Professionallyk - Emosional erkinlik
Hiç Zady Şahsyýetiňe Kabul Etmezlik Sungaty
Adamyň iň uly
emosional ýitgileriniň biri — başgalaryň sözlerini, hereketlerini ýa-da
garaýyşlaryny öz şahsyýetine gönümel hüjüm hökmünde kabul etmekdir. Don Migel
Ruisiň "Dört Ylalaşyk" kitabynda belleýşi ýaly, "Hiç zady
şahsyýetiňe kabul etmezlik" sizi durmuşyň iň agyr zynjyrlaryndan azat
edip biler. Bu ukyp, adamyň içki parahatçylygyny daşarky dünýäniň haosyndan
gorap saklaýan bir galkandyr.
1. Başgalaryň garaýşy Siziň hakykatyňyz däl
"Faktlar
bilen şahsy garaýyşlaryňyzyň arasyny tapawutlandyrmak" örän möhümdir.
Eger kimdir biri size "Siz işiňizi başarmaýarsyňyz" diýse, bu bir
fakt däl-de, şol adamyň subýektiw garaýşydyr. Şeýle ýagdaýda "Başgalaryň
öz meseleleri esasynda hereket edýändigini ýatda saklamak" gerek.
Köplenç adamlaryň gahary ýa-da tankydy siziň bilen däl-de, olaryň öz içki
kynçylyklary, gorkulary ýa-da şol günki şowsuzlyklary bilen baglydyr.
Mysal: Iş ýeriňizde
ýolbaşçyňyz size gaty ses bilen gygyrsa, bu hökman siziň erbet işgärdigiňizi
aňlatmaýar. Belki, ol özi uly basyş astyndadyr ýa-da şahsy durmuşynda kynçylyk
çekýändir.
2. Akylly aragatnaşyk we araçäkler
Köplenç biz
adamlaryň näme pikir edýändigini "çaklaýarys". Bular ýaly ýagdaýda olardan
öýkelemek"Sorag soramaklyk" maslahat berilýär. Çaklamalar
gorky we şübhe döredýär, göni sorag bolsa hakykaty ýüze çykarýar. Şunuň bilen
birlikde, "Sagdyn we aýdyň araçäkleri goýmak" sizi emosional
taýdan ulanylmakdan goraýar. Ýok diýmegi başarmak, öz gymmatyňyzy bilmegiň
ilkinji ädimidir.
3. Içki durnuklylyk we özüňe ynam
Daşarky
dünýäniň täsirine düşmezlik üçin adamyň öz merkezi bolmaly. "Aňly
ýaşaýyş" tejribesi arkaly "şu wagtda" galmak, geçmişiň
ökünçlerinden we geljegiň gorkusyndan sizi halas eder. "Özüňize we
ukyplaryňyza ynanmak" bolsa başgalaryň tankydynyň siziň binýadyňyzy
titretmegine ýol bermez. Eger siz özüňiziň kimdigiňizi we nämä ukyplydygyňyzy
bilseňiz, daşyndan gelýän "ýaramaz sesler" diňe bir fon gürleýşine
öwrüler.
4. Problemalardan çözgütlere tarap
Kyn ýagdaý ýüze
çykanda, köpümiz "Nämä üçin bu meniň başyma geldi?" diýen soraga
berlip, aşa köp oýlanmaga başlaýarys. Muňa derek, "Çözgüde fokuslanmak"
we "Reaksiýa bermezden öň özüňize wagt bermek" paýhaslylygyň
alamatydyr. Gahar bilen berlen jogap köplenç size zyýan berer, emma 10
sekuntlyk dymyşlyk sizi emosional ýalňyşlykdan saklar.
5. Gurşawyň we özüňe söýginiň güýji
Siziň
töweregiňizdäki adamlar siziň emosional saglygyňyza göni täsir edýär. "Size
goldaw berýän adamlar bilen bolmak" we kyn pursatlarda "Özüňize
ideg etmek" siziň ruhy immunitetiňizi güýçlendirýär. Özüňizi söýmek —
bu diňe bir özüňe gowy zatlary alyp bermek däl, eýsem özüňi gereksiz
tankytlardan we zäherli adamlardan goramakdyr.
Netije
Jemläp aýtsak,
şeýleräk pikirlenmek biziň duýgylarymyzyň erkinliginiň kepilidir.
Mysal üçin,
şeýle ýagdaýy göz öňüne getireliň. Siz işde ýolbaşçyňyzdan 1 mesele boýunça bir
zat soradyňyz ol hem Size bir jogap berdi. Jogaby Siziň garaşýan ýa-da
garaşmaýan jogabyňyz bolup biler, tapawudy ýok. Indi şu 3 görnüşde pikirlenmek
has professionallyga ýakyn bolar:
1.“Eger-de men
dälde başga bir işgärimiz şu soragy soran bolsa onda ýolbaşçymyz şuwagtky
jogabyny bererdi.”
2. “Men gelip
şu soragy soran bolsam başga bir ýolbaşçy bolanam bolsa şu jogaby bererdi”
3. “Başga işgär
bilen başga ýolbaşçynyň arasynda şu mesele gozgalanam bolsa netije şuwagtky
berlen jogap ýaly bolardy, sebäbi şu meseläniň çözgüdi şul eken”
Ine şu 3 jogaby
kellämize beýnimize otyrdyp bilen wagtymyz gündelik durmuşdaky meselelerimiziň
80%-e çenli azalýandygyny göreris.
Hiç zady şahsyýetiňe kabul etmezlik, adamyň daşarky dünýäniň "gutusyndan" çykmagyny aňladýar. Bu ukyby ösdürmek bir gijede bolmaýar, ol yzygiderli türgenleşigi talap edýär. Eger-de şularda üstünlikli bolsaňyz onda Siz diňe bir stresden dynman, eýsem öz durmuşyňyzyň hakyky eýesine öwrülersiňiz.
Ýatda
saklaň: Başgalaryň Siziň baradaky pikiri Sizi kesgitlemeýär, ol diňe olaryň
özlerini görkezýär.