Openhiemer: Atom bombasynyň kölegesiniň astynda galan adam

"Oppenheimer” filmi adamzat taryhynyň iň howply döwürleriniň birini çuňňur we täsirli görnüşde görkezýän bio­grafik drama filmidir. Filmde XX asyryň iň möhüm alymlaryndan biri bolan J. Robert Oppenheimeriň durmuşy, ylmy işi we onuň ahlak taýdan ýüzbe-ýüz bolan agyr kararları beýan edilýär.

Feb 16, 2026 - 02:07
 0  3
Openhiemer:  Atom bombasynyň kölegesiniň astynda galan adam

Film, Oppenheimeriň ýaşlyk ýyllaryndan başlap, onuň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda alnyp barlan Manhattan Proýekti boýunça ýolbaşçy alym bolmagyna çenli bolan ýoluny görkezýär. Bu taslama atom bombasyny döretmek maksady bilen döredilip, II Jahan urşunyň ugruny düýpgöter üýtgedýär.

Oppenheimer bu taslamanyň ylmy beýnisi bolup, gysga wagtyň içinde ägirt uly tehnologiýany döredýär. Emma bomba üstünlikli synagdan geçirilenden soň, onuň ýüreginde agyr sorag döreýär:

Adamzat üçin peýdalymy bu güýç, ýa-da özüni ýok etmegiň başlangyjymy?

Film diňe bir taryhy wakalary gürrüň bermek bilen çäklenmeýär. Ol şu meseleleri çuňňur açýar:

° Ylmyň jogapkärçiligi

° Adamyň ahlak jogapkärçiligi

° Güýç bilen ynsanperwerligiň arasyndaky gapma-garşylyk

Oppenheimeriň içki göreşi filmiň esasy ruhuny düzýär. Ol bir tarapdan adamzadyň ösüşi üçin ylmy ösdürmek isleýär, beýleki tarapdan bolsa döreden ýaragynyň millionlarça adamy öldürip biljekdigini doly aňýar.

Film çuňňur psihologik atmosferasy, garaňky reňk palitrasy we güýçli sazlary bilen tomaşaçyny öz içine çekýär. Sahnalaryň köpüsi dartgynly, agyr we pikirlenmäge mejbur edýär. Bu film adaty bio­grafiýa däl — bu, adam aňynyň we wyždanynyň synagy.

“Oppenheimer” — bu diňe bir atom bombasynyň taryhy däl. Bu film güýjüň eline düşen adamyň nädip döwlüp bilýändigini görkezýär. Ylmyň çäksiz mümkinçilikleriniň bardygyny subut edýän bu waka, şol bir wagtyň özünde onuň nädip howply bolup biljekdigini hem açyk görkezýär.

Atomic_habits Her gün 1% kämilleş (Jamesclear.com)