Sahnada - auditoriýanyň öňünde çykyş etmek üçin gollanma. 1-nji bölüm (1/2)
Philip E.Bourne "Ten Simple Rules for makiň good oral presentations" atly 2007 ýylda San Diegodaky Kaliforniýa Uniwersitetiniň professorynyň çykyşyndan terjime edilen.
1. Auditoriýany tanamak - beýle diýildigi elbetde Siziň çykyşyňyza gatnaşmaga gelenleriň her birini atma-at tanamaly, ýa-da gözleriniň içine seredip hersi bilen aýratyn göz kontakty gurmalydygyny aňlatmaýar. Eýsem awtor bu ýerde näme diyjek boldyka? Auditoriýany tanamak, çykyşyňyza gatnaşýanlary ýaş aýratynlygyny, okaýan ýa-da işleýän ýerleriniň aýratynlygyny, ýa-da gyzyklanma bildirýän sferalaryny, ýa-da Siziň şol günki çykyşyňyzdan näme garaşyp gelendiklerini bilmek. Bu barada Siz öz çykyşyňyzyň başynda, çykyşyňyzyň gysgaça mazmuny bilen olary tanyşdyryp bilersiňiz. Olaryň gyzyklanma bildirýän ugryndan başga ugurda çykyş etmek, ýa-da Sizden garaşmaýan maglumatlaryny paýlaşmak olara Siziň çykyşyňyzy gyzyksyz eder ýa-da olary Siziň çykyşyňyzdan "ir ýadadar".
2. Az bolsyn uz bolsyn - Delilleriňiz, esaslaryňyz güyçli bolsyn - ylmy delillere daýanýan maglumatlary hökman çeşmesini görkezip aýdyň.
3. Çykyşyňyz ýatda galyjy bolsyn - hatda çykyşyňyzdan 1 hepde soň hem Siziň çykyşyňyzy diňlän birine onuň mazmuny barada soralanda anyk maglumatlar aýdyp biler ýaly derejede aýdyň, gowy, düşnükli bolmagyna üns beriň. Hekaýalar, durmuşda bolan hakyky wakalar has köp ýatda galar. Öz çykyşyňyzdan herkime kiçijik sowgat hem berip bilersiňiz, bu ýüzüne nakyl ýazylan bölejik kagyz hem bolup biler. “Kitap okan wagtyňyz arasyna goýaryňyz” diýip belläp geçmegiňiz hem kitap okamaga itergi berer, hem-de kitap okan wagtlary Siziň sowgadyňyzy ulanarlar we elbetde Sizi we çykyşyňyzy ýatlarlar.
4. Yzygiderliligi goraň - çykyşyň başyndaky berilmeli maglumat soňunda berlip, ýa-da berilýän maglumatlaryň arasyndaky many taýdan yzygiderliligi gorap saklajak boluň. Berilýän maglumatlar, aýdylan nygtalyp geçilen punktlar öz aralarynda berk baglanşygy ýa-da many taýdan yzygiderliligi gorap saklamadyk ýagdaýynda diňleyjiniň ünsüni yitirersiňiz.
5. Çykyş edýän yeriňizi sahna hökmünde göz öňüne getiriň - elbetde çykyşlar özüne çekiji bolmaly, diňleyjiniň ünsüni jemlemek üçin gysga mysallar berilmeli, belki-de arasynda şorta sözler aýdylmaly, emma öte geçmeli däldigini hem ýatdan çykarmaň. Öň köpçülikde çykyş edeniňizde edip görmedik zatlaryňyzy barlap görmäň, oň köpçülikleýin audiotoriýada anekdot aýtmadyk bolsaňyz ony etmäň, hekaýa gürrüň bermekde tejribäňiz ýok bolsa barlap görmäň, netijede tejribesizligiňiz Size wagt yitirdip biler, şonlyk bilenem taýýarlanan we zähmet siňdiren çykyşyňyzdan garaşan netijäňiziň gelmesizligine getirip biler. Iň gowysy 4 nji bölekde bellenenleri sypdyrmakdan ägä bolmak işiňizi aňsatlaşdyrar.