Goraýarysmy ýa-da gowşadýarys?
Goraýarysmy ýa-da gowşadýarys?
Bu makala çagalaryň terbiýesinde goýberilýän inçe ýalňyşlyklar we olaryň netijeleri barada gaty täsirli meseleleri gozgaýar.
1. Çagalarymyza isleýän her bir zadyny oýunjagyny çalt we
tiz wagtda almak bilen olardan garaşmak, gün sanamak arzuw etmek ýaly çagalyk
döwrüniň “mukaddesliklerini” ýa-da hökman ýaşalmaly duýgylaryny ýaşatman, aňsat
ýoldan isleýän zatlaryna gowuşdyrýarys.
2. Gynanmaklaryna, aglamaklaryna ýol bermän ýa-da
göwnüçökgünlik ýagdaýynyň dowam etmegine rugsat bermän, empatiýa etmek
duygylaryny elinden alýarys we kämilleşmegine ýol bermeýäris. Emma empatiýa
duýgysy hem gynanmak, aglamak ýaly duýgylaryň netijesi ösüp kämilleşýän
duýgydyr. Özi gynanan, aglan adam beýleki adamlara şol duýgylary ýaşatmaýyn
diýip, şolaryňam şol gynanjy ýaşamagyna men sebäp bolmaýyn diýip pikirlenýän
eken.
3. Içleriniň gysmagyna rugsat bermän döredijiliklerini,
özleriniň boş wagtlaryny özlerine doldyrtman, hyýaly dünýäleriniň çäklerini
bilmek üçin, hyýaly dünýälerinde täze sahypa açmak üçin wagt bermek wajyp
zatlaryň biridir.
4. Her gezek büdeneklän wagtlary ylgap baryp kömek edip
ýa-da ýykylan batlaryna dessine galdyryp problema çözmek başarnyklaryny ösdürmeklerine
ýol bermeýäris. Problemanyň içine girmänkä biri eýýäm çekip çykarsa onda ol
problemanyň içinde bolmak we problemanyň içinde bolup pikirlenmek duýgylaryny
ösdürip bilmez. Problema çözmek ukybyny kämilleşdirip, şol başarnyklaryny has
hem ösdürjek bolsak onda özleriniň çözmegine ýol bereli.
5. Öz işlerini özlerine etdirmeli, hem-de kiçi ýaşlardan
başlap. Özleriniň işleri edilýän wagty çagalarda we ýetginjeklerde “Eger-de
şuwagt ejem ýa-da kakam bolmadyk bolsa men şu işi başarmazdym, hötdesinden
gelmezdim diýen pikir döreýän eken. Bu pikir bolsa uzagyndan özlerine bolan
ynamyny öldürýän eken.