Güller - Duýgularyň Owazy
Gül — gözelligiň, söýginiň we mähirli duýgularyň nyşany hasaplanýar. Tebigatyň iň owadan we köptaraply ösümlikleriniň biridir. Gülleriň dürli görnüşleri, reňkleri we yslary bolup, her biri özboluşly duýgyny berýär. Mysal üçin, gyzyl gül söýginiň we wepalylygyň alamaty bolup, ak gül bolsa päkligiň we arassalygyň nyşanydyr. Gülleriň adam psihologiýasyna uly täsiri bolup ol rahatlyk berýär. Güller gadym döwürlerden bäri şahyrlaryň, suratkeşleriň we ýazyjylaryň ylham çeşmesi bolupdyr.
Gülüň taryhy, millionlarça ýyl ozal adamzat taryhyndan öň başlaýar. Koloradodaky Florissant galyndylary gözden geçirilende, gülüň 40 million ýyllykdygy kesgitlenildi. Molekulýar biologlar gülüň DNK-syny gözden geçirenlerinde, gülüň 200 million ýyl öňem bardygyny bellediler.
Aşyk Weýsel “Gülüň gymmaty bolmazdy. Aşyk-magşuk bolmadyk bolsa." diýipdir. Ýöne gülleriň içinden esasy bagül güli millionlarça ýyl ozal entäk adamzat döremänkä bardygyny kesgitlediler. Adamlar ony tapanda durmuşymyzyň ähli ugurlarynda ulanylyp başlandy şonuň üçin gülüň gadyryny has-da aýratyn bilmelidiris.
Gündogar we Günbatar siwilizasiýalarynyň hemmesinde diýen ýaly; Sungatyň her bir ugrunda, gap-gaçlarda, matalarda, mifologiýada, simwoliki manylarda, edebiýatda, şaý-seplerde, süyjiliklerde, goşgularda, aýdymlarda, bag-bakjalarda, seýilgählerde, wazalarymyzda, söýgülilerimiziň elinde, toý edýän gelinlerde diýmek isleýän zadym güller durmuşymyzyň her ýerinde ýer alýar. Başka güllerden tapawutlylykda bagül güli durmuşymyzyň her bir böleginde aýratyn oryn alýar.
Bagül güli Rosaceae maşgalasynyň "Rosa" kökünden bolup köp ýyllyk tikenli gyrymsy agaç ösümligidir. Köp bölekli täç ýapraklardan ybarat bolan gülüň, az ýaprakly, köp gülli, hoşboý ysly, gyzyl, sary, ak we şuňa meňzeş dünýäde reňk taýdan 200-e golaý görnüşiň bardygy we tebigy görnüşlerden başga-da 45,000-den gowrak ösdürilip ýetişdirilýän gibrid görnüşleriň bardygy mälimdir. Watany Anadoly, Eýran we Hytaý hökmünde görkezilse-de; häzirki wagtda gül önümçiligi Marokkoda, Bolgariýada, Hindistanda, Günorta Afrikada, Saud Arabystanda we Müsürde hem gül önümçiligi edilýär.
Gülüň taryhy, millionlarça ýyl ozal adamzat taryhyndan öň başlaýar. Koloradodaky Florissant galyndylary gözden geçirilende, gülüň 40 million ýyllykdygy kesgitlenildi. Molekulýar biologlar gülüň DNK-syny gözden geçirenlerinde, gülüň ýaşyny 200 million ýyl yza äkidipdir diýip bellediler. Bu ajaýyp dälmi?
Gül ýagy antiseptiki we çişmä garşy täsirleri bilen bakteriýalary ýok edip, derini janlandyrýar we ruhy taýdan köşeşdiriji täsir döredýär. Bu adaty lukmançylykda çişmä garşy, infeksiýa we ýarany bejerýär, şeýle hem kelleagyry, gemorroý, aşgazan-içege ulgamynyň çiş kesellerini we myşsa agyrysyny aýyrmak üçin ulanylýar. Gül suwunyň peýdalary derini arassalamagy we deriniň dartylmagyna hem-de deri hasallyklaryny bejermäge kömek edip biler. Bu derä gönüden-göni ulanylyp, tonik hökmünde ulanylyp bilner. Gül suwunyň dürli-dürli ugurlarda ulanyşy bar olar:
Derini ideg etmek: Gül suwy derini arassalamak we tonlamak üçin ulanylyp bilner. Derini köşeşdirip, gyzarygy azaldýar we nemlendirip biler.
Saçlara ideg etmek: Gül suwy kelläniň gijemesini azaldyp, saçyň gurulygy azaldyp biler. Saçyňyza jan goşup, daramagy aňsatlaşdyrýar. Şampunyňyza gül suwyndan birnäçe damja goşup ýa-da saçyňyzy ýuwaňyzda ulanyp bilersiňiz
Iýmit goşundysy: Tebigy minerallary öz içine alýan gül suwy iýmitlere witamin we tagam goşmak üçin ulanylyp bilner. Birnäçe iýmitlerde bolup olar puding, doňdurma ýaly köp sanly şirinliklerde ulanylýar.
Içibem bolar: Hawa, gül suwyny içip bolýar. Gül suwuny içmek, sowuklama we bokurdak agyrylary üçin aýratyn peýdaly bolup durýar. Nerwleri gowşadyp, bedendäki çişleri aýyryp, ýadawlygy azaltýar.
Gül suwuny nädip ýasamaly?
Gül suwuny ýasamak üçin ulanylýan iki esasy usul bar. Bularyň birinjisi takmynan gyzgyn suwda demlenýär, ikinjisi distillasiýa usuly ulanylýar.
Birinji usul gaty ýönekeý. Gül ýapraklary gaýnan suwa (90 ° C töweregi) goýulyp, garaşdyrylýar. Bu işde gury ýa-da täze gül ýapraklary ulanylyp bilner.Gül ýapraklarynyz süzüp, ýakymly ysly gül ýapraklarynyň reňkinde önüm emele gelýär.
Bu usul öýde gül suwuny ýasamak üçin has ileri tutulýar. Şeýle-de bolsa, alnan gül suwunyň saklanyş möhletiniň uzak bolmajakdygyny we önümiň köne bolmanka ulanylmalydygyny bellemelidiris.
Öýde gül suwy etjek bolsaňyz, ýörite enjamlary talap etmeýän ilkinji usuly saýlap bilersiňiz.
Materiallar
1/4 käse guradylan gül ýapragy ýa-da ýarym käse täze gül gül ýapragy
5 stakan suw
Ýasylyşy;
Suw we gül ýapraklaryny kiçi gazanda garmaly.Ony ýapyp gazy açyň, gaýnap başlansoň, ýylylygy iň pes derejä çenli azaldyň.Gül ýapraklary has reňkli we aç-açan bolýança garaşyň. Bu amal 5-10 minut arasynda dowam edýär. Soňra ody öçüriň.
Haçanda uly gül buketini alaňyzda gülüňiziň guramasyny islemeýän bolsaňyz, onda ýokarda bellenilişi ýaly peýdaly önüme öwrüp bilersiňiz!