Tabyn bolmak - Stockholm sendromy

Stockholm sendromy ― psihologiýada ulanylýan bir düşünje bolup, adam ogurlanan, ýesir alnanan ýa-da zorluk astynda saklanylýan ýagdaýlarda pidalaryň özüni zorluk edene garşy däl-de, oňa garşy "duýgudaşlyk" ýa-da "ýakynlyk" duýmagy bilen baglanyşykly ýagdaýdyr.

Sep 25, 2025 - 00:00
Oct 14, 2025 - 11:58
 0  25
Tabyn bolmak - Stockholm sendromy

Bu ýagdaý ilkinji gezek 1973-nji ýylda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherinde bank talaňçylygy wagtynda ýüze çykyp, şol sebäpli hem “Stockholm sendromy” diýip atlandyrylypdyr. Bankda ýesir alnanan adamlar birnäçe günläp talaňçylaryň elinde galypdyrlar we soň halas edilseler-de, talaňçylara garşy däl-de, olara goldaw bildiripdirler, hatda polisiýa garşy çykyş edenler hem bolupdyr.

Esasy aýratynlyklary:

  1. Pida özüni ýesir alana garşy däl-de, oňa duýgudaşlyk edýär.
  2. Zorlugy eden adamyň oňa beren ownuk “mylaýymlyklaryny” uly ýagşylyk ýaly kabul edýär.
  3. Wagtyň geçmegi bilen ýesir alyjy bilen arasynda ynam ýa-da emosional baglanyşyk döreýär.

Käbir ýagdaýlarda pidalar halas edilenden soň hem özüni zorluk edene garşy däl-de, ony gorap çykyş edýärler.

Sebäpleri barada teoriyalar:

  • Pidanyň ýesir alyja doly garaşly ýagdaýda galmagy.
  • Gorky we dowamly psihologiki basyş astynda ýaşaýyş.
  • Adam beýnisiniň “dirilik ugrunda" psihologiki goranma mehanizmleri.

Stockholm sendromy esasan şu ýagdaýlarda ýüze çykýar:

1. Ýesir alma we talaňçylyk – ilkinji mysal hem bank talaňçylygynda ýüze çykypdy.

2. Maşgala içi zorluk – käbir aýallar ýa-da erkekler özlerine zorluk edýän ýanýoldaşlaryna garşy däl-de, olara ýapyşyp ýaşaýarlar.

3. Çagalaryň zorlukly ýagdaýlary – zorluk görýän çaga ene-atasyna ýa-da zorluk edene garşy däl-de, oňa ýapyşyp bilýär.

4. Sekte ýa-da kult ýagdaýlary – adamlar lideriň ýa-da toparyň zorlukly dolandyryş usullaryna garşy däl-de, oňa ynam bildirýärler.

 Bejerilişi we kömek usullary

Stockholm sendromy hassalyk däl, eýsem psihologiki ýagdaýdyr. Şonuň üçin köplenç psihologiýa we psihiatriýa kömegi gerek bolýar:

1. Psihoterapiýa

Psiholog bilen aragatnaşykda pida öz duýgularyny seljerip, ýagdaýa real göz bilen garamagy öwrenýär.

Köp halatda travma terapiýasy ýa-da kognitiw-behavioral terapiýa (KBT) ulanylýar.

2. Topar terapýasy

Şol bir ýagdaýy başdan geçiren adamlar topar bolup duşuşýarlar.

Bu pidanyň özüni ýalňyz duýmazlygyna kömek edýär.

3. Medikamentoz bejergi

Käbir ýagdaýlarda depressiýa, gorky bozulmalary ýa-da ukysyzlyk ýüze çykýar.

Psihiatryň maslahat bermegi bilen antidepressantlar ýa-da anksiolitikler berilýär.

4. Howpsuzlyk we sosial goldaw

Pidanyň ýene şol zorlukly adamyň täsirine düşmezligi üçin daşky şertler hem üýtgedilmelidir.

Maşgala, dostlar ýa-da jemgyýetçilik guramalary tarapyndan goldaw berilmegi möhümdir

Bagty Ykabalymyzy kesgitleýän saýlawlarymyzdyr