rimde güýçli şahsyýetdi. Şeýle hem, ol beýik ýazyjy we şol döwrüň görnükli şahsyýetleriniň ynamdarydy. Olar, köplenç, ondan maslahat soraýardylar. Bu maslahatlaryň köpüsi ýazgy görnüşinde saklanyp galypdyr.

Bu hatlary okanymyzda, häzirki döwürde hem işjeňligini saklaýan köp soraglara jogap alýarys: garyplyk we baýlyk, gaýgy we şatlyk, üstünlik we şowsuzlyk. Seneka stoikdi, ýöne onuň dünýägaraýşy beýleki pelsepe mekdepleri tarapyndan emele geldi we onuň çykaran netijeleriniň diapazony dürli-dürli boldy.

Senekanyň meşhur sitatasy: "Tekst gowy bolsa, awtoryň kimdigi meni gyzyklandyranok." Amaly pelsepäniň bu ýörelgesi, hakykatdan hem peýdaly bolsa, maslahatyň nireden gelmeginiň ähmiýeti ýok. "Lusiliusa ahlak hatlary" peýdaly maslahatlar üçin maslahat berilýän kitaplaryň biridir.

3. Publiliý Sir "Jümleler" (Publilius Syrus — Sentences)

Siriýanyň öňki guly Publiliý Sir häzirki durmuşda hem ulanyp boljak paýhas çeşmesidir.

"Derýalary olaryň gözbaşyndan geçmek iň aňsat ".

"Uly imperiýa isleýärsiňizmi? Özüňizi dolandyrmagy öwreniň".

"Ody bölüň, has çalt öçürersiňiz".

"Elmydama gaharyňyzy getirýän zatlardan gaça duruň".

Onuň köp maslahatlaryny kagyz ýüzüne ýazyp, affirmasiýa hökmünde ulanyp bilersiňiz. Bu, islendik pikiriň tebigylyga öwrülmegi üçin çuňňur baglanyşmagyň ajaýyp usulydyr.

4. Geraklit "Bölekler" (Heraclitus — The Fragments)

Bu sanawdaky awtorlaryň köpüsi amaly maslahatlara daýanýan bolsalar-da, Geraklit aşa şahyrana bolup görünýär. Şeýle-de bolsa, owadan setirler manydan daşlaşmaýar, aslynda tersine.

Geraklit dürli mowzuklar boýunça köp maslahat berýär: maliýe, häsiýet, paýhas, düşünje, strategiýa.

5. Wiktor Frankl "Adamyň many gözlegi" ( Victor Frankl — Man's search for meaning)

Konsentrasion lagerinde wagt geçiren we ol ýerden aklyny ýitirmän çykan adam. Lagerde ol tussaglykda tükeniksiz metafora öwrülmegiň ýoluny tapýar: ýaşaýyş şertlerimize gözegçilik edip bilemzok diýen ýaly, ýöne olara bolan garaýşymyza we başdan geçirýänlerimizden many çykarmak ukybymyza doly gözegçilik edýäris.

Biziň bagtymyza Frankl dünýä 20-nji asyryň iň möhüm kitaplaryndan birine beren ajaýyp psiholog we ýazyjydy.

6. Monten "Tejribeler" (Montaigne — Essays)

Montene ýokarda agzalan käbir kitaplaryň täsiri bar. Mysal üçin, özi üçin iň möhüm kitaplaryň arasynda ol Geraklitiň "Böleklerini" belläp geçýär. 

Monten ömrüniň ýarysyny özüne we başgalara dürli gyzykly soraglary berip geçiripdir. Mysal üçin, pişik bilen oýnanyňyzda, kim kimiň oýunjagy? Ol alnan jogaplara esaslanyp gysga, öjükdiriji esseler ýazypdyr.

Montene ähli mowzuklar gyzykly bolupdyr we ömrüniň ahyryna çenli bilesigelijilik bilen jogap gözlemekden uly lezzet alypdyr.

7. Ralf Waldo Emerson "Esseler" ( Ralph Waldo Emerson — Essays)

Monteniň "Tejribeleri" bizi pikirlenmäge mejbur edýär, Emersonyň "Esseleri" bolsa hereket etmäge mejbur edýär. Olar durmuşymyza, ahlakly çözgüt tapmaga we mümkinçiliklerimizi durmuşa geçirmäge jogapkärdigimizi ýatladýarlar. Emerson üstünlik we maksadaokgunlylyk üçin özboluşly Amerikan hyjuwyny özünde jemleýär.

Emersony okamadyk bolsaňyz, hökman okaň. Bu pelsepeçi dünýädäki iň akylly adamlar tarapyndan haýran galynýar we olar muny gizlemeýärler: onuň sitatalaryny psihologiýa we içki höwes hakda köp kitapda tapyp bilersiňiz.

Size üstünlik arzuw edýäris!